Güýz, güýz...
GÜÝZ, GÜÝZ...
Gyş göterýä gülberin,
Ýaz göterýä güllerin,
Tälim alyp tomusdan
Güýz sanaýa günlerin.
Güýz sanaýa günlerin,
Güýz günleri geçip dur,
Güýz günleri agaçdan
Ýaprak bolup gaçyp dur.
Ejizleýä ýapraklar,
Güýz şemaly güýjeýä.
Oýa batan agaçlar
Öten ýazy küýseýä.
Gizlenipdir öten ýaz
Ýapraklaryň astyna.
Çykypdyr güýz şemaly
Güýz gününiň kastyna.
Ýaprak bulap agaçlar
Öten ýazy çagyrýa...
Öten ýazyň yzynda
Gara saçlar çalarýa.
Gara saçlar agarýa,
Öten ýazdan derek ýok.
Öten ýazky çynar dur
Öten ýazky derek ýok.
Agaçlaryň gözýaşy
Ýaprak bolup dökülýä,
Ýaprak bolup zemini
Ýapjak bolup dökülýä,
Ýerden gidenýapraklar
Dolanýalar yzyna...
Men bolsam güýz garaşýan
Öten ýazyñ gyzyna;
Öten ýazyň bir güni,
Öten ýazyň bir güli,
Sowgat edip söýgüsin
Goýdy meni bergili.
Bergi galdy üzülmän,
Dessan galdy ýazylman,
Balyk boldy ak goşar —
Serhet galdy bozulman...
Aýra düşen ykballaň
Ýalňyşyny gözlämok...
Güýz gününiň gussasyn
Güýz gününden gizlämok.
Ýerden giden ýapraklar
Dolanýalar yzyna.
Men bolsam güýz garaşýan
Öten ýazyň gyzyna.
Öten ýazyň yzynda
Gara saçlar çalarýa.
Oýa batan agaçlar
Öten ýazy çagyrýa.
Ýere siňýä ýapraklar,
Gara saçlar agarýa.
Agaçlaryň gözýaşy
Göz-görtele azalýa.
Nirä gitdiň öten ýaz,
Näme senden derek ýok?!
Sessiz-üýnsüz çynar dur,
Çawuş çakýan derek ýok.
Ejizleýä ýapraklar,
Güýz şemaly güýjeýä.
Oýa batan agaçlar
Öten ýazy küýseýä...
Şiraly NURMYRADOW
Gyş göterýä gülberin,
Ýaz göterýä güllerin,
Tälim alyp tomusdan
Güýz sanaýa günlerin.
Güýz sanaýa günlerin,
Güýz günleri geçip dur,
Güýz günleri agaçdan
Ýaprak bolup gaçyp dur.
Ejizleýä ýapraklar,
Güýz şemaly güýjeýä.
Oýa batan agaçlar
Öten ýazy küýseýä.
Gizlenipdir öten ýaz
Ýapraklaryň astyna.
Çykypdyr güýz şemaly
Güýz gününiň kastyna.
Ýaprak bulap agaçlar
Öten ýazy çagyrýa...
Öten ýazyň yzynda
Gara saçlar çalarýa.
Gara saçlar agarýa,
Öten ýazdan derek ýok.
Öten ýazky çynar dur
Öten ýazky derek ýok.
Agaçlaryň gözýaşy
Ýaprak bolup dökülýä,
Ýaprak bolup zemini
Ýapjak bolup dökülýä,
Ýerden gidenýapraklar
Dolanýalar yzyna...
Men bolsam güýz garaşýan
Öten ýazyñ gyzyna;
Öten ýazyň bir güni,
Öten ýazyň bir güli,
Sowgat edip söýgüsin
Goýdy meni bergili.
Bergi galdy üzülmän,
Dessan galdy ýazylman,
Balyk boldy ak goşar —
Serhet galdy bozulman...
Aýra düşen ykballaň
Ýalňyşyny gözlämok...
Güýz gününiň gussasyn
Güýz gününden gizlämok.
Ýerden giden ýapraklar
Dolanýalar yzyna.
Men bolsam güýz garaşýan
Öten ýazyň gyzyna.
Öten ýazyň yzynda
Gara saçlar çalarýa.
Oýa batan agaçlar
Öten ýazy çagyrýa.
Ýere siňýä ýapraklar,
Gara saçlar agarýa.
Agaçlaryň gözýaşy
Göz-görtele azalýa.
Nirä gitdiň öten ýaz,
Näme senden derek ýok?!
Sessiz-üýnsüz çynar dur,
Çawuş çakýan derek ýok.
Ejizleýä ýapraklar,
Güýz şemaly güýjeýä.
Oýa batan agaçlar
Öten ýazy küýseýä...
Şiraly NURMYRADOW
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.