Merhumlaryñ syryny açan gijesi (Şirhan)
Merhumlaryň syryny açan gijesi.
Awtor: Şirhan
Wepa işden ir geldi.Gelni Sähragül entek işinden gelmändir.Biraz oturandan soň Wepa Sähragüliň telefonyna jaň etdi,owadan sesli zenan Wepanyň aýlan belgisiniň öçükdigini,ýene bir azdan jaň edip görmegini aýtdy.Wepa aşhana girip kartoşka arassalamaga başlady,soňra sogan arassalady,soň et dograp ýene gelnine garaşdy.Daşardada güýçli ýagyş ýagyp başlady.Ahyryn Wepa nahar bişirip başlady.Nahary taýýar bolansoň,ýeke özi oturyp naharlandy.Emma Sähragül gelmedi.Wepa aladalanyp tanyş-bilişlerine jaň edip gelnini sorap başlady.Edil şol wagtam gapy açylyp,süllimbaý bolup ezilen Sähragül içerik girdi.Wepa ondan "Nirede bolduň?" diýip soramasada,"Joramyňkyda oturyp eglenip galypdyry.Telefonymam öçüp galypdyr" diýdi.Oturyp bile täzeden çaý-nahar edindiler...
Sowukda ýagyşa ezileni üçinmi ýa başga sebäpdenmi,şol günden soň Sähragül keselläp üç günläp düşekden galyp bilmän ýatdy.Dördünji gün irden bolsa jan berdi...
Sähragüliň üçi sowulan gijesi,Wepa bir özi öýünde otyrdy.Daşarda bolsa dynman güýçli ýagyş ýagýardy.Wepanyň göwnünine bolmasa beýleki otagda Sähragül bar ýaly boldy."Sähra...Sähra sen nirede?!..." diýip gygyrdy.Birdenem içinden "Sähragül öldi ahyryn...Birden ölmedik bolsa...Onda ol bir özi gonamçylykda gorkup oturandyr...sowukda,ýagyşyň aşagynda üşeýändir...Men Sähragüli alyp gaýdaýyn" diýip oýlandyda daşaryk çykdy.Sowukda,ýagyşyň aşagynda ýöremek kynam bolsa çalt-çalt ädimläp gonamçylyga tarap ugrady...
Ine-de gonamçylyk.Ol daşyndan gorkunç görünýärdi...
Gonamçylygyň içine gireninden Wepanyň gulagyna ýagyşyň sesi bilen garyşyp kimleriňdir aglaýan,dat-perýat edýän sesleri gelip başlady.Wepa seslere üns bermejek bolup,öz gelniniň mazary tarap ýöräp başlady.Şol wagtam mazaryň içinden çykan el Wepanyň jalbaryna ýapyşdy.Wepa gorkudan gygyryp,eli,aýagy bilen batly depdi.Şol wagt mazardan çykan el,süýem barmagy bilen öz mazarynyň daşyny görkezdi.Mazaryň gara,mermer daşynda,adatda ýazylýan merhumyň ady,familýasy,dogulan we aradan çykan wagty ýokdy.Mazar daşyň ýüzünde "MEN ÖMRÜM ÖTÝÄNÇÄ ÝETIMLERIŇ HAKYNY IÝDIM.MEŇ GÜNÄMIŇ GEÇILMEGI ÜÇIN HUDAÝDAN DILEG ET!" diýlip ýazylandy.Wepa muny görüp aljyrady,gorkdy.Ýene öňe ýöräp başlady.Ýene bir mazardan ýarpy göwresini çykaran,süňke öwrülen beden,elini bulap Wepany ýanyna çagyrdy.Onuň mazar daşynyň ýüzünde bolsa:"MEN GARRY ATAMY ÖZ ELIM BILEN ÖLDÜRDIM.MUNY MENDEN BAŞGA HIÇ KIM BILMEDI.MEŇ ÜÇIN DILEG ET!" diýlip ýazylandy.Wepa bütinleý aljyrady,näme bolup geçýänine düşünmedi.Onýançada ýene bir el onuň jalbaryndan tutyp öz mazaryna tarap çekdi.Onuň mazar daşynyň ýüzünde:"MEN ÝETGINJEK ÝAŞLARA MUGTYNA NARKOTIK BERIP ÖWREDIP,SOŇAM PULYNA SATYP BAŞLADYM.MEŇ GÜNÄM GEÇILMEGI ÜÇIN DILEG ET!".
Bolup geçýän zatlara Wepa azajyk düşünip başlady.Bu adamlar diri wagty hiç kime aýtmadyk syrlaryny,bir nätanyş ýigide aýdyp,öz günäleriniň geçilmegini sorap Hudaýdan dilemegi haýyş edýädiler...
""Gör azaby" diýilýäni şu bolsa gerek" diýip pikir eden Wepa gelni Sähragüliň mazaryny görmek üçin ýene öňe ýöräp başlady.Şol wagtam onuň jalbarymdan ýene bir el çekdi,onuň mazar daşynda bolsa "MEN BIR GYZYŇ NAMYSYNA DEGIP,SOŇAM GUL ÝALY ÖZ BÄHBIDIM ÜÇIN ULANYP GEZDIM.MEŇ ÜÇIN DILEG ET!" diýlip ýazylandy.Daş töwerekdäki ahy-nala sesleri gitdigiçe güýçlenýärdi.Wepa bu seslere,mazar daşlardaky ýazgylara çydaman gygyryp aglasy,bärden gidesi gelýärdi.Emma ony bir zat saklaýardy.Olam gelni Sähragüliň mazaryny görmekdi.Oňa ýetmäge bolsa ynha birnäçe ädim galdy.Edil şol wagtam,ýagyş güýçlendi,şemal batly öwsüp,Wepany ýöretmejek bolup yza itekledi.Mazarlardan çykan eller onuň çem gelen ýerinden ýapyşyp yza çekdiler.Şondada Wepa bar güýji bilen öňe dyzap Sähragüliň mazaryna ýetdi.Onuň mazar daşynda bolsa "ŞOL GÜN MEN JORAMYŇKYDA BOLMANDYM.OÝNAŞYMYŇ ÝANYNDAN GELIPDIM" diýlip ýazylgydy.Wepa nädip arkan ýykylanyny bilmedi.Ýagyş ýagmasyny goýdy,daş töwerekdäki sesler galdy,ümsümlik boldy.Diňe bir aýalyň içigip aglaýan sesi eşidildi...
Daňa ýakyn Wepa öýüne geldi...Ol ölenokdy, Sähragül entek diridi...

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.