Şirhan näme diýýär?
Fransuz ýazyjysy, filosofy, Bernard Werberiň (18.09.1961ý.d.) bir sözi bar:
“Meň pikir edýän zadymyň,
Meň aýtmak isleýän zadymyň,
Meň göwnüme bolmasa, diýip duran zadymyň,
Meň hakykat-da diýip duran zadymyň,
Siziň eşidesiňiz gelýän zadyňyzyň,
Siziň göwnüňize bolmasa, eşidip duran zadyňyzyň,
hem-de siziň düşünesiňiz gelýän zadyňyzyň,
Siziň düşünip duran zadyňyzyň
arasynda,
düşünişmezligiň döremeginiň 10 görnüşi (warianty) dur.
Ýöne, onda-da, barybir, geliň synanyşalyň...”...
(Perişdeleň şalarşalygy (imperiýasy). Fransuzça: L’Empire des anges – 2000).
Bizem, geliň, ildeşimiz, ýaş ýazyjy Şirhan Allaberdiýewiň, az bolsa-da uz hekaýalarynda:
1. Näme diýýändigine;
2. Näme diýmekçi bolandygyna;
3. Näme diýesiniň gelýändigine;
4. Biziň onuň diýýäninden näme eşidendigimize;
5. Onuň diýmedik zatlaryndan biziň näme eşitmegimizi isleýändigine;
6. Onuň hakykat-da, bize diýip ýa-da diýmän, ýagny ýazyp ýa-da ýazman, näme eşitdiresiniň gelýändigine;
7. Biziň göwnümize bolmasa, onuň näme diýýändigine;
8. Onuň hakykat-da özi düşünip ýa-da düşünmän näme diýendigine;
9. Onuň şu günki diýen zadynyň ertir nähili eşidilmeginiň mümkindigine;
10. Onuň hakykat-da näme diýmäge mümkinçiliginiň bardygyna...
...ýagdaýymyzyň boldugyndan, ýagny bilim-düşünjämiziň ýetdiginden, göz ýetirmäge synanyşalyň!
*****
Ş.Allaberdiýewiň “Gara atly” mistiki hekaýasynyň mazmuny (salgysy: http://Islenen.ru/news/gara_atly_hekaya/2022-05-04-20861):
Hekaýa, adatça edilişi ýaly üçünji şahsyň (awtoryň) adyndandan däl-de, çeper gahrymanyň adyndan ýazylýar, ýagny gahrymanyň özi başdan geçirmesini gürrüň berýär. Wakada gahryman düýşünde, çölde, gündiziň güni, gorkunç sypatly, naýza-gylyçly, eýerinden ýüzüne bürgüdiň şekili tugralanan galkanly, gara atlydan elheder alyp, gaçyp barýar. Şol birwagtda-da çöl adaty köçe, gara atlydan gaçýanam öz işi bilen barýarka, birdenkä atly üstüne sürünýär-de ol gaçmaga başlaýar. Hiç kimem oňa kömek etmeýär.
Gahryman muňa geňirgenýär. Öz-özüne-de, okyjylara-da bu geňirgenmesini beýan edýän sowallary berýär. “Göz öňüne getiriň” diýip, wakaň geňligini okyjylaň aňyna ýetirmek üçin, olara ýüzlenýär. Soň belli bolýar, bu gara atly gahrymany öňem ençeme gezek şeýdip kän kowalaýan eken. Ine ýene-de depäň aňyrsyndan ol görünýär welin, gahryman endikli gaçyp ugraýar. Ýene-de ol köçede däl-de, çölde gaçýar. Çägelikde-de batyp-çomup gaçmak kyn.
Birdenem gahrymanyň aýagy sazagyňmy, sözeniňmi köküne büdreýär-de, ol ýykylýar. Soňam gara atlynyň gelip, özüne naýzasyny sanjaryna ýa-da gyljyny uraryna gözüni ýumup garaşýar. Emma gara atly bu hereketleň hiç haýsynam etmeýär. Şonda gahryman gözüni açyp, gara atla seredýär welin, onda özüni tanap haýran galýar.
Olaryň arasyndaky gepleşik:
“-Sen kim?
-Men sen!”.
Onsoň gara atly özüniň dokuz asyrdan soň şeýle namart, nalajedeýin bolup gaýtadan dünýä inendigine ahmyr çekýär.
“Gorkak” diýip maňa aýdýaňmy” diýip gahryman gatyrganýar.
Gara atly: “Saňa aýdýan, eger-de sen gorkak bolmadyk bolsaň, men seni näçe wagtlap kowalap ýörün, sen özüňi atly-ýaragly adamyň näme üçin yzarlaýandygyny bilmek üçin öňünden çykyp sorardyň. Seň bolsa gaçmakdan başga eliňden gelýän zat ýok” diýip gahrymanyň al-petinden alýar. Soňam özüniň şeýle namart bolup doglandygyna arman dartyp, ondan-a özüniň dowzaha düşenem bolsa gowy boljakdygyny nygtaýar.
Gahryman gara atlyň sözleriniň dogrudygyny içinden ykrar edýär. Şoň üçinem oňa onuň bakyşynyň öňünde durmak aňsat däl. Sebäbi heý, adamam bir öz-özünden gaçarmy?
Onsoň gara atly: “Men seni ýok etjek. Onsoň belki gaýratlyrak biri bolup doglaryn” diýýär-de, gylyjyny syryp, gahrymanyň depesinden inderýär. Gahrymanyň iň soňky gören zady şol gylyjyň güne ýalpyldysy bolýar. Şol ýapyldam gahrymanyň gözüni gapýar.
Hekaýa şu ýerde şarpa tamamlanýar.
*****
Indi, şu ýerde ilki bilen, soň her hekaýasyny seljerenimde, gaýta-gaýta hetjikläp, bu syn-seljermäni okaýanlaryň ýüregine düşüp durmaz ýaly, Şirhan Allaberdiýewiň kyssasynyň, ýagny hekaýalarynyň (sebäbi Ş.Allaberdiýewiň iri göwrümli eserlerine häzirki güne çenli men-ä duşmadym) ählisine mahsus umumy häsiýetler barada durup geçeýin:
1. Ş.Allaberdiýewiň hemme hekaýalaram, mysal üçin, kitapçy saýtynda goýlan: “Ynjalyksyz geçen gije”, “Gara atly”, “Läleli ýatlama”, “Syrlar açylan gije”, “Salam haty”, “Mazaryň üstündäki sagat”, “Birahat ruh”, “Bilgiç”...nowella häsiýetli.
Edebiýaty öwreniş ylmynda kesgitlenişi ýaly, kiçi proza eserleriniň “nowella” kysymyna bolsa: 1. Gysgalyk; 2. Ýiti sýužet ýordumy (gyzykly waka); 3. Beýan etmegiň tarapgöýsüz usuly (awtoryň suratlandyrýan wakasyna öz gatnaşygyny açyp görkezmezligi); 4. Çeper keşpleriň (personažlaryň) azlygy (iki-üçden köp bolmazlygy); 5. Çeper keşpleriň içki dünýäsine beýlebir çuň aralaşylmazlygy (psihologizmiň minimallygy ýa-da ýoklugy); 6. Garaşylmadyk netije ýaly häsiýetli alamatlar mahsusdyr.
Ş.Allaberdiýewiň hekaýalarynda nowellany emele getirýän şu häsiýetleriň hemmesem bar diýip hasap edýärin.
2. Hekaýalaryň göwrüminiň gysgalygy we gysbylygy;
3. Hekaýalaryň mistiki-hyýaly äheňde, mistiki sýužet ýordumyna daýanylyp ýazylmagy;
4. Hekaýalarda aýdyljak bolunýan zadyň hekaýanyň sýužetine duwlanmagy we göni aýdylmazlygy;
5. Hekaýalarda mistiki sýužetiň aýdylmak isleýän pikiriň gyzykdyryjy perdesi hökmünde ulanylmagy;
6. Tygşytly siwmolizm häsiýetlilik;
7. Hekaýalary okyjy bilen dialog görnüşinde gurnamak usulyndan işjeň peýdalanmak;
8. Milli identifikasiýa alamatlarynyň, ýagny türkmençilige mahsus däp-dessur, dil, mentallyk, taryh, medeniýet kodlaryny häzirki zaman bütindünçä, ählumumy adamzat kodlary bilen utgaşdyryp ulanmaga edilýän synanyşyk;
9. Hekaýalaryň belli bir derejede taýýarlykly, estetiki duýgulary ösen ýa-da belli bir derejede emele gelen okyjylara niýetlenen bolmagy we ş.m..
*****
Ş.Allaberdiýewiň hekaýalarynyň umumy alamatlary bilen birlikde, meniň pikirimçe, olaryň aglaba köpüsine mahsus kemçiliklerem agzaýyn:
1. Hekaýalaryň dilinde, ýagny tehniki tarapy bolan sözlemleri seplemek, emele getirmek, olaryň duýgy we pikir dykyzlygyny üpjün etmek meselesine has çynlakaý çemeleşmeli. Mysal üçin, Ş.Allaberdiýewiň ýokarda mazmuny beýan edilen “Gara atly” hekaýasynda gahrymanyň gaçyp ýörendigi hekaýaň dowamynda ençeme gezek hetjiklenýär. Bu hekaýaň diline, beýan ediliş yzygiderliligine awtoryň howul-hara garandygynyň alamaty. Ol öz okyjysynyň ýadyna ynamsyz garaýan ýaly, ol oňa gahrymanyň gara atlydan gaçýandygyny aram-aram ýatladyp durmasa, okyjy şony ýatdan çykarmagy mümkin ýaly:-).
Ýa-da şol hekaýasynda Şirhan öz gahrymanynyň “gorkak, namartdygyny” birnäçe gezek ýanjap aýdýar. Birinjiden-ä, türkmen dilinde “gorkak” we “namart” diýen sözler manydaş sözler (sinonimler). Ikinjidenem, okyjy gahrymanyň özüniňem özüne, oň antogonisti – gara atlyňam oňa: “namart” diýen kesgitlemäni berendigini undup ýetişmedi.
Edil şonuň ýaly, şeýle hetjiklemek ýa-da öz-özüni gaýtalamak endigi, Şirhanyň, gysgalygyň hem gysbylygyň görkezme esbaplarynyň biri hökmünde çykyş edip biljek, göwrümi bary-ýogy üçje tesimden (abzasdan) ybarat “Ynjalyksyz ruh” atly hekaýasynda-da ýüze çykýar (salgysy: http://Islenen.ru/news/ynjalyksyz_gecen_gije_mistiki_hekaya/2018-07-23-1484). Mysal üçin: “Oglanjyk ejesi-kakasy we agasy bilen ýaşaýardy. Olar juda agzybir maşgalady, bagtly, şadyýan ýaşaýardylar”.
Şeýlelikde bu mysaldan görşümiz ýaly, Şirhan bary-ýogy üç tesimlik hekaýada iki gezek oglanjygyň “ýaşaýandygyny” ýanjamaga ýol berýär.
Beýle kiçi müçeli kyssa eserinde bu öte kän bolýar.
Meň pikirimçe, bu mysal getirilen sözlemleriň ikinjisi: “Olar juda agzybir, bagtly, şadyýan maşgalady” diýen görnüşde beýan edilse, hekaýaň çeperçiligin-ä zyýan etmezdi, tygşytlylygynam artdyrardy.
2. Hekaýalaryň dili birneme garyp, türkmen dilinde manydaş sözler kän bolsa-da awtor şol bir sözleri tekstiň içinde ýakyn aralykda kän ulanylýar. Bu ýagdaýam awtoryň hekaýalaryny redaktirlemeklige, ýagny ýazyp bolandan soň, “hekaýaň gyzgynyndan” biraz açylyp, sowukganlylyk bilen teksti täzeden syntgylamaklyga howul-hara we ýüzleý çemeleşýändigini aňladýar. Munuň şeýledigine hekaýalarda ýol berilýän ol ýa-da beýleki grammatiki we orfogragfiki ýalňyşlyklaram şaýatlyk edýär. Mysal üçin: Ş.Allaberdiýewiň “Birahat ruh” atly hekaýasynyň birinji sözlemi: “Gyşyň gelmegi bilen meniň gatnaýan sport mekdebim ýapyp, ony etrap merkeziniň çetindäki mekdebe geçirdiler” (salgysy: http://Islenen.ru/news/birahat_ruh_hekaya/2019-05-10-6845). Bu sözlemde “mekdep” diýen gysga aralykda iki gezek gaýtalanýandygyndanam başga “mekdebim(+i)” diýlip ýazylman, grammatiki ýalňyşlyga ýol berlipdir.
Umuman, bu kemçilikler juda ownuk närseler we ýaş awtorlaň köpüsi tarapyndan haýsydyr bir üns bereniňe-de degmeýän maýdalyk ýaly bolup görünýär.
Ýaş awtorlara şeýle uşak-düşek maýdalyklar barada bellik edeniňde, ony yrsaramak diýip kabul edip: “Yrsaramaga başga bahana tapman, “ajaýyp” eserime göripligi zerarly, şu kadar kindiwanja zatjyga aslyşýa. “Süýde siňe seretseň gan görüner”...” diýip. öz ýanyndan oýlanýanlaram tapylýan bolmagy ähtimal.
Şu ýerde Nuryşka pahyryň (meşhur, Maryly satirik Nury Meredowyň) bir sözüni mysal getireýin: “Şü orsuň ORT-asyny (“OРТ” (Общественное Российское Телевидение) atly teleýaýlym bardy şol wagtlar) ýapyp, gowy etdiler. Türkmene orsuň ORT-asy gerekgäl. Türkmeniň öz ORT-asy bar (ýagny: “öz teleýaýlymy bar” diýen manyda :-))”. Edil şoň ýaly her ýazyjyňam öz guwanýan eseri barmyşdyk, şoň üçinem meň pikirimç-ä iliň nähili “ajaýyp” bolanda-da, eseri oňa gerek dälmişdik.
3. Şirhanyň hekaýalarynda simwolizm, meniň pikirimç-ä ýetmezçilik edýär. Elbetde simwolizmiň artykmaçlygy eseri zaýalap ýa-da awtoryň özünden özge hiç bir okyja düşünmez ýaly derejä eltip bilýär. Eserlerde simwolizmi ulanmak edil nahar bişirmek ýaly bir zat. Nahara duz, burç, ýag köp atsaň ony iýer ýaly bolmaýşy dek, oňa şol zatlary az atsaňam onuň tagamsyz bolýandygyna hemme kişi beletdir. Onsoňam aýry-aýry, üýtgeşijek naharlara narpyz, dalçyn, zenjebil ýaly yslyja otlary (приправа) ýerliklije atsaň, olaryň tagamynyň özboluşly süýjeýändiginem her birimiz bilýändiris.
Hekaýalarda simwolizmi ulanmagam edil şonuň ýaly. Hekaýaň häsiýetinden, sýužetinden, beýan edýän ideýasyndan ugur alyp, onda siwmolizmi ýerlikli hem ýeterlik ulanmak lazymdyr. Mysal üçin, Şirhanyň “Gara atly” hekaýasy tutuşlygyna simwolizmden ybarat bolmalyka, simwollar onda azlyk edýändigini duýsaň bolýar.
Üstesine-de Şirhanyň kyssaýy döredijiliginiň baş tematikasy, ýokarda-da belläp geçişim ýaly, tutuşlygyna diýen ýaly mistika žanryna ýykgyn edýär. Mistika bilen simwolizm bolsa dogan. Şol sebäpdenem mistika žanrynda simwolizmi näderejede ussatlyk bilen ulanyp boljakdygyny özleşdirmek üçin Şirhana Migel Anhel Asturiasyň “Mekgejöwen adamlary” atly eserini dykgatly okamagy maslahat berýärin.
4. Şirhanyň hekaýalarynda adatça, ilkinji jümläň täsirine degişli derejede ähmiýet berilmeýär. Göwnüňe bolmasa, ol jümleler awtor tarapyndan kelle döwüp, ýürek agyrdyp oýlanyp tapylman: “Äý bolýa-laý! Kellä depdi - ýazyldy” diýlip, bolşuna görä ýazylaýan ýaly. Emma eser üçin ilkinji jümle, eseriň adyndan soňky iň esasy wajyp düzüm bölekleriniň biridir. Ilkinji jümle hakda, birki ýyllykda kitapçy saýtyna goýmak üçin bir zatjyk ýazypdym. Şirhanyň döredijiliginiň şu ähmiýetli tarapy hakda aýdýanlarym düşnükli bolar ýaly, şo “zatjykdan” parçany şu ýere goýaýyn:
Islendik çeper eser üçin ilkinji jümläň – ilkinji sözlemiň iňňän wajyp ähmiýeti bar. Çünki, ilkinji jümle, iň bolmanda ikinji jümläni okamaga imrikdirýär. Olam gyzykly, özünçekiji bolsa, indikini...
Şeýdibem, okyjy eseriň “çeňňegine” ilýär.
Şeýlelikde, gödegräk aýdylanda, ilkinji jümle – bu ýazyjynyň (şahyryň) ezber balykçy deýin okyjyny gaňyrçaga ildirýän albaýlyk “gurçugy” :-).
Häzirki wagta çenli dünýä edebiýatynda iň täsirli we özüneçekiji ilkinji jümle hökmünde, aglaba köp ýagdaýlarda Lew Tolstoýyň Anna Karenina eseriniň başlanýan sözlemi hasaplanýar:
“Hemme bagtly maşgalalar biri-birine meňzeýär, her bir betbagt maşgala özüçe betbagt bolýar”.
Ondan başga-da, edebiýatda şu aşakdaky ýaly ýatda galyjy ilkinji jümleler bar:
“Makar özüni atmagyň kül-külüne düşdi”. Maksim Gorkiý, “Makaryň durmuşyndan hadysa”;
“Köp ýyllardan soň, edil atylmazynyň öň ýanynda, polkownik Aureliano Buendiýa, kakasynyň özüni buz synlamaga äkiden şol uzak gününi ýadyna salar”. Gabriel Garsia Markes, “Ýüz ýyl ýalňyzlyk”;
“Garageýimli adam çölde gizlenmäge çalyşýardy, atyjy bolsa ony yzarlaýardy”. Stiwen King, “Atyjy”;
“Bu Taýler birden-ä meni ofisiant edip işe ýerleşdirýärdi, birdenem meniň agzyma nili dykyp, baky ýaşaýyşy gazanmak üçin ilki bilen ölmelidigini yglan edýärdi”. Çak Palanik, “Urşujy kluby”;
“Kenarýakada täze ýüzüň – güjükli hanymyň peýda bolandygyny aýdýardylar”. Anton Çehow, “Güjükli hanym”...
Umuman şeýleräk.
*****
Indi, Şirhan Allaberdiýewiň tutuş prozasyna degişli umumy häsiýetlendirmeleri öz düşünişime, bilim derejäme we tejribäme görä, berenimden soň, onuň aýry-aýry hekaýalaryna dolanaýyn we bu synyň adynda bellenilşi ýaly “Şirhanyň näme diýýändigine” akyl ýetirmäge synanyşaýyn.
Ýokarda mazmuny gysgaça beýan edilen “Gara atly” hekaýasy näme hakda?
Göräýmäge alasarmyk düýş hakda, özem gahryman düýşünde özüniň züwwetdinligine ökünjini özboluşly formada gaýtadan başyndan geçirýär.
Emma, bujagaz aňlatma hekaýaň diňe birinji ýüzleýje gatlagy.
Hekaýaň ikinji gatlagy – adamyň ruhy – baky!
Biz ölýäs – ýene-de dogulmak üçin.
Gurbannazaryň meşhur setirleri ýadyňyza düşdümi?
Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat,
Ölüm näme?
Tebigata garylmak,
Bahara gül bolup getirmek şöhrat,
Daň-säherler pyntyk bolup ýarylmak.
Dostlar näme,
Giden günüň atlarlar,
Birnäçe gün seni ýatlar-köýerler.
Çyn ýürekden köňüllerin daglarlar
Soňra?
Soňra aglamasyn goýarlar.
Ýöne ýyllar geçip, üýşüp deň-duşlar
Gök otuň üstünden basanda gadam
Otlar olaň aýagyna çyrmaşar,
«Saklan! — diýýän ýaly — mähriban adam.
Keýpiňiz neneňsi? Barmydyr bir tap?
Gezip ýörmüsiňiz başlaryňyz jem?!»
Emma şol otlaryň ýüzüne garap,
Mendigimi bilmez olaň birisem...
(G.Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. 105 sah.).
Bu mysal getirilen goşguda Gurbannazaryň reinkarnasiýasy induslaryň dini dünýägaraýşyny beýan edýär. Adamyň ruhy onuň teni wepat edenden soň, onuň dirilikde ýaşan durmuşyna (günä-sogabyna, dharmasyna) görä ösümlikde, jandarda, mör-möjekde, guş-gumursyda ýa-da adamda täzeden direlip bilýär.
Emma, Şirhanyň hekaýasyndaky reinkarnasiýa bolsa, baryp-ha milady ýyl hasabynyň VIII asyrynda Merwde arap halypalaryna garşy tutaşan gozgalaňa ýolbaşçylyk eden ýalan pygamber (mutanabbi) al-Mukannaň döwürlerinde emele gelen, tersa ynanç – tanasuh (nakl, tanakkul, takammus, yntykal) hakdaky garaýyşlara meňzeşdir.
Şirhanyň “Gara atly” hekaýasynyň üçünji – esasy gatlagy bolsa, meniň pikirimçe şundan ybarat:
1. Mende şöhrady-şany dünýä ýaň salan ata-babalarym ýaşaýar!
2. Olaryň ynanjy, guwanjy, durmuşda daýanjy – gaýrat bolan! (Şu ýerde köne türkmenleriň meşhur: “Arym köýenden imanym köýsün”-ini ýadymyza salalyň! Nähili garadangaýtmaz badyhowalyk! Hiç zatdan eýmenmez gedemlik! Musulman bendesi üçin imandan wajyp hiç zat ýok. Emma köneler welin, şonam öz gaýratynyň, öz buýsanjynyň hatyrasyna terk etmäge hemişe taýýar bolupdyrlar).
3. Indi biz ownadyk. Öňküler üstlerine sürneni gördükleri oň üstüne gylyç syryp, jyza (naýza) parladyp, at dabradar ekenler. Biz bolsa diňe aňňatdan-aňňada bukulyp, gaçmany başarýas. Gyljyny depämizden inderse-de gözümizi ýumýas. Wadaryga!
4. Şoň üçinem mende ýaşaýan ata-babalarym maňa buýsanman utanýandyrlar.
5. “Men” diýlende “biz” göz öňünde tutulýar.
Bu hekaýanyň simwollaram şu ýokarky aýdylan üçünji gatlakdan gelip çykýar:
1. Men = Biz;
2. Çöl = ýurt;
3. Gara atly = şöhratly geçmiş;
4. Gaýrat/gorkaklyk = halkyň häsiýetiniň degradasiýasy, ýagny nämeden başlap nämä gelendigi.
*****
Şirhan Allaberdiýewiň ýene-de bir hekaýasy “Bilgiç”, ýene-de reinkarnasiýa meselesini, nesilleriň özlerinden öň ýaşap ötenler bilen ebedi ruhlaryň üsti bilen hemişelik bardygy hakdaky temany gozgaýar. Şirhanyň bu hekaýasynyň gahrymany ilki öz dostlary bilen palçylyk, bilgiçlik hakdaky gürrüňi gozgaýarlar. Nostradamus, Wanga, ekstrasensler hakda başlanan gürrüň, “obadaky Orazgül palça” baryp direýär we palçy, bilgiçleriň gümürtik “aýanlyklary” agzalýar. Soň sanha üýtgäp, hekaýaň baş gahrymany öz ýaşaýan jaýyndaky goňşusy pal atmakdan habarly, hakda ölenleň ruhlary bilen gepleşip bilýändigi agzalýan Wera daýza ýüz tutup, özüniň öňki ömründe kim bolandygyny bilmek isleýär. Spiritiki seansyň dowamynda Wera daýza aklyndan azaşýar. Gahryman bolsa şol günden başlap gyjakly-dutarly saz çalynýanyny, at aýaklarynyň güpürdisini eşidip ugraýar. Hekaýa gahrymanyň öýünde uklamakçy bolanda bagşynyň “Heserlini” aýdýan owazynyň gulagyna gelip başlamagy bilen, nusgawy nowella mahsuslykda, hekaýat edilmeginiň duýdansyz, şarpa kesilmegi bilen tamamlanýar.
Dogrusy, “Bilgiç” we “Gara atly” hekaýalaryň Şirhan tarapyndan haçan haýsynyň öň, haýsynyň soň ýazylandygyny anyk kesgitläp biljek däl. Ýöne, bu hekaýalaryň kitapçy saýtynda goýlan senesinden ugur alsaň, “Bilgiç” 27.01.2019 ýylda, “Gara atly” bolsa 04.05.2022 ýylda saýtda goýlupdyr. Şeýlelikde, fakt “Bilgiç” ilki ýazylan diýip netije çykarmaga doly esas bar.
Bu nämüçin gerek?
Bu iki hekaýa biri-biriniň üstüni sazlaşykly doldurýar. Ýagny, “Gara atly” halkyň taryhy gaýraty hakda bolsa, “Bilgiç” halkyň taryhy sungaty, kalbyny beýan etmegiň baş serişdeleriniň biri aýdym-saz hakda. Bir hekaýada gahrymanyň ruhy öňki diriliginde ýanbermez urşujy bolan bolsa, ikinjisinde ol halkyň göwnüni galkyndyran, derdini egsip, toýlarynda hezil beren bagşy.
Ýene-de bir bellemeli zat: bu hekaýada Wera daýza-da awtoryň özüniň doly aň ýetirip ýa-da ýetirmän, aňastaňynyň erki bilen hekaýa girizen simwoly.
Bu simwolyň ýorgudam: gahryman kimiň kömegi bilen öz taryhyna ser salýar, ýagny eýe bolýar?
Hekaýa çeperçilik taýdan erbet däl. Ýokarda beýan edilen umumy kemçiliklerinden saplasaň hem-de şu mazmunly, ideýaly, özboluşly hekaýalar bilen üstüni doldursaň, “Gara atly” hekaýasy bilen bilelikde, hekaýalardan düzülen powest bolup biljek.
*****
Şirhanyň ýene-de bir özboluşly hekaýasy “Syrlar açylan gije” (salgysy: http://Islenen.ru/news/syrlar_acylan_gije_hekaya/2018-09-29-2680).
Bu hekaýaň mazmuny şeýle:
Hekaýaň başynda çeper gahrymanyň Sähragül atly gelni işden wagty bilen gelmeýär. Ol gaharlanýar, garaşýar. Gelni gelende ýagşa süllümbaý bolup ezilen. Ol äriniň soragyna özüniň işdeş joralarynyň biriniň doglan gününde eglenendigini aýdýar. Şol gün gije erbet gyzdyrybam Sähragül jan berýär. Ony jaýlaýarlar. Söwer ýarynyň ölümini ýüregine sygdyryp bilmän, ony şol sowuk gabrystanlykda ýeke goýmazlyk üçin, gahryman gije gonamçylyga ugraýar. Mazarystanlyk gorkunç. Şol ýerde-de oň aýagyndan duýdansyz süňk el aslyşýar. El süýem barmagyny çommaldyp özüniň mazardaşyndaky ýazgyny görkeýär. Onda merhumyň dirilikde ejesiniň gadryny bilmän, hassa ejesine derman almak üçin berlen pullary haram keýpe sowup, oňa-da arzanjak dermanlaryny getirip berendigi hakynda tobasy hem-de özi üçin dileg edilmegini haýyş edýän zarynlamasy ýazylypdyr. Şondan soň ol dumly-duşdaky mazarlaryň daşyndaky merhumlaň dirikä eden günäsi ýazylgy (kim neşe söwdagäri, kim parahor, kim zynahor...) ýazgylary okap ugraýar. Käbir mazardaşynyň ýüzündäki ýazgyny bolsa gahryman hatda okamaga-da elheder alýar. Ahyrynda-da ol öz gelniniň mazaryna barýar welin, onuňam mazardaşynda şol ýagyşly gije özüni aldap, oýnaşynyňkyda zyna edip gelendigini okaýar-da, huşundan gidýär. Gahryman öwlüýäde özüne gelýär.
Bu gonamçylyk näme?
Ýa bu mazarystanlykdaky tobadaşlary näme, kyýamadyň repetisiýasymy?...
Hekaýaň sýužeti, tüýs şu döwrüň ýaşlarynyň ünsüni çekjek görnüşde düzülipdir.
Berekella.
“Berekella” diýýänimiň esasy sebäbi bolsa, bu hekaýa ýaşlary gyzykdyryp, olaryň aňynda galjak, çeper suratlandyrylan mistiki-real wakanyň üsti bilen olara öwüt berýänini, öwredýänini bildirmän öwretmegiň hötdesinden gelýär. Has dogrusy aýdanyňda, hekaýa öwretmeýär-de, aýna deýin görkezýär:
-Şeýtmäň! Barybir bilner! Şeýle-de bolarsyňyz! Özüňize erk ediň! Nebsiňize haý diýiň! Hemme nebsiňize: pul nebsiňize-de, jyns nebsňizi-de, söz, göz, jan, lezzet we ş.m. ähli nebsiňize-de jylaw salyň!
*****
Umuman, Şirhanyň her bir hekaýasam özbaşyna seljermäge mynasyp we olar özünde mistikaň we fantastikadyr fenteziň perdesine duwlanan belent ahlak ündewlerini saklýar.
Şirhanyň umumy döredijiligi hakda ýene-de bellemeli zat, onuň kyssasynda Edgar Alan Po mahsus bolan mistiki-detektiw äheňleri, kyssa eserlerini ýazmagyň şu görnüşine häsiýetli bolan düzüm bölekleri duýulýar.
Indi, döredijilik menziliniň çetinden ýaňy giren, ýaş ýazyjyň hekaýalaryna aýratyn üns bermegimiň sebäbi aýdaýyn. Halkymyzyň bir nakyly bar: “Boljak oglan bolşundan belli”. Şirhan Allaberdiýewiňem häzirki hekaýalarynda geljekde ussat çykjak, özboluşly ýiti zehinli ýazyjynyň eli duýulýar. Hut şo sebäpdenem, “Düýä häýt diýmegem medet” diýen nakyldan ugur alyp, özümiň hekaýalaryny gyzyklanyp okaýan we özümçe seljerýän, bu ýaş awtoryň döredijiligine syn ýazmagy makul bildim.
Meň pikirimçe, ýazyjylar, şahyrlar, beýleki sungat adamlary (elbetde, men bu ýerde “...sumaklaryň” däl-de “hakykylaryň” gürrüňini edýärin) – jemgyýetiň termometrem, barometrem. Olar haýsy žanrda ýazsalaram (özleri düşünip ýa-da düşünmän), öz eserlerinde hemişe öz ýaşaýan jemgyýetçilik gurşawlarynyň – adamlaryň, gündelik durmuşyň, köpçüligem, şahsyýetem azara goýýan meseleleriň, pikirleriň, duýgularyň keşbini çekýärler. Çünki edil baometrdir termometriň howaň basyşynyň, gradusynyň üýtgeýşine çusluk bilen reaksiýa bildirişi ýaly, döredijilik adamlaram jemgyýetde bolup geçýän islendik gymyldyny ilkinjileriň biri bolup syzýarlar, duýýarlar, oňa düşünmäge we öz eserleriniň üsti bilen şol närseleri töweregindäkilere düşündirmäge çalyşýarlar.
Şirhanam, meniň pikirimçe, heniz ýaş bolsa-da, az ýazýanam bolsa, şeýle ýazyjylaryň hilinden.
Indem şu ýerde Şirhanyň kitapçy saýtynda başlanyp taşlanan bir taslamajygyny agzaýyn. Şirhanyň “Geliň bilelikde dowam etdireliň!” atly taslamasy (salgysy: http://Islenen.ru/news/gelin_bilelikde_dowam_etdirelin/2018-12-26-4170), bir hekaýany kitapçy saýtynyň isleg bildiren agzasyna bilelikde ýazmagy, ýagny özi bir hekaýanyň başyny başlap, yzynam kim islese dowam etdirmegi teklip edýär. Ine şol taslamany tamamlaýan Şirhanyň sözlerem onuň tutuş döredijiligine degişli diýip hasaplaýaryn. Ol hamana her bir hekaýasyny ýazmasa-da hut şu sözler bilen tamamlaýan ýaly:
- YZYNY ÝAZMAK SIZIŇ BILEN GADYRDANLAR! HANY UKYP-BAŞARNYGYMYZY GÖRKEZELIŇ!
Galamyň ýiti, görjegiň gowy bolsun, inim!
Sözsoňy deregine: Bu synda öňkülerden tapawutlykda Şirhan Allaberdiýewiň kyssasyna etjek belliklerimi synyň içinde görkezendigime garamazdan, şol ýerde aýtmadyk käbir zatlarymy diýip galaýyn:
1. Şirhanyň döredijilik mümkinçiligi hem özboluşly, hem giň, güýçli. Kän zatlar ýazybam biljek, üýtgeşikden-üýtgeşik zatlar nesip bolsa, onuň zehininden dörärem.
Ýöne bir zady unutmaly däl: Hatda hakdan içenligiňem (geniallygyň) düzümi şundan ybarat:
a) 93 göterim – zähmet;
b) 3 göterim – zehin;
ç) 2 göterim – şowlulyk;
d) 2 göterim – Hudaý bilsin nämedigini...
2. Şirhan köp okamaly. Sebäbi näçe köp okadygyça ýazýan şonça-da köp öwrenýär, dili çeperleşýär, dünýägaraýşy giňeýär. Gurbannazarda bir genial söz bar: “Million setir okap, bir setir goýmak”. Ine şol galdyrmaga mynasyp, belki galmaga özi mynasyp bolmagyň hötdesinden geljek şol birje setiri goýmak üçinem azyndan million setir okamaly bolýar.
3.Temalarynyň ýaýrawyny giňeltmeli. Diňe bir ýa iki žanrda ýazmak bilen çäklenmeli däl. Başartmasa, ýazanyň gowy çykmasa – hiç. Bihuda diňe zähmetiň gidýär. Hatda olam bihuda däl. Iň bolmanda şol žanrda oňarmaýandygyňy bilip galýaň. Onsoňam öriňi giňeltdigiňçe gahrymanlaram sadalaşyp çylşyrymlaşýar, sýužetler täsinlige eýe bolýar, sözlemler garyplaşyp baýaýar.
4. Simwolizm meselesinde gadymdan biziň halkymyza hem-de umumy türki halklara mahsus bolan simwollary has gowy öwrenmeli, has düýpli özleşdirmeli.
5. Mistikada diňe günbataryň mistikasyna ýykgyn etmeli däl-de, öz halkymyzyň gadymy mistikasyna, esasanam halkymyzyň aglaba köp bölegine näbelli bolan Gök Taňry dinine uýlan döwürdäki mistika aýratyn üns bermeli. Çünki şol mistikaň, mifologiýaň elementleri häzirem biziň gündelik durmuşymyzda näçe diýseň duş gelýär. Olaryň özenine düşünmek bolsa, şol endikli närselere täzeçe garap, eserleriňi başgaça formulirlemäge, olary has baý mazmuna eýelik etdirmäge itergi berer.
Çeşmesi: kitapçy.ru

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.