Gyzgynjak goşgy.Eliñizi ýakaýmañ :))

Dymma sen!

Tekrarlaýabilmen özge pikiri,
Hem özge şahyrlañ şygyrlaryny.
Hut sözleýşiñ içre duýmak isleýän
Ruhuñ päl-niýetin,pygyllaryny,
Ahmyryñ,
ynanjyñ
etsem-petsemiñ,
Pynhan hyýallaryñ gül dänelerin.
Gözden syzýanlara ýok garşylygym.
(Olar kimin düşbi bolman bilerin)

Bolanymda näme?
Gyz göwni dälmi?!
Dillenmeseñ mümkin yza tesmegim.
Düşünäý barybir,eşdesim gelýär
Zybanyñda sazlaşyşyn sesleriñ.

Päsgel berme,goý,ýardam ber,başarsañ
Pikir söze,sözler jümlä gowuşsyn.
Bilmek eziz bo:rdy,meñ üçin sözleñ
Şirinden-şirinin saýlap goýuşyñ.

Iñ naýbaşy eserlere,kitaba
Deñäp bilmen kelamlaryñ gymmatyn!
Goý diýsinler "Söz zerur däl söýgide"
Dymma sen!


Mahym Nurgeldiýewa.
05.10.22 ý.


10 лайков 364 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
05 окт 2022, 23:29
??❤❤❤❤
yusupahmet75
06 окт 2022, 00:32
Mahym goshgylryny gowy yazyar.
Nazar
06 окт 2022, 01:01
Dymma sen onna :)
Nazar
06 окт 2022, 01:04
Akgynly okalyar. Nobeliň edebiyat boyunca laureatlygyna hödürlenip bilinjek 100-sany goşgynyň içinden saylansa gerek. (Eger yewropada goşgynyň manysyna asyl dilinde ýazylşyndaky manysyny duýup bilseler :))
Belki
Автор 06 окт 2022, 01:08
Fan B,çynyñ bilen ýazdyñmy şu 4 nji teswiri? :)
Nazar
06 окт 2022, 01:10
Howa
Belki
Автор 06 окт 2022, 01:11
Oñ ýaly añrybaşy goşgy däl,gyz.
Ýöne señ arzuwyñ gowy diýäýmesek :)
Nazar
06 окт 2022, 01:24
Ay onnada adampahyr yagsy niyetdeda
Garabufer
06 окт 2022, 01:36
Tekrarlaýabilmen söz ýok Enedili kitapda
Tekrarlap bilmen söz bar ýöne .

Türkçe ýazsalar ýüregym bulanýar, bagyşlarsyňyzda !
Aksary
06 окт 2022, 04:29
Okadym!
Belki
Автор 06 окт 2022, 06:23
Şoşo,türkçe däl ol.
Işlikleriñ yzyna - aý, -aýa, eý- eýe, -eýip ýyly goşulmalary goşmak gadymy türkmen dilinde bar bolup,häzir şahyrlarymyz tarapyndan goşgularda ulanylýar:
"Jan amanat, yşk sadaka, bagş etdim
kalby hem teni.
Aýlanyp-aýlanyp özüme ýetdim,
gözleýip seni."

S.Geldiýew.

"Bir bilbil aldyrsa körpe balasyn
Saýraý-saýraý yzlamaýan bolarmy"

Magtymguly.

(şu goşguda sözleriñ ýalñyş gelen ýeri bar bolsa düzeldiñ.Diñe "saýraý"sözüniñ bardygyny bilýän)

Häzir goşgunyñ bogun sany ýetmedik wagty işlikleriñ yzyna şol goşulmany goşmak bilen bogun sanyny dolduryp bolýar.Bu bir çeper tilsim.
Belki
Автор 06 окт 2022, 06:24
*ýaly
Ötegçi
06 окт 2022, 07:37
Adaty däl Mahym stili. Öñkiler ýaly okasym gelmedi. Men goşgyny derñap bilemok, yone duýup-düşünip bilýan. Nahilem bolsa ozallar has gowy ýazardyñ. Güýziñ gelmegi bn sowama Mahym hanym!
Garabufer
06 окт 2022, 08:56
Sen öz dogryňa gulluk et , menem özimiňkä ,
Türkçö şo söz:)
Oksimiron
06 окт 2022, 09:36
Köpppp ýazylanlaryň biri. Seýrek däl
Belki
Автор 06 окт 2022, 09:57
Ylham ýok,ylham :))
Ependi
06 окт 2022, 17:23
Näçe gaýtalap okasamda, manysyna düşünip bilmedim. Goşgy okamaýanymdan bolaýmasa.
Ependi
06 окт 2022, 17:34
Beýle diýsem, göwniýetmezçilik däl. Goşgy täsirli bolmaly. Odnoraznyý goşgular bar, bir gezek okalyp taşlanýar. Emma, müň gaýtalap okasaňam täsirini ýitirmeýänleri bar. Siz gowy ýazýaňyz ahyryn. Öňki goşgulaňyza söz ýok.
Belki
Автор 06 окт 2022, 18:07
Ependi,öñki goşgularyñyza söz ýok.Ýöne munuñ erbet diýseñizläñ :)))
Umuman aýtjak bolan zadym köplenç "Gözler gûrleşsin" diýip nygtalýar-a goşgularda hemem çeper eserdir oýlanmalarda.
Men olaryñ pikrini gaýtalamaýandygymy,meñ üçin sözleriñem möhümdigini,gözlerinden syzaýamda-da dilindenem eşdesim gelýändigini aýtjak boldum.Belki başaran däldirin.