Gyzym...

Gyzym!
Seni
Unudandyr öýtmegin,
Ýanyňa gelerin, aýda ýa ýylda.
Asyl, eneň bilen ir säher, agşam
Belki,
hasaby ýok, ýatlaýas günde.
Sen bolaňda begenipdim,
Çägi ýok.
Bu barada aýtsam ýüregim para.
Elbetde,
Ol günler gaýdyp gelenok.
Gaýtaryp getirsem tapardym çäre.
Ah, Gyzym,
Ah, gyzym, naçarym meniň,
Sypardym, ogşardym seniň başyňdan...
Şeý, diýdi-de, ýüregini agladyp,
Ata turdy, bir mazaryň başyndan...

Remezan Mämetgurbanow.
06.10.2022ý


15 лайков 369 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
06 окт 2022, 11:30
Täsirli goşgy.
Hiç bir ene-ata bagyr awusyny görkezmesin.
Alla kuwwat bersin ýüreklere.
Öwreniji
Автор 06 окт 2022, 11:36
Esma
Täsirli goşgy.
Hiç bir ene-ata bagyr awusyny görkezmesin.
Alla kuwwat bersin ýüreklere.

Bir daýyma. Bagyşladym, şu gün hatyra güni öwülýa çykypdyr. Bary ýekeje perzendidi.?
Soho
06 окт 2022, 11:39
:(((
picasso
06 окт 2022, 12:02
:(((
Margarita
06 окт 2022, 13:29
Damagym doldy, gözüm ýaşlandy.
Hiç kim jigerbendinden aýra düşmesin.
yusupahmet75
06 окт 2022, 18:26
Gaygyly elegiya.Yuregiñi para para edoji elegiya.Perzent-munuñ ozi ata ( ene) synasynyñ iñ ir wawaly esasy bolegi.Aydaly, goniden goni yurek tokgasy.Hawa.perzent nirde bolsa yuregem şol yerde
Goşgynyñ mazmunynda Hasrat harasady tuweley turuzyar: Dideleri
I yaşa dolduryar.
menembiri
06 окт 2022, 20:58
Jaýy jennetden, iman baýlygyny bersin!
My life
06 окт 2022, 22:54
Goshgudan tasirlendim. Hic ene- ata ajy ayralyk gorkezmesin.