Çingiz han we onuň elguşy

ÇINGIZ HAN WE ONUŇ ELGUŞY


Ýaňy-­ýakynda Gazagystanda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolanymda laçyn bilen aw awlanyşyna syn etmek miýesser etdi. Men bu ýerde «aw» sözüniň şu wakada ulanylyşynyň delillendirilişi bara­syndaky gürrüňi uzaldyp oturmaýyn. Bu hadysada diňe tebigatyň bir tapgyrynyň amal edilýändigini belläp geçeýin.
Ýanymda dilmajymyň ýokdugy başga bir ýagdaýda kynçylyk döredibem bilerdi, ýöne bu ýerde welin, meniň bähbidime boldy duruberdi. Dil üsti bilen düşünişmek mümkinçiligim bolmansoň, men hereketlere has köp üns berdim. Ilkibaşda awçynyň ýanyndaky nökerleri aýak çekdiler, onuň özi bolsa olardan beýleräk çekilip, guşuň gözlügini aýyrdy. Men onuň näme üçin hut şol ýerde saklanandygyny bilmeýärdim, muny so­rar ýaly adamam ýokdy.
Laçyn uçup ýokaryk galdy­da, asmanda birnäçe öwrüm edip, birdenkä bar güýji bilen aşaklygyna, jara tarap indi, şol ýerde­-de gözden gaýyp boldy. Golaýyna baranymyzda biz onuň tilkini penjesinde saklap duranyny gördük. Soňra bu hadysa ýene­-de gaýtalandy.
Gaýdyşyn eýýäm maňa garaşyp oturan tanyşlaryma duş geldim. Ahyry maňa nähili ýol bilen laçyna meniň gören zatlarymy ýerine ýetirmäge mejbur etmegi, hususan­da, hojaýynynyň elinde, oňa kaýyl bolup oturmagy (hatda meniň öňünden teletin saralan elimde­de oturmagy — şol sebäplem onuň ýiti dyrnaklaryny ýakyndan synlapdym) nädip öwredip bolýandygy barada sowal bermäge mümkinçilik döredi.
Ýöne şonda-­da düşnükli jogap alyp bilmedim. Olaryň ählisi bu sungatyň arkama-­arka geçip gelýändigini, kakasy ogluna, olam öz nobatynda öz ogluna öwredýändigini, şeýdibem dowam edýändigini gaýtaladylar. Ýöne gözümde galan şol ajaýyp şekiller, garly daglaryň öňünde elinden uçup, awuna topulýan laçynly at­lynyň sudury ömrylla ýadymdan çykmaz.
Mundan başga-­da, ýolbeletleriň biriniň nahar başynda gürrüň beren rowaýaty hakydamda galar.
Bir ýola mongol basybalyjysy Çingiz han öz nöker­ leri bilen awa­-şikara çykýar. Onuň ýaranlary ok-­ýaý bilen ýaraglanyp, özi bolsa eý görýän laçynyny elinde göterip barýar eken. Hiç bir mergen onuň bilen bäsleşip bilmeýär eken, sebäbi aw guşy öz awuny adamyň çykyp bilmejek belentliklerinden uçup barýarka, gözläp tapyp bilýär eken.
Her niçik-­de bolsa, awuň humary başyna urandygy­na garamazdan, olaryň hiç haýsy aw awlap bilmedi. Tamasy çykmadyk Çingiz han leşgeriniň düşlän ýerine gaýdyp gelýär. Gaharyny ýoldaşlaryndan çykarmajak bolubam, nökerlerinden daşlaşýar.
Olar tokaýda gaty kän eglenipdiler. Çingiz hanyň ýadawlykdan hem teşnelikden ýaňa gözleri garaňkyrapdyr. Şol ýyl gurakçylyk zerarly çeşmelerem guran eken, hiç bir ýerden bir owurt suwam tapdyrmandyr, ýöne, ynha, birdenkä — gör­le bu gudraty! — onuň gözi gaýanyň ýüzünden syrygýan inçejik suw akymy­na düşýär.
Şol pursat ol elindäki laçyny düşürýär­de, elmydama ýanynda göterýän kiçeňräk kümüş okarajygyny çykaryp, akymyň aşagyna tutýar, ol tä püre-pür bolýança uzak wagt garaşýar. Emma ol okarajygy agzyna ýetirip ýetirmänkä, laçyn ganaty bilen kakyp, ony ep­esli aralykdaky ýere gaçyrýar.
Çingiz han gazaba münýär. Ýöne ol laçyny biçak gowy görýär eken, üstesine­-de, meger, guşam teşneligiň ejirini çekýändir. Ol okarajygyny ýerden galdyryp, süpürişdirip, akymyň aşagyna tutýar. Ol suwdan ýarpy bolup-­bolmanka, laçyn ony ýe­ne-­de hanyň elinden gaçyrýar.
Çingiz han guşy gaty eý görýänem bolsa, özüne bo­lan beýle sylaşyksyzlyga ýol berip biljek däldi. Kimdir biri bu ýagdaýyň şaýady bolup, soňam esgerlere beýik basybalyjy haýsydyr bir guşuňam temmisini berip bil­medi diýip gürrüň bermegi mümkin.
Ol gylyjyny gynyndan çykaryp, beýleki eli bilenem okarajygy galdyryp, bir suwa, birem laçyna seredip, ony akymyň aşagyna tutýar. Haçan­da okarajykda teşneligiňi gandyrar ýaly suw ýygnananda, laçyn ýene­de ganatyny kakyp okarajygy agdarýar, ýöne bu sapar Çin­giz han gylyjy bilen guşuň gursagyny darka ikä bölýär. Edil şobada hem suwuň akymy kesilip, gurap galyp­dyr. Indi bar güýjüňi jemläp, çeşmäniň gözbaşyna ýet­melidi. Çingiz han gaýa dyrmaşyp başlaýar. Çeşmäni beýle tiz
tapanyna onuň özem haýran galypdyr, ýöne ol ýerde edil suwuň içinde şol jelegaýlardakylaryň iň zäherlisi hasaplanýan öli ýylan ýatyr eken. Eger suwy içen bolsa, han aman galmazdy...
Çingiz han eli öli laçynly leşgerleriniň bolýan ýerine gelýär­de, elguşuň sap altyndan heýkelini taýýarlamagy hem­de onuň bir ganatynda:
«Dostuň, hatda seniň göwnüňe ýakmaýan bir işi edäýende­-de, ol dostuňdyr» diýen sözleri, beýleki ganatynda bolsa, «Gahar-­gazap bilen edilen iş gowulygyň üstünden eltmez» diýen jümläni ýazmagy buýurýar.

Paulo KOELÝA
3 лайков 138 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.