Geliň Kakalaryň söýgüsi barada gúrrùn edelin

Kaka hakda
Eje hakda kän goşgular düzüldi,
Roman, oçerk, hekaýalar ýazyldy,
Aýdymlar aýdyldy, sazlar çalyndy,
Näme üçin kaka hakda beýle däl,
Ynsanlarda şeýle sowal döreýär.

Çagany iýdirse, geýdirse eje,
Kaka şol zatlaryň gözbaşyn tapýar,
Ol hakynda bir zat ýazmaly bolsa-
Aljyrap ne bir söz, sözbaşy tapýaň.

Duýgularyň ummanynda azaşyp,
Näme ýazjagyňy bileňok asla,
Kakaň ýowuz hem mähriban gözleri-
Aýdyma gelenok, syganok waspa.

Ony diňe ýürek bilen söýmeli,
Sebäp ol halanok kilçermekligi.
Kaka agraslygyň nusgasy bolup-
Dürs öwredýär ýoly seljermekligi.
3 лайков 175 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.