???


Indi senden kine saklap ýöremok,
Sebäbin gözlämok agyrly gussaň.
Jogapsyz söýgimi untjak bolýan
Ýöne birazajyk ýüregim gysýar.

Ynha men:
Daşy ýaran yhlasly damja,
Meňzäsi gelen men, ýöne...
Dünýäni baglaýan duýgulam bilen
Ýoluny tapmadym kalbyňa ýetmäň.

Indem özüm bilip ýa-da bilmezden
Derwüş ruhym bilen gözýaşlarymy,
Ýellere, güllere sowgat paýlaýan.
Yşkdan köýen janym awara meňzäp
Mesgen tuta bilmän giň jahan içre
Özümi ho:l barýan bulda taýlaýan.

Paýlap ýörün indem başardygymdan
Gymmat düşen söýgi setirlerimi.
Sen bilýänem dälsiň saňa söýgimden
Göwnüme kän zady getirmedigmi.

Berjigen ýüregme teselli gözläp
Ak daňdanlaň owazyna seýikdim.
Men dünýäni artyk söýdim şoň üçin
Arzuwlarym arman bilen eýikdi.


08.08.2022.
9 лайков 172 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
06 окт 2022, 10:09
Paýlap ýörün indem başardygymdan
Gymmat düşen söýgi setirlerimi.

Gaty täsirli, sag boluň
Gumly gelin
06 окт 2022, 19:30
Juda-juda gowy goşgy uýam.
Gumly gelin
06 окт 2022, 19:31
Höwri köp bolsun!
Milana
06 окт 2022, 19:59
Indem özüm bilip ýa-da bilmezden
Derwüş ruhym bilen gözýaşlarymy,
Ýellere, güllere sowgat paýlaýan.
Yşkdan köýen janym awara meňzäp
Mesgen tuta bilmän giň jahan içre
Özümi ho:l barýan bulda taýlaýan.
Juda täsirli goşgy. Söz ýok.
Cloud
06 окт 2022, 21:07
Awtorynam yazayyn!!!