Awçy, atma jereni!

AWÇY, ATMA JERENI!

Awçy, atma jereni!
Onda uly arzuw bar.
Intizar ol gör ony,
Ol kanala garaşýar.

Gör injigi injejik,
Suw diýip köp ýörmekden.
Mahrum etjek sen niçik,
Ony kanal görmekden?

Sanalyja gün galdy,
Arzuwyna ýeterne.
Kanal çöle ýol saldy,
Gelýär jerenleň ýerne.

Kanal gumy boýun edip,
Geçsin, çöli suwarsyn!
Owlaklaryn oýnadyp,
Jeren-de suwa barsyn.

Awçy, atma jereni!
Onda gowy arzuw bar.
Gowy arzuw seni
Etsin oňa rehimdar.

Rehmet SEÝIDOW.
8 лайков 909 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
06 окт 2022, 11:34
Bu goşgyny okuwçy wagtym, edebiýat sapagynda 5-lik almak üçin ýatdan öwrenipdim.
Öwreniji
06 окт 2022, 12:53
Rehmet Seýidow sada gowy goşgulary bar, bu goşgusy ölmezinden öň kesel ýatyrka düzýär.
Margarita
06 окт 2022, 13:44
Kitabym klasda galyp, şu goşgyny okaman baranym üçin ikilik alypdym. Gözümden paýrap ýaş gaýdypdy. Soňky ýat tutanym özümde galdy. Düzelmek üçin, ikiligiňem peýdaly ýeri bar eken. ))
Hiayress
Автор 06 окт 2022, 13:49
Margarita,
Okamaga bolan höwes başlangyç mugallymyzyň diktantda ikilik alanym üçin it ýenjen ýaly ýençeni üçin başlapdy - diýip gören ýerimde aýtýaryn. Olam ikilenji gezek ýençilmezlik we özüm ýalylaryň ýanynda dili gysga bolmazlyk üçin çynymy edipdim.
Margarita
06 окт 2022, 13:57
Hiayress,
Çalarak dertdeş ekenik, doganym. :D