Söýýän güýz paslyny...

Söýýän güýz paslyny,
Sarylygyny.
Göwnüme hoş ýakýar onuň pes päli.
Ölüm bilen ömrüň aralygyny
Ölçemeli ýaprak şahada häli.

Ýöne, ine,
Sowuk şemal öwüser,
Şonda birden şahasyndan täner ol.
Ol howada böker, oýnar, towusar,
Kepderi deý gökde agyp-döner ol.

Edil gara ýere ýetdim-ýetdimde,
Birden ýene galar gider asmana.
Garagol çaga deý durmaz hetdinde
Ajalyň öňünde gelmez amana.

Ajalyny almaýan dek boýnuna
Ol keçjallyk bilen oýn eder ýeser.
Geňler galyp onuň täsin oýnuna
Gyşam birazajyk yzyna teser.


Gurbannazar Ezizow
2 лайков 195 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Victus
01 сен 2022, 12:05
Berekella. Dogry gosgyny dogry wagtda paylasypsyn
yusupahmet12
01 сен 2022, 12:13
Ine, shygyr, ine, goshgy, ine-de koñulleri heyjana salyan, mukaddes poeziyanyñ bir yapragy, ozem shahyryñ wasp edyan yapragy yaly doygun reñkli yapragy. Bu yaprak agacdaky topraga dushmeli yaprak däl, okyjynyñ kalbyndan orun alyan yaprak.
Ezizz
02 сен 2022, 01:57
obaly ????