Dagly dünýäň semasy / edebi syn

...setirlerini okap durkaň göz öňüňe gelýär.
Kert gaýa.
Oň süňňüni çalymtyk-goňur reňke boýan dünýä, ony syndyryp, onuň hol aýak astyndaky tekiz ýer deýin tep-tekiz, endigan etjek bolup, ýelleri, ýagmyrlary, epgekleri, aýazlary bilen şunça üstüne sürünýär.
Emma ol ýan bermeýär.
Jöwzalaň howruna çydaman daş-süňňi darka ýarylýar.
Aňzakly ýeller onuň kükregi bilen döş direşip ony doňduryp taşlaýarlar.
Günüň ýakyp gelýän tyglaryny onnnuň göwsüne direlip, böwsüp aňyrsyna çykjak bolýar.
Çykyp bilmeýär.
Ol ýanbermezligiň synmaz nusgasyna öwrülip, öz astyndaky endigan hem tekiz dünýäň depesinden howalanyp garap dur.
Şoňa-da buýsançdan püre-pür ol.
Çünki ondan beýik diňe asman bar. Ýöne şolam ondan mäkäm, ondan ýanbermez däl.
Şol synmaz gaýaň çürbaşynda-da, ýekeje garry zeýtun agajy ösüp otyr.
Onuň teşnelikden ýaňa gabygy jaýryk-jaýryk sütüniniňem ýanbermezligi onuň göwsüne kök urup ösüp oturan gaýasynyňkydan peslär ýaly däl.
Bu gaýa, hamana özüne ýanaşan her kesi gödeňsiz gaýduwsyzlykdan doldurýan ýaly.
Garry zeýtunyň düýbünde-de, tagaşyksyz lokga daşyň üstünde biri otyr.
Daş sypatyndan ol ýaş görünse-de, onuň kimdigini gutarnykly kesgitlär ýaly däl. Bir görseň-ä ol egni jindeli, goly hümmet hasaly, Hakyň gözleginde, Hakyň yşgynda, jahana “Hüw-Hak” keşt edip ýören, terkidünýä derwüş ýaly.
Bir görseňem, ol döwrebap egin-başly, dünýewilikden mahrum däl, ýaş ýigit ýaly...
Ol özüniň gaýanyň depesindeliginden peýdalanyp, gymyldaman oturyp, öz öňünde eliň aýasyndaky ýaly ýaýylyp ýatan giň jahana ser salýar.
Äpet şäher, dag obalary, ýollar, sähralar, gaýaň hol aşak ýanyndaky bir ýerlerde görünýän öz öýi, howlusynda oýnap ýören çagalary, şu oturan ýerinden garynja deýin kindiwanja görünýän adamlaryň sudurlary...
Bu taýdan hemme zat görünýär.
Bukara ýagdaý ýok...
Şol görünýän zatlaram, ol misli bahymrak daşyna çykaryp, jahana seçmäge howlugýan dek, sema deýin sanaýar.
Onuň semasyna-da şu oturan gaýasy ýa-da çar ýanyny gurşaýan, özüniň dogup-döräp gören daglary täsir edýärmi nämemi, olar edil alabaharda tupan turanda gögüň gümmürdisine döz gelmän, gaýalardan togalanyp aşaklygyna gaýdýan harsaňlar deýin gödeňsiz, tagaşyksyz, agyr...

*****

Soňky ýyllarda okyjylarymyzyň, esasanam ýaşlaryň arasynda, goşgulary, hekaýalary, dürli temalar boýunça ýazan makalalarydyr pikir ýöretmeleri ürç edilip okalýan, “Has Türkmen” tahallusy (edebi lakamy, psewdonimi) bilen ýazýan ýigdiň şygyrlaryny okanyňda hyýalyňda şu görnüş janlanýar.
Has Türkmen kim?
Elbetde, ýakyn gatnaşyk bolmasa-da, onuň kimdigini tanaýan.
Ýöne, islendik döredijilik adamsynyň, şonuň ýaly-da islendik adamyňam öz şahsyýetini inkognito galdyrmak hakyndaky islegine hormat goýýandygym sebäpli, bu maglumatlary öz okyjylaryna aýan etmek ýa-da etmezlik hakyndaky çözgüdi Has Türkmeniň özüne galdyrmagy makul bilýärin.
Onsoňam bu çäkli syn-seljermede meniň baş maksadym Has Türkmeniň öz şahsyýeti, durmuşy bilen bagly maglumatlary derňemek däl-de, onuň döredijiligi, özem onuň örän köpgyraňly döredijilik işjeňliginiň diňe şygryýet tarapy hakdaky şahsy pikirlerimi beýan etmek bolup durýar.
Belli bolşy ýaly, döredijilikde hiç haçan hiç zatdan hiç zat döremeýär.
Meniň şahsy nukdaýnazaryma görä, Has Türkmeniň şygyr düzüş stilinde, göwnüme bolmasa, W.Maýakowskiýniň gunt düşen ýaly agyr, onuň özi aýtmyşlaýyn: “çoýun jümleleri” hem-de täsinden-täsin kapyýalary emele getirýän döredijiliginiň täsiri ýiti duýulýar.
Ondan başga-da Has Türkmeniň şygyrlarynda täze öwüşgin berip ulanýan arhaizmleri, dini-ylahy düşünjeleri, maglumatlary, onuň şygyrlarynyň, şygyrlarynda beýan edýän dünýägaraýşynyň, tutuş Gündogaryň nusgawy şahyrlary bolan Magtymguly Pyragyň, Abdyrahman Jamyň, Möwlana Rumyň, Sagdy Şirazyň hem-de beýlekileriň täsirindeligini aýdyň görkezýär. Esasanam, Has Türkmeniň şygyrlarynda gündogar sopuçylyk akymynyň dünýägaraýşynyň täsiri bilen ýazylan Pyragyň döredijiliginiň äheňlerini tapmak bolýar.
Mysal üçin:

Saba Gögüň ýüzi serpileninde
Parhy ýok türkmenmi, uýgurmy, arap
Gullaň dogasyna garaşylýan çag
Başym egik dyza çöksem,
Ýalbarsam.
Hem-de aýalymyň ukudasyrap
Ýorganynda synlaýanyn aňşyrman
Öýümiň töründe eglemde seždä
Hakdan gorkunjyma sessiz aglasam...

(“Aýat” http://Islenen.ru/news/ayat/2020-07-09-230).

Magtymguly Pyragy bolsa şeýle diýýär:

Bikär goýma ömür tagty,
Oýandyrsak oýmuş bagty;
Doga kylyp säher wagty,
Nalyş kylsam guşlar bile.

Magtymguly, towpyk alsam,
Bir är tapsam, gulluk kylsam,
Ýürek aýdar: ýoldaş bolsam
Dem çeken derwüşler bile.

(“Daşlar bile”. Magtymguly. Goşgular. Aşgabat, 1959. 38 sah.).

Ýa-da Abdyrahman Jamy bolsa munuň ýaly ruhy ahwal babatda şeýle ýazypdyr:

Ruhy şat etmäge näme buýrulan?
Ruhy galkyndyrmak nämä ýugrulan?
Bu dünýäden ýüzümizi sowýarys,
Ýeke-täk Hudaýa nazar salýarys.

(Abdyrahman Jamy. Baharystan. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 22 sah.)

Ýöne, Has Türkmeniň poeziýasy, öňki nusgawy manysyndaky sopuçylyk şygryýeti däl-de, özüniň gaýnaýan “ylham gazanynda”, gündogaryň şygyr düzüş sungaty bilen günbataryň şygyr düzüş sungatyny garyp, şondan emele gelen tagama-da, häzirki zamana mahsus dünýewilik garaýyşlaryny çaýyp, täze şygry, şygryýetdäki täze sesi döretmek diýip hasaplaýaryn.
Döredijilikde sintez näme?
Öýkünmekmi?
Men-ä bu sowala hemişe-de, çürt-kesik “ýok” diýip jogap berýän.
Gurbannazaryň Lermontowyň hem-de Magtymgulyň döredijiliginiň sintezi hakdaky pikirlerini okan bolmagyňyzam mümkin, eşiden bolmagyňyzam.
Döredijilikde sintez, birinjiden-ä hökman gerek; ikinjidenem onsuz döretmek mümkinem däl.
Sinteziň hökmanlygy – eger-de sintez bolmasa, ýagny döredýän adam yzygiderli okap, özünden öň ýazanlaryň, deň ýazýanlaryň döredijiligi bilen yzygiderli tanşyp, olardan täsirlenip durmasa, ikuçsyz degradasiýa başlaýar.
Nirede okanym-a anyk ýadyma düşenok welin, psihologlar islendik adam uzak wagtlap özi ýaly adamlar bilen aragatnaşyk saklamasa, ýagny gepleşmese, oturyşyp-turuşmasa, örän gysga wagtyň dowamynda onuň şahsyýetiniň öz-özünden pese düşüp, dargap başlaýandygyny, bu ýagdaý uzak dowam eden halatynda bolsa dürli psihiki bozulmalaryň ýüze çykýandygyny belleýärler.
Sintezsiz döretmek mümkin dälligi bolsa, eger-de özüňden öň ýazan ýa-da deň ýazýan kimdir birinden nähili, nädip ýazmalydygyny öwrenmeseň, ýazmany, düzmäni nireden öwrenjek?
Bu ýerde “öwrenmek” diýlende, hökman Baýronyň ýa-da Petrarkaň gabryndan dikelip gelip, klastagtasynyň öňüne çykyp, saňa nädip bogun ölçegini gabat getirmelidigini, nädip setiriň içindäki bogunlaryň ritmini üpjün etmelidigini, nädip kapyýa saýlamaldygyny we şygyr düzmegiň neneňsi galyplarynyň bardygyny hetjikläp ders bermekleriniň göz öňünde tutulmaýandygy öz-özündenem düşnüklidir-le.
Ýazmak işinde özgäň ýazanyny okamagyň özi öwrenmek.
Şeýlelikde, meniň pikirimçe, Has Türkmeniň şygryýet gahrymanynyň esasy ymtylýan ugurlary: sopuçylyk we nusgawy şygyr tilsimleri bilen-ä häzirki zaman şygyr usulyýetini, gündogar goşgusy bilenem günbatar goşgusyny sazlaşykly utgaşdyrmak bolup durýar.
Bu oňa başardýarmy?
Men-ä başardýar diýip hasaplaýan.
Mysal üçin:

Şol gün ýüregim gysdy,
Daga gidesim geldi.
Kapyr Şetdat saldyran,
Baga gidesim geldi.

Allaň elip harpyndan,
Şer ýykylar zalpyndan,
Gaçyp baryň galpyndan,
Ýoga gidesim geldi.

(“Daga” gidesim geldi” http://Islenen.ru/news/daga_gidesim_geldi/2021-10-08-17657).

Ýöne, ýene-de bir bellemeli zat: Has Türkmeniň, megerem onýyllyklara çekjek (onuň ömri uzak bolsun!) eksperimenti dowam edýär.
Eksperiment diýilýän zatda bolsa, hemmä mälim, şowsuzlygam bolýar, şowlulygam. Esasy zat netije – açyş etdiňmi ýa-da edeňok?
Taryh üçin diňe şu wajyp!

*****

Has Türkmeniň şahyrana gahrymanynyň ikinji bir tarapy, ol özüni oýlap tapan we özüni “gepledip, ýaşadyp” başlan awtoryň, doglup, ese-boýa galyp, şahsyýetiniň emele gelen mekanynyň ýurdumyzyň daglyk ýeri bolandygy sebäplimi nämemi, onuň sesinden hemişe tagaşyksyzlygyň, gaýalardan togalanyp gaýdýan harsaňlaryň ýylmanmadyk gödeňsizliginiň “ysy” gelip dur.
Has Türkmeniň döredijiliginde derwüşçilik-sopuçylyk dünýägaraýşy bilen dag tebigatynyň utgaşdyrylyşyny bolsa onuň şu aşakdaky şygrynda mese-mälim görmek bolýar:

Aýaklarma tiňkelerimi gözledip,
Soňudagda,
Hasarlarda,
Süntlerde,
Şibli babaň demi düşen ýerlerde,
Tebsirän çagym: “içerin” diýip,
Goşawujym bilen ýagyş-ýagmyryň,
Suwundan dolduryp goýan golçamyň,
Erňegine eňek basyp guş bilen,
Börüleri höwür saýyp özüme,
Ilden daşlaşaryn Kaýs mysaly.
Giderin ýoklukdan seniň keşbiňi,
Tapjak bolýan däli-diwana ýaly.
Gülüşerler,
gybat kakar görenler.
Albassyny kowýan porhanlar kimin,
Tegelenişip küşt deperler daşymda.
Orramsylar şatlygyndan pyrlansa,
Tüweleý pyrlanar meniň daşymda.
Sabyr-takat galmaz ýaşamaklyga,
Maňa hemme zadyň gutaran güni.
Meni bagtsyzlygyň derwüşi kylyp,
Seni bagt ýoluna ataran güni.

(“Derwüş” http://Islenen.ru/news/derwus/2020-07-28-170).

Ýaş şahyryň döredijiligindäki ýokarda bellenen gödeňsizlik, tagaşyksyzlyk, awtoryň özüniň gündelik naturalizme we buýtar-suýtarsyz, ýuwmarlamasyz, çalreňk realizme ýykgyn edýändigini äşgär görkezip, köplenç halatda, edebiýat gödekligine çenli baryp ýetýär.
Mysal üçin:

Gözüň açyp seret,
Bir Hakykata:
Muny boýun almasaň-da,
alsaň-da,
Allaň edeni bor,
Näçe merk alyp,
Otly kesewi sokulan deý ardyndan,
Guduz açsalar-da dünýäň bar iti,
Hak öz penasynda saklasa bizi,
Goltugymyň gusul alanda syrylyp,
Zibile taşlanan haram gylynyň,
Ýerin üýtgetmäge güýçleri çatmaz.

(“Daşbagyr” http://Islenen.ru/news/dasbagyr/2020-07-14-9448).

Ýöne, bu gödeklige öwrülýän gödeňsizlik Has Türkmeniň şygryýetiniň kemçiligimi?
Men-ä “däl” diýip hasaplaýan.
Onda ol Has Türkmeniň şahyrana gahrymanynyň artykmaçlygymy?
Men ýene-de “däl” diýýän.
Bu gödeklik, gödeňsizlik, durmuşy realizmi bihaýalygyň (wulgarnylygyň) bäri ýanynda hallan atyp, şeýle aç-açan şygyr bilen suratlandyrma Has Türkmeniň poeziýasynyň artykmaçlygam däl, kemçiligem.
Ol onuň mahsuslygy.
Bu usul ýaş şahyryň öz dünýägaraýşyny, özüni azara goýýan dünýä, halalllyk, haramlyk, yşk, öz ýoluňy agtarmak, Hakyň ylahy gözlegi ýaly müňlerçe pikirleri, duýgulary özgelere beýan etmek, olaryň aňyna, ýüregine ýetmek üçin saýlap alan täri.
“Näme, hökman, öz setirleňde durmuşyň keşbini şo derejede gödek edip çekmelimi?” diýilmegi mümkin.
Gurbannazarda bir söz bar:

Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyna kakýan gödeklik ýagşy.

Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!

(G.Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. 74 sah.)

Ine, Has Türkmeniň gödeňsi tagaşyksyzlygam, meniň pikirimçe, hut şu Gurbannazaryň aýdýan: “kebzä pyçak sokýan sypaýyçylykdan ýagşy” diýýän, göni garaçygyňa dikilip, “ýüz görüp gapyrga syrman”, jinnekçe-de gypynç etmän: “Siz-ä öz-özüňizi arşa göterip ýören ynsanlar, ine şuň ýal-aý!” diýip, ynsan badyhowalygynyň “tumşugyna kakýan gödeklik”.
Gödek sözi bolsa, nusgawy şahyrlarymyz hem öz sözlerini has täsirli etmek üçin ulanmakdan gaça durmandyrlar.
Mysal üçin:

Magtymguly, yllatly göz,
Haraba döner degse duz,
Märekede bir jaýsyz söz
Çermenip... ýalydyr.

(“Daşlar bile”. Magtymguly. Goşgular. Aşgabat, 1959. 93 sah.).

Bu mysal getirilen topbagyň soňky setirinde, onuň çap edilen neşirinde “çermenip” diýen sözden soň, iňňän ägirt uly ýygra ejaplylyk bilen :-), :-), :-)...köp nokat goýlanam bolsa, şo nokady kän ýerde “syçan” diýen sözüň bardygy kele-de düşnükli bolsa gerek (hamana, hiç bir adam hiç haçan hiç ýerde “s...çmaýan” ýaly :-) (Ýene-de köp nokat. Diýmek, bizem şo neşiriň redaktorlary deýin ejaply ekenik)).
Şeýlelikde, Has Türkmeniň şygryýetiniň bu jäheti hakdaky pikirlerimi jemläp aýdanymda, onuň goşgularyna mahsus gödeksilik hem-de durmuş hakykatyny mümkin boldugyndan bihaýalyga öwürmän, ýöne ýuwmarlamasyz beýan etmek usullary, onuň şygyr düzüş usulynyň özboluşlylygy bolup durýar.

*****

Ýokarda görkezilen gödeksilik bilen birlikde, Has Türkmeniň söýgi lirikasyna nepislik hem juda mahsus.
Mysal üçin:

Göräýmäge tötänleýin diýjeksiň,
Emma bu duşuşyk owal Taňrynyň
Takdyr kitabynyň bir müň birinji
Waragynda hozuň gabygy bilen
Gülälek suwuna garlyp ýasalan
Elwan reňkli syýa bilen ýazylan
Iň ajaýyp kyssasydyr ömrümiň.

(“1001-nji warak” http://Islenen.ru/news/1001_nji_warak/2020-07-13-219).

Edil şonuň ýaly, Has Türkmeniň şygryýetinde daşky dünýä bilen ynsan ýüreginiň ahwalyny utgaşdyryp şekillendirmegi juda gysga täsirlilik bilen başarylýan şygyr sahnalaram gabat gelýär.
Mysal üçin:

Men geldim!...
Bu nedir?
Huşmy?
Hyýalmy?
Duşuşyk.
Ynamsyz ýylgyryş.
Stol...
Gara çaý.
Şokolad.
Hem birje bägül...
Çytraşsaň-da ýüzden aňşyrmazlyga,
Ruhuň lerzana-dowul,
Ýürekde tebil...

(“Men geldim!...” http://Islenen.ru/news/men_geldim/2021-03-09-14174).
Bu sahna Aleksandr Blogyň “Gije, köçe, çyra, dermanhana”-syny ýada salýamy?
Deňeşdirme üçin harsal terjime:

Gije, köçe, çyra, dermanhana,
Bimany hem ölügsi yşyk.
Ýene çärýek asyr ýaşa –
Hemmesi şeýle bolar. Çykalga ýok.

Ölersiň – başlarsyň täzeden
Hemmesi gaýtalanar, gadymky ýaly:
Gije, nowhanaň aňzakly tolkuny,
Dermanhana, köçe, çyra...

1912ý.

Ajaýyp.
Ikisem.
Äheňi meňzeş, şol birwagtda-da temasam, formasam, döredýän duýgusam üýtgeşik. Ine şu mysalda-da Has Türkmeniň öz-özüne, öz ymtylýan ugruna wepadarlyk bilen gündogary günbatar bilen sintezirlemäge dyrjaşmasynyň şowly nusgasyny görýärsiň.
Görkezilen mysallar bilen birlikde, Has Türkmen söýgi lirikasynda-da özüniň durmuşy hakykaty şekillendirmekdäki endikli usullaryndan daşlaşmaýandygyny hökman bellemek gerek.
Mysal üçin:

“Besdir, beýtme!” diýlenine garaman,
Togalanyp elwan ýaňaklaryňdan,
Göwüsleň üstüne buldurap inen,
Turşumtyk tagamly gözýaşlaryňa,
Garyp öz şepbeşik sülekeýimi,
Dara-direlikde alnan posalar...

(“Kül” http://Islenen.ru/news/kul/2020-07-17-215).

“Turşumtyk tagamly gözýaşlaryňa, Garyp öz şepbeşik sülekeýimi”, göräýmäge söýgi hakdaky şygyrda bu setirler, ondan öňki gelýän ähli setirleriň özüne çekijiligini, lirizmini aýryp zyňýan ýaly. Emma, ilkinji nobatda biz ýaş şahyryň öz şahyrana gahrymanyny özünden öňkülerden we özüne deňdeşlerden tapawutly, özboluşly äheňde gepletmäge ýykgyn edýändigini, onsoňam özüniň islendik şygrynda ony mümkin boldugyndan durmuşyň arassa-hapa iki tarapyna-da ýakyn edip suratlandyrmaga çalyşýandygyny ýatlamalydyrys. Şeýlelikde, bu iki setir we şuňa meňzeş aç-açan, gödekleç suratlandyrmalar, Has Türkmeniň şygryýetinde iki zada hyzmat edýär:
1. Okyjynyň şygyrdaky döredilýän sahna, aýdylýan pikirlere, beýan edilýän duýgulara has ýiti ünsüni çekmek. Onuň sowuklaç, mydama adatylykdan bez bola-bola, demirden derwezesi hemişe ýapylgy paýhas-köňül galasyna aralaşyp, onuň ýadynda galmak;
2. Durmuşy – güljagazlaň arasynda kebelek gaýmalap ýören çemenzarlyk görnüşinde däl-de, hakyky öz keşbinde, öz sypatynda, oň porsy, hapa hem-de hoşboý, päkize taraplaryny birwagtda, mümkin boldugyndan ynandyryjy edip görkezmek.

Zenana bolan yşk-hyjuw lirikasyna bolsa, hemişe-de birneme aç-açanlyk mahsus bolupdyr.
Mysal üçin:

Näzli dilber, eger barsam kendiňe,
Bişek elim ýeter tylla bendiňe,
Aman-nurbat tarhan eýle gandyňa,
Şekerden şirindir bil, mämeleriň.

(“Mämeleriň”. Annagylyç Mätäji. Goşgular. Aşgabat: Turan, 1991. 33 sah.).

Ýa-da Mämmetweli Keminäniň gojalan ýaşynda ýazan bir şygry:

Ýaşymyň soňunda taşladym gurra,
Nesip bolsa, garry gurda ýaş berre,
Kemine, armanyň galmasyn zerre,
Güleňde titreşer, gyz, mämeleriň.

(“Mämeleriň”. Mämmetweli Kemine. Goşgular. Aşgabat: Turan, 1991. 23 sah.).

Edil şonuň ýaly, Has Türkmeniň şahyrana gahrymanynyň yşk-hyjuw lirikasynda çuňňur erotizmem özbolşly real aç-açanlyk bilen öz beýanyny tapýar:
Mysal üçin:

Öňler hyýalymda ujundan ogşan,
Gözlerime oýun baryn görkezen,
Awy siňen göwüsleriňi titredip,
Şerebäňi meň ýüzüme pürkeňde,
Ähli zat birdenkä özgeriberdi.
Ýat bolup birdenkä özüm özüme,
Biri beýlekisin ýazgaryberdi.

(“Seniň mirasyň” http://Islenen.ru/news/senin_mirasyn/2020-07-18-169).

Has Türkmeniň yşky lirikasy hakda bellemeli ýene-de bir ýagdaý, şu mazmunly şygyrlaryň onuň poeziýasynyň agramly bölegini tutýanlygydyr we olarda beýan edilýän duýgularyň aglaba köpüsiniň çuňňur şahsy häsiýetliligidir. Megerem, hut şonuň üçinem onuň söýgi, aýraçylyk, yşk hesreti, ýalňyzlyk hakyndaky goşgulary ýaşlar tarapyndan ýiti garşylanýandyr.
Şahsy tejribämden bilýän, ýazylan söz bilen okyjyň ýürek gapysyny kakyp-kakyp açdyrmak öte müşgil. Eger-de hasrat hakda ýazsaň özüň şol hasraty çynyň bilen çekmeli. Gözýaş hakda ýazsaň ýazyp bolýançaň gözüňden akara gözýaş galmaly däl...
Has Türkmeniň şeýle ýiti duýguly şygyrlarynyň birini mysal getireýin:

“Gözden yrak bolan,
köňülden yrak”.
Kim diýenem bolsa,
Ýalan, biderek!
Ol gözel gözüme çökdi bireýýäm,
Ol gözel köňlümi ýykdy bireýýäm.
Ýok, undup bolanok,
gaçyp bolanok...

(“Kül” http://Islenen.ru/news/kul/2020-07-17-215).

Nämüçindir, Has Türkmeniň şu goşgusyny okanymda, Federiko Garsiýaň Lorkaň şu şygry aňyma gelýär:

Nazarym sallap, ýöne uçup pikrim bilen,
men süýrenip barýan, barýan...
Eýýamlaň ýodasynda
Sepildi ömrüm meň, yhlaslardan tamakin.
Çaňly çalymtyk ýol, emma bir gezek
gördüm men çemenzarlygy
hem-de dirilikdir lowurdydan doly,
hem-de yzadan püre-pür bägüli.

Sen, gülgüne hatyn – edil bägül ýaly:
Onuňam jenan tenini nikaladylar,
seň nepis aýraçylyk ysyň bilen,
aýdyp bolmaz gussaly gamgyn.

(Federiko Garsia Lorka)

Nämüçin?
Özümem bilmeýärin.
Belki, bu iki şahyr bu şygyrlaryny ýazanda meňzeş duýgulary başlaryndan geçirendirler. Şolaryň şo pille göwnüni gozgalaňa salan hesretem Zeminiň Noosferasynda (Maglumat meýdanynda) hemişelik galyp, indem olaryň haýsyny kim okasa dessine beýlekisem okanyň kalbynda galkýandyr?!

*****

Has Türkmeni şahyr hökmünde gozgaýan temalaryň ýaýrawy juda giň. Ýokarda bellenilişi ýaly, yşk-hyjuw temasy onuň ýaşyna görä döredijiliginiň baş temasy bolsa-da, ol parahorluk hakda-da ýazýar, adamlaryň arasyndaky gatnaşyk hakda-da, ynsançylyk, Haka gulluk etmek...garaz, şygyrlarynyň tematikasy boýunça onuň şygryýet döredijiligini çäklilikde aýyplamaga esas ýok diýip hasaplýaryn.
Haýsy temadan ýazanda-da Has Türkmeniň galamy realizmlik endigini ýitirmeýär. Mysal üçin:

Bilemok, ol puly nädip tapsaňam,
Maňa gyzykly däl, ol öz meseläň,
Gerek bolsa it bol,
At bol,
Eşek bol,
Burnuňda poh daşa,
elekde suw çek.
Durmuş keşiginden ýagyra dönen
Arkaňy ýassyga goýman gijeler
Çirim etmän ak daňlary atyrsaň
Gündiz kelläň yzasyna döz gelmän
Diwary ýumruklap,
şagal deý “uww” çek...
Bu zatlaň barsy erteki maňa,
Sebäbi bir haýyş bilen gelseňiz,
Aklyk üçin “getir” diýlen “göklügi”
Jemläp getirýäňiz,
diýmek adamlar
Näçe zeýrense-de güzeranyndan
Urup aglaýalar.
Ýa, ýalanmy nä?

(“Parahoryň monology” http://Islenen.ru/news/parahoryn_monology/2020-06-17-231).

Ýa-da başga temadan ýazylan şygryndan ýene-de bir mysal:

Ikiýüzli,
Arabozar,
Şermende.
Töhmetçil,
Gybatçyl,
Hyýanatçyllar,
Erte ýene birniň berjek ýalagna
ymsynyp,
Düýnki ýal iýen ýerne
Çyrşamakçy bolup öz ýüz-gözüne
Öz pohuny bulaşdyrýan köpekler...

(“Serdesse” http://Islenen.ru/news/serdesse/2018-09-09-2373).

Onsoňam ýeri gelende Has Türkmeniň şygryýeti barada bellemeli ýene-de bir esasy ýagdaý, ol haýsy temadan ýazsa ýazsyn (onuň esasan yşk-hyjuw temasyndan köp goşgy ýazýandygyny belläpdim), ol meniň göwnüme bolmasa, şygyrlarynda belli bir anyk ýagdaýa däl-de, şol ýagdaýyň daş-töweregini gurşaýan tutuş durmuşa-da bilelikde, birwagtda seredýän ýaly.
Mysal üçin, ol öz söýgüsi, aýraçylygy hakda ýazýar, emma hut şol şygryň içinde-de adam gatnaşyklaryny, adam häsiýetlerini, durmuşyň käbir taraplaryny, hut şol öz beýan edýän baş/esasy temasy bilen utgaşykly sazlaşdyryp, olary umumylykda aýtmagy başarýar.
Mysal üçin:

Dünýämiziň şeýle uçurymlaşyp,
Kä ýerde daralyp, käte giňeşip,
Ýaşaýyşyň juda çylşyramlaşyp,
Durmuşyň düşnüksiz durka girjegin,
Adamlaryň bir-birinden irjegin,
Hem wepasyz dostlaryň köpeljegini,
Göwün atly Käbäň ýykyljagyny,
Sorup loly dünýäň kyrk emjegini,
Agzyndan süýt ysy gitmedikleriň,
Magtanyp eden-u-etmedikleriň,
Ýok gepi çişirip esseme esse,
Mugt paýlaýarka desseme desse,
Her öňýeten çyndyr öýdüp esetse,
Öýkeni bäş teňňä geçmeýänleriň.
Saçagyňda agnap syçmaýanlaryň,
Agzyndan goýberip soňky pohuny,
Heşelle kakjaňlaň turzup göhüni,
Äwmesem-de ol namartlaň gohuny,
Kalba salan ýaralaryn sypalap,
Bir gözeli jandan söýüp, apalap.
Soň elden giderip, delmuryp her ýan,
Ýar hasratyn çekip, gözlerim girýan,
Ýa, bilemok, seniň ýanyňa barýan,
Agyr ýükden ýagyr bolupdyr arkam,
Sen bolsaň, beýle-de bolmazdy kakam.
Ýa şeýle boljagyn duýup gitdiňmi,
“Baş alyp çyk!” diýip goýup gitdiňmi,
Ýa, bu ýalançydan doýup gitdiňmi?!
Bilýän-ä men, ýokdy zatdan hederiň,
Eý meniň merdana, eziz Pederim!

(“Sen bolsaň...” http://Islenen.ru/news/sen_bolsan/2021-05-20-15486).

Bu goşguda Has Türkmeniň şahyrana gahrymany öz eziz Pederini ýitirmeklige bolan hasratyny, edil diwana galandarlaryň sema girip, sarnaýşy ýaly yzygiderli tükeniksizlik bilen, sozduryp sarnaýar. Şygryň baş temasam, mähriban ynsanynyň ýitgisi zerarly çekilýän ahy-zar. Emma, şol ahy-zaryň dowamynda Has Türkmeniň gahrymany öz ýaşaýan döwründe öz töweregini gurşaýan jemagatyň birgiden kemçiligini, ynandyryjy, “diri” sözler bilen beýan etmäge-de ýetişýär.
1. Uçurymlaşan (edil dyrmaşmasy kyn, kert gaýa dek) dünýä;
2. Çylşyrymlaşan ýaşaýyş;
3. Biri-birinden iren adamlar;
4. Wepasyz dostlar (awt.: Bäh, geň söz aýlawy! “Dost” diýmek ilki bilen wepadarlygy, ygrarlygy aňladýar. Wepa bolmasa – dostluk ýok. Emma, özler-ä “dost”, özlerem wepasyz.);
5. Käbe-göwnüň ýykylmagy (awt.: “Bir göwün ýykandan, müň Käbe ýykanyň ýegdir ýaranlar!” ýadyma düşürdi);
6. Kyrk emjekli loly dünýä (awt.: Kyrk emjekli, emjegini ynsanyň agzyna tutduryp, soňam oň meýmiräninden peýdalanyp, onuň depesini çüňki bilen deşýän we onuň ruhuny, janyny, ganyny sorýan mahluk – Hot-hot ýadyma düşdi);
7. Agzyndan süýt ysy gitmedik, boş, güwlempaç öwünjeňler we ş.m.

Ýa-da Has Türkmeniň poetiki döredijiliginiň ýokarda beýan edilen häsiýetli aýratynlygynyň, ýokarky goşgudan tapawutly temada ýazylan goşgy bilen ýene-de bir mysalyny getireýin:

Sen meniň başdaşym,
Gunçam, bägülim.
Ol meniň nyşanym,
Söýgüli oglum.
Siz meniň ömrümiň hamyrmaýasy,
Mähribanlarym...

(“Mähribanlarym” http://Islenen.ru/news/mahribanlarym/2020-07-13-171).

Ine öz maşgalasyna bolan mähir-muhabbeti beýan edýän, liriki goşgy. Emma şeýle temaly şygyrda-da Has Türkmeniň gahrymany öz bolşuny üýtgetmeýär:

Gäwürleň tagamsyz kefirin içip,
Drožly dokadan kanagat tapman,
Öz-özüň aglaňda,
kösense janyň,
Syzlar meniň dert-hasratdan gert bolup,
Mal ýatagnyň ençe wagt aýrylman,
Siýdik siňip giden goňras dersine,
meňzeş sadyr atyp ýatan ýüregim.

(“Mähribanlarym” http://Islenen.ru/news/mahribanlarym/2020-07-13-171).

Aýalyna, çagalaryna wesýetnama häsiýetli bu goşguda-da, ol barybir dünýäň real şekilini, özüne mahsus gödekleç sözler, setirler bilen çekip galýar.

*****

Elbetde, bu synda Has Türkmeniň döredijiliginiň gürrüňi edilýändigine garamazdan, onuň döredijiligine has gowy düşüner ýaly we oňa mümkin boldugyndan obýektiw baha berer ýaly, şu ýerde men Orazguly aganyň (şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Orazguly Annaýewiň) 1992-nji ýylda neşir edilen poemasyndan bir parçany goýmagy dogry diýip hasaplaýaryn.

Döwürnama
(poemadan parça)

Belki,
biz çöllügi gorap bilersi,
Ýöne meni biynjalyk edýän zat
Adamlaryň gatnaşygynyň çöllügi.
Eger-de gerimi giňese onuň,
Tebigatda köp zatlaryň,
Soňra ömürylla
Eşitmejek atlaryň
Adamlaň aňynda baky öldügi.
Bu ýitgiň ulusy,
Örän gorkuly,
Biz gorajak bolýas çölüň süňňüni,
Gözeltebigatyň gözel görküni.
Ýöne saýgaramzok,
Biziň bir-birege
Gazýan gorpuny.
Iň erbet ýeri,
Hut biziň özümiz
özümiz üçin
Juda gorkuly.
Ýok mahaly birek-birege hormat,
Güleňde ýürekden gülmeýän bolsak,
Öz halkyňa,
geçmişiňe
Guwanç ýok wagty,
Buýsanç ýok wagty,
Adamyň bahasy gara şaýyka,
Ynsanyň gadryny bilmeýän bolsak,
Edýän zadymyz bir,
Aýdýanymyz başga,
Ondanam başga zat ündeýän bolsak.
Kyn bolar,
kyn bolar,
Juda kyn bolar,
Goýberlen säwligi bu gün düzetmek.
Duşdan geçen,
Aglap geçen wagtyň yzyndan ýetmek.
Gymmaty ýok ynsan,
Nädip gymmatyn bilsin çägäniň,
Nädip düşünsin ol,
Şorlap sandan çykan ene topraga,
Argynlykdan ýaňa,
Agzyndan gaçyrsa iýýän gutabyn,
Bu gün ejir çekse
Aňşyrman hiç harpyn,
Okap bilmän
On ýyl ozal okap çykan kitabyn,
Ol baky hüjümden ömürlik ýadan,
Aýdyp bilmän,
Aýtmaly sözleri tapmadyk nadan,
Topragyň diline düşüp bilermi,
Diňläp düşünmese
“Gökdepe mukamyn”...
Bäş günlük şöhrata başyny egen,
Bugarjak bir damja galp üçin
Wyždanyn ezen,
Haramdan ýygnan,
Namysyny satyp,
Karun deý dünýäň malyny sygnan
Haramzada üçin
Çekmeli biz bu gün köplerden minnet.
Çüýredi,
poslady,
çökdi,
maýryldy,
Buýsanjyndan,
guwanjyndan aýryldy,
Bu gün öz-özünden utanýar millet.
Berilmeli bilmi
Hem terbiýäni,
Alynmaly zady alyp bilmedik,
Döwrüň derejesi beýlede dursun,
Öz boýna,
Ör boýna galyp bilmedik,
Öz mukaddes ornun,
Wyždanyn,
borjun,
Asyl öz dünýäsin anyk bilmedik,
Nesil
Säwlikleriň,
ýalňyşlyklaň,
Döreden jebriniň çekýär hemmesin.
Hoş sözlerde halanan,
Beýikdirin öýdüp,
Baýdyryn öýdüp
Tüwmaýak mahaly ýene talanan,
Harlanan,
horlanan,
zorlanan
Watan ykbalyna,
Nesliň ykbalyna,
Haýsy gerçek çuň düşünsin,
Jowransyn?!
Il agasy bolup öňe çykanlar,
Seljermän halaly,
Haýsy zat haram,
Parh goýman hak işmi
Ýa-da ol karam
Diňe öz derdini çekip,
Il derdini bolsa edip owarram.

(Orazguly Annaýew. Kerwensaraý. Goşgular we poemalar. Aşgabat: Türkmenistan, 1992. 145-147 sah.)

“Hemme akylly adamlar birmeňzeş pikir edýär” diýen aýtgy bar. Şu poemadan parçany Has Türkmeniň şygryýeti bilen deňeşdireniňde, şahyrlaryň ikisiniň arasynda düýpli ýaş tapawudynyň bardygyna hem-de olaryň ikisiniň döredijiliginiň arasynda üýtgäp giden heňňamlardyr, eýýamlaryň ýatandygyna garamazdan, olaryň ikisinem şol bir derdiň azara goýandygyny aňşyrmak bolýar.
Nähili dert?
Ynsanlar.
Olaryň dünýä, birek-birege, adamçylyga bolan gatnaşygy.
Bu sözüm gury bolmaz ýaly, Has Türkmeniňem şygryndan bir parçany goýaýyn:

Ne peýda bar hakykaty sözleýän
Ne peýda bar adalaty gözleýän
Ne peýda bar hata sözi eşidýän
Lakgy dilden,
Çakgy ýaly gözlerden
Jam ýaly gulakdan?!
Iň beteri-de,
bolar-bolmaza nebsin agyrdyp
Wyždanlysyraýan ejiz ýürekden...
Puluň barmy – ýaşa!
Puluň ýokmy – öl!
Maňa gyzyky däl, näm bolsaň şo bol!

(“Parahoryň monology” http://Islenen.ru/news/parahoryn_monology/2020-06-17-231).

*****

Şu ýerde, “Dile geldi bile geldi”, “Has Türkmen” tahallusy bilen tanalýan awtoryň, ýüzdenem köp şygyrlaryndan başga-da, “Doňuz diňi”, “Pelle”, “Toý”, “Mülhit” atly hekaýalarynyň, dünýädäki dürli geň-taň hadysalar, närseler hakda, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli taraplary boýunça onlarça makalalarynyň bardygyny, olaryň hemmesiniňem Has Türkmeniň, “@Haweran” diýen nik (web-lakam, web-aňlatma) bilen adminstratorlyk edýän Islenen.ru saýtynda elýeterlidigini belläp geçeýin.
Şunluk bilenem, Has Türkmeniň şygryýetdäki döredijiligi hakda şu synymy onuň özüniň nämüçin goşgy ýazýandygy hakda öz sözleri bilen tamamlasym gelýär:

Ölüni direlden Isa Mesihi
Otuz teňňä satan biderek dünýäň
Bir künjünde ýaşap ýörsek salamat
Ýagşydan-ýamandan etmeris minnet.
Ujuna gödeňsi jümleler daňlan
Serdessämi golda saga-sola aýlap,
Hut şonuň üçinem arman-ýadaman,
Men özümi adamlara paýlaýan!

Galamyň ýiti, görjegiň gowy bolsun, inim!

Sözsoňy deregine: Has Türkmeniň döredijiligine “şygryýet” diýilýän belent sungatdan namut galan, ahmyrly öwrenje hökmünde etjek belliklerim:
1. Has Türkmen öz zehinine, öz potensialyna äsgermezlikden, şo sebäpli ýüze çykýan howul-haralykdan saplanmaly. “Ýazdym-la! I tak soýdet!” diýen pikir, käbir goşgularynda duýulýar. Şeýle şygyrlara goşmaça syntgylamagyň ýetmeýändigini ünsli okasaň derrew aňşyrdýar.
Şunuň bilen baglylykda bir rowaýat gaýraýyn (Mör-mak mäme miýýos! :-)):
Dutar ussasy bar ekeni. Günlerde bir gün onuň ýanyna şondan birnäçe gün öň ussaň ýasan dutaryny süýräp, bir ýaş bagşy gelipmiş. Ussa onuň habaryny alanda, bagşy ýigit diýipmiş:
-Ussa aga, şü dutary näçe düzýänem welin, muny çalyp başladygym çalýan sazymda göwnüme bir zatjygy ýetmeýän ýaly bolup dur-da!
Şol jelegaýda adybelli ussa: “Seň emelsizligiňe men günäkärmi? Meniň ýasan dutarlarymy iň atly bagşylaram gepsiz-gürrüňsiz çalyp ýörler. Şolaryň-a dutarynyň kemi bar diýip ýanyma geleni ýok” diýip gaharlanmandyr. Gaýta oýa batypdyr. Birsellem pikirlenenden soň dutary eline alyp, ony eýläk-beýläk öwrüp görüpdir. Soňam ony yzyna uzadyp sesini çykarman içerik girip gidipdir. Sähel salymdanam eline kiçijik, naşyja çekiji alyp çykypdyr.
-Sakla hany munyňy, ogul!-diýip bagşa ýüzlenipdir.
Bagşy dutaryny ussaň aýdyşy ýaly saklapdyram welin, onuň gulagyna çekiçjigi bilen bir gezejik kakyp goýberipdir.
-Hany, indem bir çalyp gör!
Onuň bolşuna geňirgenen bagşy, göwünli-göwünsiz dutary çalmaga başlapdyr welin, dutar ýekeje-de çirksiz, bilbil deýin saýrap durmuş.
Ussa şonda uludan demini alypdyr-da, diýipdir:
-Ogul, indi ýadyma düşdi. Şol seň dutaryňy ýasap dynan günüm, bir ýere toýa görünmäge gaty gyssanypdym. Şo sebäpdenem bu dutaryňa birje çekiç kakuwy ýetmän galypdyr ekeni. Şondanam oň hemme sazy bulaşdyryp durany...
Düşündirip bildimmi? :-)
2. Has Türkmenden has iri, has uly göwrümli, düýpli şygyr eserlerine garaşýandygymyzy aýratyn nygtaýan.

Alnan çeşmesi: kitapçy.ru
2 лайков 360 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.