Kaka hakda goşgy
Eje hakda ýazylypdy kän goşgy,
Ýazylyp ýör, ýene-de kän ýazylar.
Ýöne KAKA hakda ýazylanok kän,
Nädip beýle pese gaçdy kakalar.
Hawa, ýok diýjek däl ene mukaddes,
Sylamaly, ejeleri söýmeli.
Ýöne diňe ejeleri däl, eýsem
Kakalarymyzyda " sag bol" diýmeli.
Eje ak süýt berdi, hem mähir berdi.
Ýöne kakamyzam şonça soýendir.
Eje gije ýatman hüwdülän bolsa,
Kaka gijelerine gala bolandyr.
Kaka bolmak ýeňil ýerpaý däl ahyry,
Hem mähirli, hem gazaply bolmaly.
Çaga terbiýesi näzik mesele,
Kä söwüp, ka söýüp öwsüp durmaly.
Eje ekläp saklap sana goşmaly,
Kaka galan zady boýnuna alýar.
Ogly haýsy ýolda geljegi niçik,
Dos ýary kim baryn bilmeli bolýar.
Eje hakda kän ýazylýar goşgular,
KAKA hakda köp ýazmaga hajat ýok.
Diňe kakaň üçin gowy ogul bol!
Kaka şondan başga kän zat islänok.
Çeşme: "Söýgüli portal"programmasyndan.
Ýazylyp ýör, ýene-de kän ýazylar.
Ýöne KAKA hakda ýazylanok kän,
Nädip beýle pese gaçdy kakalar.
Hawa, ýok diýjek däl ene mukaddes,
Sylamaly, ejeleri söýmeli.
Ýöne diňe ejeleri däl, eýsem
Kakalarymyzyda " sag bol" diýmeli.
Eje ak süýt berdi, hem mähir berdi.
Ýöne kakamyzam şonça soýendir.
Eje gije ýatman hüwdülän bolsa,
Kaka gijelerine gala bolandyr.
Kaka bolmak ýeňil ýerpaý däl ahyry,
Hem mähirli, hem gazaply bolmaly.
Çaga terbiýesi näzik mesele,
Kä söwüp, ka söýüp öwsüp durmaly.
Eje ekläp saklap sana goşmaly,
Kaka galan zady boýnuna alýar.
Ogly haýsy ýolda geljegi niçik,
Dos ýary kim baryn bilmeli bolýar.
Eje hakda kän ýazylýar goşgular,
KAKA hakda köp ýazmaga hajat ýok.
Diňe kakaň üçin gowy ogul bol!
Kaka şondan başga kän zat islänok.
Çeşme: "Söýgüli portal"programmasyndan.
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.