Ene / powest

…1948-nji ýylyň 5-nji oktýabrynyň öýlänidi…
Ýüzi mürşük-mürşük, bili bükülen, hor göwresi sähel şemala-da yrgyldap duran ene asyr bilen ýaşytdaş bolsa-da daşyndan görene: “büý-ä iki sapar togsan ýaşapdyr-ow” diýdirýärdi. Ýekedyz oturyp, geçen ýaz gyrkymyndan galan ýüňi darakdan geçirýän garry zenanyň aňynda başly-barat pikirler bir pursatlyk peýda bolýardylar-da derrewem ýitip gidýärdiler. Durmuşdanam, duýgulardanam, pikirlerdenem juda ýadan garry aň öňki ýaş döwürleri el işe gümra bolanda edişi ýaly, indi öz-özüni süýji geljek hakynda arzuwlardyr-umytlar bilenem, geçmişiň ýakymly ýatlamalary bilenem güýmäp bilmeýärdi.
Wagtynda gorky, howsala, ägirt uly ynam, yhlas, umyt, hyjuw, şatlyk, hasrat dek, birtopar güýçli-güýçli duýgulardandyr soňy gelmeýän, uç çykaryp bolmaýan oýlanmalardan ýaňa hiç haçan rahatlyk diýen zadyň nämedigini bilmedik aň indi halys bolup, uklap galana çalym edýärdi. Ol göýä bolgusyzja, biderejik pikirjikler bilen öz-özüni güýmän bolup ýatana meňzeýärdi. Edil näçe kösense-de, näçe agyrsa-da entegem köşeşmedik ýüregi huwwalaýan ýaly…
“Häzir ýüňi darap bolaryn. Onsoň ikindi namazyny okap, agşamlygyň ugruna çykaryn. Soňam näme, ýassy namazyna çenli ýag çyranyň yşygyna bujagaz ýüňi egrerin-dä…Garaz bir ýüň joraplyg-a bolar. Onsoň şu joraby tikip satanymdan soň-a ýüňüm hem gutaraýýar…Soň nätmeli bolarka?!…
…Wa-eý…”
-Tüf-tüf-tüf!…
Ene reňki solup, göwşüllän köýneginiň ýakasyna elini ýetirdi-de, üç mertebe tüýkürdi. “Nätmekden hudaý saklasyn, toba! Hökman jorap örüp satyp, iýjegiňi tapmalymy?! Hudaý ýetirer bir ýerden… Tüweleme! Uruş sowuldy. Gidenler gaýdyp gelýärler. Il-gün öýüniň eşigini, öz eşigini täzeleýär. Keçe basyşaryn, kilim çitişerin…Garaz-haý il-gün meniň kimin ýere urup ýeke galan garryny ajyndan öldürmez…Indi hudaýa şükür, öňki döwür ýaly däl. Garaz çörek tapdyrýar. Muny il-günde toý-tomgynyň köpeleni hem aýdýar ahbeti. Hanha düýnüň özünde-de köçäniň aýagujunda ýaşaýan garrylar, Halsona bilen Welli kel 39-dan bäri diri ýitig bolan ogullarynyň sag-aman gaýdyp geleni mynasybetli toý tutdular. Ol oglan aýdyşyna görä, nimisi ýeňenlerinden soň gyýyk göz jäpuna garşy hem urşanmyş. Soňam Siwirde ýesirleri saklanmyş…Welli kel garry ömürboýy syrnyhyňam syrnyhy bolup ýaşandyr welin, toýunda-ha elini açdy. Işigindäki ýekeje baggoýnuny ýykyp, daş-töweregi etden doýurdy. Süýjem bolupdyr, sadagasy boldugym!”
Ene darakdan elini aýyrman gözlerini ýumdy. Düýnki naharyň tagamyny täzeden duýjak bolýan deýin, agzyny şapbyldatdy. Toýa söwüş edilen baggoýny göz öňünde janlandyrjak bolup hyýalyna zor saldy. Emma oňa derek garrynyň hakydasynda Welli keliň ýylgyrjaklap duran oglunyň jemaly peýda boldy. Şol bada hem aň hernäçe basalyk berjek bolsa-da oňa baş bermedik kakabaş ýürek sorkuldap-sorkuldap gitdi.
Enäniň gözleriniň öňünde urşa gidip diri gaýyp bolan körpejesi Nurmyradyň bugdaýreňk keşbi peýda boldy. Onuň kükregini nähilidir bir ot ýaly gyzgyn gysaçlar gysýana döndi. Owasyna çöküp köwelip duran, reňksize ýakyn, bulançak gözler çygjardylar-da, ýaňaklaryň gasyn-gasyn hamynyň üstünden durulykdan ýaňa buldurap duran ajy gözýaşlar syrygyp başladylar.
Düýnden bäri etmezlige çalşylýan pikir ýene-de garrynyň aňynda oýandy…”Wah, öz eljagazym bilen iň soňkujamy ugratdym-da…Wah, heleý kemakyllylygym gurasyn! Ýeri öň ol Yssalyn diýilýän ýer ýuwdandan näme gördüň diýsene?! Ilk-ä “baý-gulak” diýip gaýynlaryňy ýer ýuwdana dönderdi. Soňra “dildüwşüge gatnaşyjy” diýip mugallym bolup ýören ulujamy hem-de ýanýoldaşym neressäni 37-de ýurtdan çykardylar. Ekleýjilerimiz alnandan soňra gedaýa dönen bizi bolsa “halkyň duşmanlarynyň masgalasy” diýip bir ýekirdiler, bir ýekirdiler. Onsoň şeýdip asuda maşgalaňy tüweleýiň demine düşen gummaýraga dönderen ýalmawuzdan ýamanlykdan başga näme hantama bolduň diýsene?!
Wah, şu zatlary diýdimem-le, balama! “oglum, ata-babaňy gabra dykanlaryň öňünde borjuň ýokdur” diýsemem, neressäm şol akýürekliligi-dä. “Hä-hawa” diýmegiň deregine gaýta: “Beý diýme eje,” diýýär, “Men ahyrsoňy ol öňki ýalňyşlyklaryň üstüniň açylyp, Jumany hem kakamy azat etjekdiklerine ynanýaryn. Häzir bolsa ýurdy bu gelen nägehandan halas etmeli. Ýogsa ol giden ili gaty harap eder” diýýär. Hanha, şeýle diýibem dirije gitdi. Ondan galan zadam diňe “dereksiz ýitdi” diýen sygryň dili ýaly kagyz…Wah, balajygym, heý çykmazmykaň?! Heý, gelmersiňmi?! Kyrk sekiz ýaşda ülhit garra dönen ejeňi beýdip diri maslyk bolup ýörmekden heý gutarmazmykaň?!…”
Aşa tolgunan enäniň gözleri gözýaşdan ýaňa ümezläp gidenden soň ol daragy görmän, işini taşlady-da, başyny aşak egdi. Gözlerini ýumdy. Şol pille-de her sapar şeýle bolanda bolşy deýin, körpejesi Nurmyrat öňünde peýda boldy. Özem hemişekisi dek ýene-de onuň ýanyna bir-iki ädim ýetmän togtady. Garry zenan gabaklaryny göterse oglunyň zym-zyýat boljakdygyny bilýändigi üçin gözüni açman büzük dodaklaryny müňküldedip, pyşyrdady:
-Oglum, näme ol taýda duruberdiň-le? Gel, ahyry ýanyma!
Nurmyrat ýüzüni sallady-da, jogap gaýtardy:
-Ýanyňa barsam aglaýarsyň ahyry, eje!
-Wah, aglamaýyn, Nurmyrat jan! Ine gaýta öňkülerimi hem süpüreýin! Ine, ine!-diýip öz aňynyň döreden salgymyna aldanýan garry, gözlerini birmahal çüýräp giden, eleme-deşik ýeňi bilen süpürişdirdi. Emma gözýaşlar guramakdan geçen, gaýta beter çogup çykdylar. Muny gören Nurmyrat birdenkä iki eli bilen ýüzüni ýapdy-da, hamsygyp goýberdi:
-Aglama ahyry, eje jan! Sen ýene-de aglaýarsyň-a! Beýtme ahyry, meni, eje!-diýende onuň sesi agyly çykdy.
Jigerbendiniň zarynlaýşyna ýüregi para-para bolan ene gollaryny giň gerdi-de, gujagyny açdy:
-Wah, balajygym, men guraýyn! Aglasam aglaplar geçeýin-le! Gel ahyry! Seni bagryma bir basaýyn-la! Indi ýedi ýyldyr seni aýatda görmänime…
Emma Nurmyrat ýuwaşlyk bilen ondan barha daşlaşyp barýardy:
-Aglama eje, aglasaň men gitmeli bolýaryn!
-Wah, jan balam, gitmäý-dä!-diýip ene ogluny saklajak bolup ümzügini öňe atdy. Şol pursadam enäniň ýeňsesinden duýdansyz eşidilen pessaýdan gussaly ses gözlerini ýalpa açmaga mejbur etdi.
-Meni welin, ýatlamaýarsyňam-da, eje jan!
Ene bu owazy bada-bat tanady. Bu Jumanyň sesidi.
Ol tarsa ýerinden turdy-da, ýeňsesine öwrüldi. Emma ol ýerde buýr-bulaşyk şahalaryny ýeliň ugruna ykjadyp oturan garry tut agajyndan başga hiç zat ýokdy. Özüniň hemişekisi ýaly ýene-de bir gezek hyýalynyň oýnuna aldanandygyna düşünen ene birden gurruk guýy deý boşap galan gözlerini berk ýumdy. Daragynyň başyna çökdi. Soňam birhili gazaply hyruç bilen ýüň tüýdüp ugrady. Edil iki penje ýüňi tüýdüp-tüýtmänem, birdenkä ýüňli eli bilen ýüň daragy pyzyp goýberdi. Aýalary bilen ýüzüni ýapybam bir sykym bolup ýygryldy-da, bady-baran aglap başlady:
-Wah, Juma jan! Wah, nurana ýüzli, derek boýly balajygym! Wah, Nurmyrat jan! Gözümiň doýup ýetişmedik röwşeni!…Hudaýym ýer ýuwutsyn! Şu Yssalyn diýen ýurt ýykan ganhoram, onuň agzy ganly köpegi Ỳežöwam…Hudaýym dirikä-hä el-aýagyny şel açdyryp, kösäp almasaň, öleninden soňam nesilleri mazaryna tüýkürmese, senden o dünýä bu dünýä yrza bolmaryn. Ol Nurmyrat janymy iki jahan owarrasy eden albassy sypat paşis-ä (faşist) dowzahyň odunda ýakyp kül etseňem, çaga öldüren Ýezit şanyň eline berseňem azdyr…Hudaýym ikisem pällerinden tapasy…
Şeýdip ene tä ysgyny gidýänçä aglap-eňräp, gargynyp oturdy. Oňa çenli garaňkam gatlyşdy. Töwerek garaňkyrap ugranyndan soň ene-de assa-ýuwaş köşeşdi. Ýöne şonda-da aglamasyny goýanyndan soň hem göwnüne bolmasa bir ýerden Nurmyrat ýa-da Juma çykaýjak ýaly bolup esli oturdy. Ahbetinem daşarynyň çigregine üşäp, zatlaryny ýygnaşdyrdy-da:
-Eý hudaý jan-eý, özüň gowusyny edewer!-diýip on ädim beýle ýanynda garalyp duran kepbesine ýöneldi.
Kepbesine giribem garaňkynyň içinde öz aýaklarynadyr, düz ýere büdräp-südenekläp, goýan ýerinden nebit çyrany hem otlyçöpi aldy-da, içerini ýagtyltdy. Ölügsije yşyga öýüň içi garaz aýyl-saýyl eder ýaly boldy. Içeriniň arassaçylygynyň başdan aýlanyp urlandygy göz-görteledi. Kepbäniň üsti basyrylan hyşa-sazaklar üçekden çykyşyp durdylar. Olardan asyl-asyl bolup sallanyşyp duran möý kereplerem gapynyň yşlaryndan girýän şemala galgaşyp, gowy suwalmadyk, palçyk diwaryň jaýryklarynyň ýüzüne täsin-täsin kölegeleri düşürýärdiler. Tördäki ojagyň tüssesinden ýaňa hüýt-gara bolan diwaryň ýüzünden bolsa ýagta çykan möýlerdir-aslar, sudurlary bilen birlikde äpet bir zat ýaly bolup, zymdyrylyp geçýärdiler-de, başga jaýryga sümlüp, ýitip gidýärdiler.
Kepbäniň dyzboýy aşak gazylan astyna düşelen üç-dört sany köne keçäniň ýyrtyklaryndan bolsa gaty ýer garamtyldan ak tegmilt bolup görünýärdi. Çaň-kirşen basan keçeleriň üstünde-de garaňkynyň gatlyşandygyna garamazdan henizem hinlerine ýygnanmadyk garynjalar eýläk-beýläk, ibirtde-zibirt gezişip ýördüler. Dulda bolsa öýüň barja goş-golamy jemlenendi.
Hatda darakdan geçirmäge-de ýaramsyz bolan hapa ýüňden doly, çüýrük torba, içinde iki gysym un galan torba görä täzeräk çuwal, bitläp giden, güýe iýen içmek, düňderilgi ýatan gulagy döwük gazan, iki-üç sany çemçesi içinde ýatan oňat ýuwulmadyk okara we içi tozanly kesmek bilen kesmekläp duran nahar galyndyly çanak hem jürnügi moý açan toýun çäýnek bilen iki sany-da käse…Onsoňam ençeme ýerinden deşikleri berçinlenen, orsuň getiren demir setili.
Kepbäniň içi dymyljak, porsy ys bilen aňkap durdy. Ýöne haçandan bäri endamyna suw degmändigi üçin özi hem der, kir ysy bilen porsap durandygy zerarly ene bu ysy duýmady. Ýagçyranyň şöhlesine içerik gözüniň gyýtagyny aýlap çykan ene bu hapaçylyga başyny ýaýkady-da:
-Eý hudaý-eý! Biliňde gurbat bolmasa, aňyňdan şatlyk-höwes gideninden soň edil ýöne, doňza dönäýýän ekeniň-ow!-diýip eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. Soňra dilini jukguldadyp, ýene-de üstüne goşdy:
-Juk-juk…Şu hasylygy görüp heý, ynanar ýalymy diýsene, birmahallar gül ysyny kükedýän gyz bolandygyňa, öpüp-ogşap doýup bolmaýan tämizje balajyklaryny daşyna toplap, aý dek bolup oturan gelin bolandygyňa…Heý, ynanar ýalymy?!
“Balajyklary” diýeninde enäniň ýadyna ýene-de ogullary düşdi. Ýene-de döşünde ýakymsyz alas-gopaslyk döredi. Öz ýagdaýyndan gorkup giden garry özüne basalyk bermäge, rahatlanmaga gyssandy. Birsellem gözüni bir nokada dikip, dikilgazyk bolup duransoň, ahyry köşeşdi-de, ikindi namazy ýadyna düşüp, daşaryk ýöneldi. Çykdy. Çöňelen gözlerine zor salyp, itenek-çomanak hereketleri bilen zordan sapy ýok kündügini tapdy-da, yrgyldadyp gördi. Kündügiň içindäki suwuň “julkuldysyndan” “dola-bara bar öýdýän” diýen pikir bilen täret kylmaga ugrady.
Täret kylyp, soňra namaz okap güýmenýänçä garaňky hem mazaly gatlyşdy. Ene namazlyk edinýän köne başatgyjyny düýrläp, tördäki ojakdan daşraga zyňanyndan soňra, indi näme etjegini bilmeýän ýaly birsalym muňalyp oturdy. Ahyrynam açlyk özüniň bardygyny duýdurdymy nämemi yra-dara ýerinden turdy-da, ojagyň gapdalynda kiçijek üýşmek bolup ýatan odunlardan aldy we kükürt çyzdy.
Çig kerpiçden örülen tüsseçykaryň tüssäni düzüwli çekmeýändigi zerarly içerini dessine ajy tüsse tutdy. Oduň ýagtysyna gurumdan ýaňa syrçalanan ýaly ýaldyraýan dört diwaryň arasynda, tüssä boglup, gazany suwa çaýkap, oduň üstüne goýýan enäniň gaýmalap ýörşi ertekilerdäki ýekemen kempirleriň bolşuna çalym edýärdi.
Gazan gyzanyndan soňra içindäki nahar hem “jyzyrdap” başlady. Ene bolsa aşak çökdi-de sandyr-sandyr edip duran kellesini otdan goramak üçin keseräk tutup, çemçesi bilen nahary bulaşdyryp başlady. “Ind-ä gyzandyr-da, janlarym!” diýip gazany otdan aýyrmakçy bolany hem şoldy welin, birdenkä tüsseçykardan gaçan as “pat” edip gyzgyn naharyň ortarasyna düşdi. Muňa enäniň jany ýandy:
-Häý, wäheri ýanan haramy! Gazandan başga gaçmaga ýer tapmadyňmy diýsene?! Bu günküje nesibämi harama çykardy-ow!- diýip ene gargyndy-da, özüni lampa aşak goýberdi. Bir çäýnek çaý içim salym hem gazandaky nahara gynanyp oturdy. Ahbetinem:
-Beýdip oturanyňdan peýda ýok-la, indi dökäýmeseň alajyň näme?-diýip hüňürdeşdirdi-de, gazany zoraýakdan göterip daşary çykdy. Patdyk-putduk ýöräp, garry tuduň düýbüne eltdi-de:
-It-guşuň ryzkyna bolan zatdyr-da!-diýip döküp goýberdi. Gazany öýe-de saljak bolman kündügiň gapdalyna düňderdi.
Sümelgesine dolanybam başga zady bolmansoň görgüli, gaty-guty çörekdir, gurt, sök bilen ýürekselik edindi-de, ýene-de ýüň daragyň başyna geçdi. Ysgynsyz ellerini titredibem, hälki galanja ýüňüni tüýdüp ugrady.

xxxxx

Birsalym başyny galdyrman işledi. Ýöne işledigisaýy ýadap, elleriniň hereketini haýalladyp başlady. Hereketi haýalladygyça-da häli gozgalaň tapan aň her dürli pikirleri oýaryp ugrady. “Şü Alla janyň türkmen hatyny pahyra el hünärini bereni hem oňat bolaýpdyr. Şu tikin-çatyny dagy bolmasa bu zenan görgüli özüni nämä siňdirjegini hem bilmejek ekeni. Erkek kişä-hä näme, at müner, zähmet çeker, gezer, ýurt görer… Garaz özüni güýmemäge zat tapar. Sebäbi ol erkin. Ýöne heleý görgüli näme etsin? Ähli gizlin-gizlin pikir-hyýallaryny, ýaşyryn syrlaryny nepis-näzik keşdelerdir, owadan-owadan nagyşlara siňdiräýmese nädip özüni egissin?!…
Äý ýöne, aýal üçin ýene-de çagalary hem bar ahbeti…”
“Çagalary” diýen söz enä ýene-de Juma bilen Nurmyrady ýatlatdy. Emma bu gezek näme üçindir ýürek howsala tapmady. Ol diňe ynjy bilen, çalaja sanjyp-sanjyp gitdi. “Juma jan bilen Nurmyrat jan!… Ol hem şolara ähli ulanylman galyp, baslygan yhlasyny siňdiripdi. Ýaş gursagynda döräp, ýöne paýlaşmaga diri adam tapylman gemre baglap giden, juwan köňlüniň juwan duýgularynyň ählijesi çüýräp gitmän, Juma jan bilen Nurmyrat jana nesip edipdi… Ýene-de…Ýene-de şol haram tula…”
Enäniň aňy gahar-gazap bilen “jaslap” gitdi. “Ýeri ol aýgyr kemçin nirden kelläme geldi diýsene. Indi ol loly aýbygadymy ýatlamagyň özem hudaýyň öňünde günä gazanmakdyr.”
Emma näçe gahary gelse-de, näme pikir etse-de ene Jumanyň aşak ýanyndaky gyzy, Keýikjemaly hakydasyna getirmän bilmedi. Ünsüni hernäçe başga zada sowjak bolsa-da bir almany iki bölen ýaly özüne meňzäp duran gyzynyň aýyň bölegi deýin keşbi şol göz öňüne geldi durdy…
Keýikjemal çaga döwürleri-de gaty täsin gyzjagaz bolupdy. Ol beýleki çagalar ýaly, ýüregindäkini diline alyp ýörmezdi. Gaýta gizlärdi. Ýaşajyk göwnüni gozgalaňa salýan duýgulardyr-pikirleri jahan ýüzüniň iň gymmatly hazynasy deýin olary hiç kim bilen, hatda meniň bilenem paýlaşmazdy. Deň-duşlary bilen-ä asylam…
Dogrusy başga zatda onuň hereketlerinde beýleki çagalaryňkydan üýtgeşik zady hem ýokdy. Ýaşytdaş gyzjagazlary bilenem oýnardy. Birtopar mata gyýkyndalarydyr-köne esgileri toplap, “gurjak-goş-a” hem güýmenerdi. Gyzlara mahsus häsiýet, tikin-çatynadyr, biş-düşe-de höwes ederdi.
Ýöne içki dünýäsini hemmelerden ýaşyrmak hem-de gijelerine düşegine geçeninden soň gözüni bir nokada dikip arzuw edip ýatmak häsiýeti welin, onda juda güýçli ösendi…Özem nämäniň pikirini, nämäniň arzuwyny edýär, haýsy gyzykly albaý bilen hyýalyny güýmeýär?!…Alla bilsin! Haçan görseň çete çekilip oýa batyp oturandyr, ýa-da gijelerine gözüni dikmaýtaryna dikip şol ýatandyr. Şeýle pursatlaram Keýikjemalyň ýüzünde diňe lezzet bolardy.
Gyzynyň bu arzuwçyllyk endigi ýetişip, göze görnüp başlanyndan soňra hem galmady. Belki belanyň körügi hem şol hyýalbentligi bolandyr?! Belki şol süýji arzuwlaryny durmuşa geçirjek bolup hem Keýikjemal ýoluny urduryp iliň gözünden düşendir?!... Kim bilýär?! Muny indi anyklajak gümanyň ýok…
Belki-de gyzynyň şeýle bolmagyna, halal nikaly äriniň başyna ýetdirip, il-halkyň jellady bilen binika ýaşaşyp ýörmegine onuň özi günäkärdir?!…
Aňynda dörän bu täze pikirden ene gorkup, tisginip gitdi. Uýaldy. Ol bir aýyp işi ýüzüne basylýan ýaly, bu pikiri we göwnünde oýanan günäli adamyň müýnli duýgusyny derrew özünden kowmaga howlukdy. “Hudaý saklawersin! Daş edewersin! Ýok-la, heý, ene-de bir öz perzendine ýamanlyk edermi? Haýsy ene öz bagryndan önen zürýadyny azgynlyga itersin?!…”
Emma wyždanyny köşeşdirjek bolup şunça çytraşsa-da, ökünçli utançdan doly oýlanmalar enä per bermediler. Belki,…Dogrudanam onuň özi Keýikjemalyň şeýle bolmagyna sebäpkär bolandyr?!…Şol sapar şeýtmedik bolsa arzuwçyl gyzjagazynyň durmuşy beýle bolmasa-da bolmazlygy ahmaldy…
Enäniň göz öňünde mundan on-on iki ýyl ozalky wakalar janlandy…
…Otuz bäşmi, otuz altynjymy ýyldy. Keýikjemalyň ýaňy açylan gunça meňzeýän, on ýedi ýaşly döwrüdi…Şol gije ol ýatyp bilmän aýakýoluna gidip gelmek üçin daşaryk çykdy. Ýaňy bir öýüň ýeňsesine aýlanany hem şoldy welin, birdenkä garry tuduň düýbünde duran iki sany gara gözi düşdi. Olaryň hümürdisini eşidenindenem biriniň-ä Keýikjemaldygyny, beýlekisiniň hem bir nätanyş erkek kişidigini tanady. Şonda ilki bir gidip Jumany hem kakalaryny turzaýyn hem diýip niýet edindi. Emma bada-bat akylyna aýlanyp, goh turuzsa ile masgara boljakdyklaryna düşündi. “Häý, ýaşy kesilmişler!” diýip olara eşidiler ýaly, ýöne assarak gygyryp, üstlerine gaýtdy.
Nätanyş gaçdy. Gyzy bolsa ejesini tanap düýrükdi. Şonda ol gyzyny baý, urmak-urandyr-a…Kesewi bilen saýgylap-saýgylap, endamyny gök-nil edip taşlady. Ýöne näçe ýençse-de, näçe jibrinse-de ärinedir-ogullaryna bolup geçýän zatlaryň sepini bildirmedi. Näme bolan hem bolsa eneli-gyz ikisiniň arasynda gömlüp galdy. Nätanşyň kimdigini biljek bolup hem gyzyny köp çürkedi. Emma gyzynyň özi-de ol hakda düzüwli zat aýdyp bilmedi. Diňe bir dilinden sypdyrany: “pylanylaryň toýunda tanyşdyk” boldy.
Şondan soň ol gyzyny çaltrak ýerlemese bolmajagyny duýup Keýikjemalyň başyny bogdurmagyň ugruna çykdy. Şol mahallar olara gyzyny diläp Mireweden* bir daşkyrak garyndaşlary gelýärdiler. Ol bolsa birki gezek sawçylara oňly jogap bermän: “gyzymyzy ýaşrak görýäris, oýlanyşalyň” diýip gümürtik edip goýberipdi. Şol wagt bolsa ol gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy dek şolary ýadyna salypdy. Ärine duýdurmanam, assyrynlyk bilen olara “geliberiň” diýip habar ugradypdy.
Kän wagt geçmänkä-de kejebeläp, atbaşçy bilen gyzyny ugratdy. Şonda ol: “bir uly aladadan” sypandygyna şükür edip, uludan demini alypdy. Gyzyň ahmyr bilen balkyldaýan ýaşly gözleri, ýüzünde doňup galan ölüme äkidilýän adamyň boýunalyklygy deýin takdyra ten bermek bolsa gözüne-de ilmändi. Asla gyzynyň ýagdaýyna düşünmek hem islemändi. Ol mahal bar pikiri ile peçan bolmazlykdy. Jumanyň, Nurmyradyň, ýanýoldaşynyň ýüzlerini ýere salmazlykdy…
Keýikjemal baran ýerinde ilki bada erbedem ýaşamady. Gaýtardylar. Soň äkitdiler. Günlerde bir günem…
Soňky bolan zatlary ýatlanynda enäniň ini düýrükdi. On iki süňňi bilen gagşap gitdi. Emma şonda-da şol gorkunç günleri ýatlaman bilmedi…
Ilk-ä obalardan öňe düşýänräk adamlar şähere çagyrylyp, yzlaryna gelmän ugradylar. “Halkyň duşmany, baý-gulak, içaly” diýen sözler ýygy-ýygydan eşidilip başlady. Bir günem Keýikjemalyň garryja gaýny erbet habar bilen geldi…Işikden giren ýerinde ýagyrnysyny diwara berdi-de, bir sykym bolup çugutdyryp oturdy. “Haşlap” uludan bir demini alybam, ogluny, ärini “eňkewedäň”* ýygnandygyny, Keýikjemalyň bolsa bir hepde bäri “eňkewedäň” başlygy bilen ýaşaşyp ýörendigini aýtdy…Ine şonda-da onuň hakydasyna şol gijeki nätanyş gaçgak düşdi...Gudasy görgüli bolsa aglamak-aglady. Gözleri dagy gyzaryp gitdi…
Soňra Keýikjemala elleri deger ýaly bolmady. Ilk-ä ýanýoldaşyny “ene-atasy baý-gulak bolan” diýip ýygnadylar. Soň Jumany “dildüwşüji” diýip yzsyz-tozsuz gürüm-jürüm etdiler. Şonda ol halys ruhdan düşüp, Keýikjemalyň ýanyna baraýynam, aýagyna ýykylaýynam bir diýdi. Emma körpesi goýbermedi. Ýaňy murty taban jahyl bolsa-da: “Eje, öňlerinde kiçelseň ikisiniňem damagyny çalaryn” diýip haýbat atdy. Onsoň ýalňyz umydyny hem aldyraryn gorkusy bilen gitmedi.
Keýikjemaldan bolsa tä urşuň üçünji ýylyna çenli habar-hatyr bolmady. Bulaşyp ýörenini Ahalda eden zalymlyklary üçin beýgeldip, Mara geçirenlerinden soň-a asyl ol ýatdan hem çykaňkyrlady. Ýöne urşuň üçünji ýylynda welin, ol açlykdan “öldüm-öldüm” diýeninde Keýikjemal işiginde peýda boldy…
Enäniň hyýalynda gyzynyň şol günki owadan, ýalpyldap duran köýnegi hem-de horluk görmedik, ter ýüzüne hasam gelşik berýän, balkyldap duran, gara gözleri geldi. Gyzynyň görmegeýligi onda nähilidir bir buýsanja kybapdaş duýguny oýardy. Emma bu duýgy ýeke pursatlyk gymyldady-da, dessine hem ýitip gitdi. Oňa derek bolsa gyzynyň gülläp duran jemalynyň gapdaly bilen bir sykym bolup zarynlaýan gudasy görgüli, ýitirim edilen Juma hem-de beýleki neresseler, şol pille açlykdan ýaňa syryljap ýatan goňşulary peýda boldular…
Emma näme üçindir bu sapar enede hemişekisi ýaly gazap oýanmady. Ýöne welin, bu gezek oýanmasa-da, şonda gahar onuň süňňüni sandyradypdy. Öýüň bir burçunda buruljyrap ýatyrdy welin, gyzyna gözi düşeninden nireden güýç tapyp, nädip dikelenini özem duýman galdy.
-Näme üçin geldiň? Nädip gelmäge het etdiň, ysnady?!-diýip jabjynanda Keýikjemalyň gül ýüzüni hazanyň aňzagy dalan dek bolupdy. Emma şonda-da ol ýüzüne almadyksyrady. Syr bildirmedi. Gaýta güler ýüz bilen getiren iýer-içer ýaly zatlaryny törde çykaryşdyrdy.
-Eje, gaharlanmasana, men ine, saňa azyk-owkat getirdim. Horlanýansyň öýdüp geläýdim. Öýmüzem gum basypdyr. Zeleli ýok-la, häzir gül pürkülen ýaly edäýerin…-diýip pyşyrdapdy.
Ol bolsa muňa hasam möwç alypdy.
-Çyk! Deýýus, haramzada! Indi maňa gana ýugrulan nanyňy iýdirjek bolýarmyň?!-diýip öňe-öňe omzap, gyzynyň üstüne çöwjäpdi. Şondan soň gyzy göwnüne deglen çagajyk kimin, müzzerlip, çykyp gidipdi. Ol hem yzyndan gygyryp-gygyryp galypdy.
Emma “gana ýugrulan” diýse-de, näme diýse-de açlykdan ýoldaş bolmajak ekeni. Iýmejek bolup bir sagat çydady. Iki sagat çydady. Gün ýaşýança çydady. Iňrik garalandan soň bolsa öz-özünden utanýan ýaly, kemsidilmekden, ejizlikden, depgilenmekden ýaňa aglap-aglap, Keýikjemalyň getiren zatlaryny gözýaşyna garyp, iýip başlady…Iýdi. Edil şol ýok edilen neresseleriň, uruş zerarly açlykdan ölýän adamlaryň etini iýýän ýaly bolup, iýdi…
…Bu wakany ýatlanynda enäniň ýüregi bulanyp gitdi. Hälkije ýürekselik edinen gaty-guty çöregi bokurdagyna geleninden soň, ol ýüň daragyny taşlady-da, dyzanaklap, daşaryk alňasady. Gyssanjyna daşaryk hem çykman bosagadan boýnuny uzadyp, aşak egildi. Ýöne ögese-de gaýtarmady. Gaýta çigreklije, arassa howa ýüzüne uranyndan soň nepesi düzelip, ýüň daragynyň başyna gaýdyp geldi. Birsellem hem hiç zadyň pikirini etmän, ýüň tüýtdi. Ýöne işledigisaýy ýene-de oý-pikirleri herekete girip ugradylar…
Ýogsa-da näme üçin gyzy şeýle bolduka? Oňa erbet terbiýe-de berilmedi ahbeti. Ýa ony şol gezek urman-ýençmän şu mahalky bulaşyp ýörenine nikalap bermelidikmi?! Ýöne şol wagtam “eňkewedäň” başlygy bolmasa-da işgäridi ahyry. Diýmek ökünsem hem ökünmesem hem bu ýerde meniň günäm ýok. Onda kim günäkär? Maňlaýyna ýazylanymy? Haýsy doňýürek perişde beýle şum ýazgydy meniň akýürekli, arzuwçyl gyzjagazymyň maňlaýyna ýazdyka? Näme Haktagala bu bolan zatlary görmeýärmikä?
Adamlaryň ähli pikirleri-duýgulary olaryň kalbyna Hudaýtagalanyň emri bilen salynýan bolsa, Biribar nädip gyzymyň ýüreginde şeýle jellada höwes döretmäge ony dözdükä? “Hudaý” diýmek ilki bilen “adalat” diýmek dälmi? Bu ýerde bolsa hany adalat? Eger ol ýok bolsa, onda diýmek Hudaýam ýokdur… Eý, Hudaý-eý!…
Öz pikirinden enäniň özi elheder aldy. Bu küpür gepi üçin Haktagalanyň öz başyna nä günleri saljakdygy hakynda oýlananda bolsa enäniň süňňi sandyrady. Edil Hudaý bada-bat özünden ar almaga girişiberjek ýaly durkuny wehim gaplady. Şol wagtam aňynda peýda bolan bir ýaňsyly pikir ony öz gorkusyna seňrigini ýygyrmaga mejbur etdi. “Ýeri, Hudaý indi ýanyp duran ot bolup, ony ýakyp-ýandyryp kül edäýeninde-de, mundan beter oňa näme etsin?!…Barça zadyny alyp, onuň ýalňyz özüni jahanyň orruk-ortarasynda gugardyp goýdy ahyry. Indi ol oňa näme etsin? Edäýjegi, janyny alar-da! Ondanam bir jeza bolarmy?…Dogrusy, eger-de Nurmyrat janyň bir ýerden çykjagyna sähelçejik umydy körän bolup durmasady, birmahal özüni bu ýalançynyň azabyndan dyndarmagyň alajyny tapardy…”
Emma ene her näçe gaharly hem ajy oýlansa-da ganyna siňen endigine eýerip, içinden üç mertebe toba etmän bilmedi. “Toba, toba, toba! Hudaýdan bir nadyl bolup, daş düşmäweräýin! Alladan dilgir bolup, onuň edenine gynanyp-gaharlanmak musulmana gelişmez hem, dürsem däldir. Toba, Hudaý jan! Şeýtanyň alyna gidenim üçin men pakyryň günäsini öteweri!”
Ýöne içinden nähili ökünçli pikir öwürse-de, ene bu sözleriň ýürekden däldigini duýýardy. Bu oýlar ýöne bir, ýönekeý ätiýaçlyk üçin, öz bähbidiňi arap Perwerdigäriň öňünde sapalak atmakdy. Emma bu zatlara gaty oňat düşünse-de ene üýtgeşik bir janyny agyrtmady. Diňe:
-Beterinden beteri bardyr. Şondan Allanyň özi gorasyn!-diýip ýene-de işine gümra boluberdi.

1999ý.

"Edebiýat we sungat" gazetiniň 2005-nji ýyldaky sanlarynda çap edildi.
4 лайков 190 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.