Ýigrimi ýyldan soň / hekaýa
ÝIGRIMI ÝYLDAN SOŇ
Howa çigrekdi. Birden-birden ösýän çapgyn şemal bilen bilelikde ýagşyň yzam haplap burnuňa urýardy. Şonuň üçinem heniz gije on bolmaka, hemmeler diýen ýaly köçeden aýagyny çekipdi. Şeýle sowuk howada ýek-tük adam bolaýmasa, töwerekde gezip ýören ýokdy.
Şol wagt polisiýanyň gözegçisi öz garamatyndaky köçäniň ugry bilen agras ýöräp barýardy. Ol asylam agrasdy, häzirem her öňünden çykana görünjek bolup, gabarylyp azara galanokdy.
Ol deňine ýeten gapysynyň el tutaryndan aşak basyp, barlap görýärdi. Elindäki taýagyny pyrlap barşyna, häli-şindi öwrülip, daş-töwerege ýiti nazaryny aýlaýardy. Ýerli ýaşaýjylaram ir uka gidipdiler. Köçäni syryp ýöräberseň, kä ýerde, kä ýerde gijesi bilen işleýän garbanyşhanalaryň yşyklary göze ilýärdi. Syrgyndaky binalaryň aglabasy edara-kärhanalara degişli bolansoň, olar bir eýýäm ýapylypdy.
Binalaryň biriniň deňine ýetiberende, gözegçi birden ädimini haýallatdy. Gijäniň tümünde oturan demir dükanyň gapysynyň agzynda kişi otlanmadyk çilimini ernine gysdyryp durdy. Gözegçi oňa baka ýönelenden, ol:
- Hiç hili mesele ýok, jenap! - diýip öňürtdi. - Men, neme, birine garaşyp durdum. Mundan ýigrimi ýyl öň şu ýerde duşuşmagy wadalaşypdyk. Gülkünç ýalydyr welin, çypbakaý-çynym. Ynanmasaňyz, başdan gürrüň bereýin: birwagtlar, hanha, şo-ol dükanyň duran ýerinde restoran bardy. Adyna-da "Big Jo Brediniň restorany" diýerdiler.
- Hawa, ony bäş ýyl mundan öň ýykdylar - diýip, gözegçi gürrüňdeşiniň sözüni tassyklady.
Gapynyň agzyndaky adam jübüsinden otlyçöp çykardy-da, çilimini otlady. Oduň ýagtysyna onuň gan-petsiz at ýüzi, uçganaklaýan gözleri hem-de sag gaşynyň ýanyndaky kiçeňräk ýara yzy görnüp gitdi. Onuň şarfynyň iňňebagjygyna gözilginç almaz dakylan eken.
- Baryp mundan ýigrimi ýyl ozal ýaňky "Big Jo Brediniň restorany" diýilýän ýerde oturyp, ýeketäk ýegre dostum Jimmi Wells bilen iýip-içipdik. Biz onuň bilen şu ýerde - Nýu-Ýorkda önüp-ösdük. Ikimiz edil dogan ýalydyk. Men-ä on sekiz, olam ýigrimi ýaşyndady. Ertesi güni irden men elpe-şelpe durmuşyň gözlegine, Günbatara gitmelidim. Jimmini edil bagry badaşan ýaly, Nýu-Ýorkdan başga hiç ýaňa äkidip bolanokdy. Onuň üçin älem-jahanda asla şondan başga ýer ýokdy. Ana, biz şol gün agşam ýene-de laýyk ýigrimi ýyldan, şu gün, şu sagatda, hut şu ýerde görüşmeli etdik. Nädibem bolsa, nireden gelmelem bolsa, hökman duşuşaýmalydyk. Biziň hasabymyz boýunça, ýigrimi ýylyň içinde ikimizem her niçigem bolsa öz maksadymyza ýetmelidik.
- Bäh! Şo-onça wagtdan soň görüşmeli diýsene?! Gaty täsin! Hoşlaşaňyzsoň dostuňdan hiç hili habar-hatyr bolmadymy?
- Dogrusy, ilkibadalar-a habarlaşýardyk, ýöne bir-iki ýyldan soň, olam galyşdy. Özüňiz bilýäňiz, Günbatar uly ýer bolansoň, men ondan-oňa göçüp-gonup, belli bir ýerde mesgen tutmadym. Bir zady welin anyk bilýän, Jimmi aýatda diri gezip ýören bolsa, hökman geler, hawa. Sebäbi ol hemişe-de dogruçyldy, sözüniň eýesidi. Bu gezegem, elbetde, şeýle bolar. Bu ýere gelmek üçin müň ýarym kilometr ýol geçdim. Dostum gelse bolany, kösenenime birjigem gynanamok.
Dostunyň gelerine garaşyp duran adam jübüsinden geň-enaýy sagat çykardy. Sagadyň daşy owunjak-owunjak almaz bilen bezelen eken.
- Ona üç minut bar. Restoranyň agzynda hoşlaşanymyzda, sagat laýyk ondy.
- Günbatarda işiň-ä şowuna bolandyr?! - diýip, gözegçi birden içinde gelşine sorap goýberdi.
- Dagy näme! Jimmem bolmanda meň gazananymyň ýarysyny-ha gazanandyr. Ol känbir alyp-ýolup barýan kişi däldi, ýöne adamçylygy welin biçak gowudy. Öz hakymy almak üçin müň bir sapalakly tilkiler bilen iş salyşmaly boldum. Nýu-Ýork adamy birsydyrgynlyga öwrenişdirýär. Günbatar welin, seni otdan alyp suwa, suwdan alybam oda sala-sala taplaýan eken.
Gözegçi taýagyny pyrlady-da, aňyrlygyna birki ädim ätdi.
- Men-ä ýöredim onda. Dostuňyz sag-salamat geler diýip umyt edýän. Birden gelmese nätjek, gidiberjekmi?
- Aý, ýok-la! Men oňa azyndan ýarym sagada garaşaryn. Eger başy dik bolsa, Jimmi gaty gitse, şol ýarym sagadyň içinde hökman geler. Sag boluň, jenap!
- Gijäňiz rahat bolsun! - diýip, gözegçi gapylary barlaşdyryp, öz ýoly bilen gidiberdi.
Daşarda sowuk ýagyş çisňäp ugrapdy. Şemalam bir güýjäp, birde kadaly öwüsýärdi. Töwerekde niräkdir bir ýere alakjap barýan, penjeginiň ýakasy galdyrylan, eli jübüsine salnan iki-ýeke adam göze ilýärdi. Demir dükanyň agzyndaky, öz ähdinde tapylmak üçin müň ýarym kilometr ýol söküp gelen adam çiliminiň ajy tüssesini içine sorup, geljegi-gelmejegi hernäçe gümana-da bolsa, oglanlyk dosty bilen duşuşmaga göwün ýüwürdip garaşyp durdy.
Ýigirimi minut çemesi garaşansoň, ýakasy gulagyny ýapyp duran uzyn penjekli daýaw pyýada köçäniň aňry tarapyndan bärligine gaýtdy. Ol göni özüme garaşyp duran adamyň ýanyna bardy-da:
- Bob, senm-aýt bi? - diýip, sakynybrak sorady. Gapyda duranam şuny gaýtalady:
- Senem Jimmi Wellsmi?
Täze gelen:
- Baý-bo-ow! - diýip, bärden barşyna, häliden bäri özüne garaşyp duran kişiniň elini gysdy. - Bir ýerlerde sag-aman gezip ýören bolsaň, saňa şu ýerde duşjagymy bilýärdim. Bäh! Tegelek ýigrimi ýyl geçäýipdir-ow! Bärdäki restoranam aýrypdyrlar, Bob, ýogsam-a oturyp, geçen gezekkimiz ýaly garbanaýsagam-a bordy. Günbatar nähili eken?! Gür bersene, otur, dost!
- Söz ýok, men-ä öz gerejigimi edindim. Dur-la hany! Gaty üýtgäpsiň-laý, Jimmi! Sen edil beýle uzynsyň öýdemokdym.
- Ýigrimi ýaşamsoň, boýum öňkisinden biraz ösdi-dä.
- Ýeri, Nýu-Ýorkda işleriň ugrunamy, Jimmi?
- Boljak öz-ä. Edaralaryň birinde boldugyndan gymyldan bolup ýörün. Bob, meniň bir beletje ýerim bar. Beýdişip durmaly-da, şol ýere gidip, arkaýynçylykda gürleşäýeli?! Oturyp könänem ýatlarys.
Iki bolup köçäniň ugry bilen goltuklaşyp ýöräp ugradylar. Günbatarly öz üstünliklerini ýatlap, başyndan geçirenlerini hondan bärisiräp, gürrüň berip başlady. Beýlekisi bolsa penjegiň içinde ýygrylyp, gürrüňdeşini üns bilen diňleýärdi.
Köçäniň burçunda çyralary lowurdap duran myhmanhana bardy. Olar şol ýerde, ýagtylyga çykan ýerlerinde, birwagtda biri-biriniň ýüzüne seredişenlerini duýman galdylar.
Günbatarly sakga durdy-da, ýanyndakyň goltugyndan çekdi.
- Ýok, sen Jimmi Wells-ä däl. Ýigrimi ýyl hernäçe uzak möhlet bolsa-da, adamyň burny-ha beýdip üýtgemeli däl.
- Wagt käte gowy adamdanam erbet adam ýasaýar - diýdi-de, uzyn boýly agajet kişi sözüni dowam etdirdi: - Sen eýýäm on minut bäri tussagda, Bob! Çikagodakylar ýoluň bärik düşenini aňyp, seniň bilen gürrüňdeş bolmak isleýändiklerini aýtdylar. Sesiňi çykarma, düşnüklimi? Şeýtseň, özüňe-de gowy bolar. Saňa gowşurmaly diýip, maňa bir hatam berdiler. Aýnanyň öňüne geçde, oka! Muny gözegçi Wells ugratdy.
Günbatarly el ýaly kagyzyň gatyny açdy. Haty ilki okap başlanda, eli adatdakysy ýalydy, emma soňuna ýetiberdigi saýyn titir-titir ediberdi. Onda, ine, şeýle ýazylypdyr:
"Bob, men diýlen wagtda belleşilen ýerimize bardym. Otluçöpüň ýagtysyna seniň Çikagoda polisiýa tarapyndan gözlenýän jenaýatçydygyňy bildim. Näme üçindir, seni tussag etmäge bognum ysmady. Şol sebäplem adaty eşik geýip, meniň ýerime işdeşlerimiň birini seniň bilen duşuşmagy haýyş etdim. JIMMI".
O'HENRI
Terjime eden: Şatlyk Hudaýberdiýew.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.