Türkmeniň idealy bolupmydy?
TÜRKMENIŇ IDEALY BOLUPMYDY?
Dagdan belent, ýandakdan pes,
Boldy türkmeniň ykbaly.
Şeýdaýy.
1. Adyl patyşa – Taňry saýasy
Türkmeniň idealy bolupdyr. Milli ideal halkyň, milletiň isleg-arzuwyny, jemgyýetçilik ösüşini, geljegini ömür ýolunyň esasy maksadyna, manysyna öwürmäge ukyply şahsyýetleriň tagallasyndan döreýär. Milli buýsanç hem entek idealy aňlatmaýar. Şu ýerde akademik D.Lihaçýowyň pikirine salgylanmak ýerlikli bolar: “Meniňçe, milli idealy milli häsiýetden parhlandyrmak gerek. Ideal hemişe hakykat bilen gabat hem gelip duranok, hatda hemişe gabat gelenok diýse bolar. Şeýle-de bolsa, milli ideal örän zerur. Özüniň belent milli idealyny düzen halk şol ideala golaýlaşan genileri döredip bilýär.”
Türkmeniň döreden genileriniň biri-de Magtymgulydyr. Ol akyldarymyz Döwletmämmet Azadynyň ogly, kakasynyň terbiýesi bilen ýetişen şahyr, filosof. Magtymguly ähli babatda Azadynyň dowamydyr. Magtymgulynyň döremeginiň kanuny şertleriniň biri-de Azadydyr.
Türkmeniň milli buýsanjy diýlende, ony erkin durmuşa islegiň hemişe belent bolandygy, şonuň öwezine göreşmäge, zerur bolsa, jandan geçmäge ýaýdanylmandygy bilen düşündirse bolar. Emma şol erkinligi türkmen köplenç öz tiresiniň, iliniň çäginde göz öňüne getiripdir. Şonuň üçin hem millete häsiýetli bolmadyk bu çäklilik türkmeniň milli idealyna garşy duran agzalalygy döredipdir. Bu çäklilikden haçan dynsa bolar? Milli döwleti berkarar etmek bilen dynmaly. Eger Döwletmämmet Azady şu ideala gol ýapmadyk bolsady, belki, “Wagzy-Azat” kitabyny ýazmazdy. Bu kitabyň ýazylan mahaly Eýranda iki asyr dowam edip gelen gyzylbaşlaryň häkimliginiň güýçden gaçyp, tagt ugrunda içki dawa-jenjelleriň artan mahalyna gabat gelýär. Soňra dawalar owganlaryň agalygynyň ýaýramagyna, ahyrda-da sefewiler silsilesiniň agdarylyp, asly türkmen ili bolan awşarlardan çykan Nediriň şa tagtyny eýelemegi bilen tamamlanypdy, ýene-de Eýranda häkimlik berkäpdi.
Nediriň tagta çykmazyndan öň dörän böwşeňlik Azadynyň derejesindäki akyldary türkmen illeriniň bir döwlete birleşmeginiň ähtimallygy hakyndaky hyýala getirip biljekdi. Hyýal diýýänimiziň sebäbi bar. Entek ol diňe milli idealyň derejesindäki isleg hökmünde ýüze çykyp biljekdi, mundan aňry gitmäge ýagdaý ýokdy, taryhy şertler döremändi. Türkmen illeriniň dagynyklygy, syýasy hem ykdysady gatnaşyklaryň juda gowşaklygy Azady ýaly akyldaryň-da diňe öz iliniň çäginde bolaýmasa, tutuş halkyň çäginde tanalmazlagyna sebäp bolupdyr. Beýle çäkliligiň alamatyny “Wagzy-Azady” okanyňda-da bilse bolýar. Kitapda şol mahalky türkmen jemgyýetiniň ýagdaýy barada maglumatlar ýokdur, adyl häkimiň adyllyga gol ýapýan döwleti dolandyrmakdaky ahlak ölçegleri abstrakt hem didaktiki äheňlerde berilýär. Azadynyň bu eseri ýazmakda özünden iki asyr öň ýaşap geçen beýik şahyr, döwlet işgäri Alyşir Nowaýynyň “Mähbubul-kulub” hem “Haýratul-abrar” eserlerindäki pikirlere salgylanandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Nowaýynyň pähimi: “Eý, patyşa, sen häkimlik möhletiniň juda gysgadygyny unutma! Pygamber sargydyny unutma! Ol saňa adamlary bagtyýar etmegi buýrandyr. Seniň bagyň-da, bossanyň-da seniň halkyňdyr, sen onuň ökde bagbany bol. Seniň süriň seniň halkyňdyr, sen onuň ygtyýarly çopany bol. Çopan bimahal ymyzgansa, sürä gurt darar, sürä gan çaýkalar. Bagy-bossan taşlansa, agaç gurar. Eger zora ýanap, gedaýdan iňňe alsaň, iňňäniň pyçak bolup bagryňa sünjüljegini unutma! Gedaýdan bir sapak alsaň, şojagaz sapagyň dar agajynyň bagyna öwrülip, boýnuňdan iljegini unutma! Al şerapdan serhoş bolup, uzak gijäni bigäneler bilen şady-horramlykda geçirýän, haram keýp üçin naçarlaryň namysyny basgylaýan, il-güni talap, köşgi-eýwanyny lagly-merjenden bezän häkim pygamberiň sargydyny unudandyr, dinini, imanyny, ynsabyny ýuwdandyr. Ol hudaýyň ygtyýary birle häkimlige ýeten bolsa-da, halkyň ondan göreni zorluk, horluk, talaňçylyk bolar. Eý, häkim, hakyň ýoluna dolan, ahyretiňi ýatla, galan ömrüň ökünçde geçmesin!"
Döwletmämmet Azady-da adyl häkimligi Allanyň merhemedi bilen baglaýar. Onuň taglymatyna görä, hakyň nury adalatdyr. Din üçin janyny tükeniksiz jepalara goýan Muhammet Mustapa hakyň nurundan şöhle alandyr, adyldyr. Ol barça musulmana adyllygy buýrandyr. Jahanda häkim bolanlar adyl bolsa, olar ýer ýüzüne bezeg berer. Adyl patyşa taňrynyň saýasydyr, onuň ýurdunda mazlumlar myrat tapar. Onuň mähri-de hak tagallanyň mähridir, gahary-da hak tagallanyň gazabydyr. Adalatly patyşa din öýüniň sakçysydyr. Ol halkyň emrini tutar. Adyl patyşanyň emrini berjaý kylmak onuň raýatlaryna buýrulandyr.
Döwletmämmet Azady bet işe baş goşan häkimiň adalatsyzlygynyň garşysyna hakyň gudratyny goýmak bilen, ony mysallar arkaly berçinleýär: Bähram şa baglara salgyt salmagy ýüregine düwende narlaryň suwy, Kubat şa sygyr üçin salgyt salmakçy bolanda sygyrlaryň süýdi çekilýär.
Adalatly häkim ýurdy edara edende abadançylygyň her taraplaplaýyn artmalydygym, hojalyklaryň rowaçlanmalydygy, ylma-bilime, haýyr-sahawata ýol açylmalydygy, garyp-pukaralara maddy hem ruhy goldaw bolmalydygy ýekän-ýekän aýdylyp geçiliýär. Allanyň bendesi haýyr işiň keramatyna düşünip, ony minnetsiz berjaý eden halatynda rowaçlyk ýol alar. Öňi bilen adamyň ýüreginde rehim-şepagat bolsun. Omar Haýýam: "Bir göwne taý gelmez ýüz palçyk Käbe" diýen bolsa, Azady:
Käbe weýran etmekden müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede! – diýýär.
Azady döwletiň rowaçlygyny patyşanyň hem-de onuň raýatlarynyň ahlak päkliginde görýär, kämilligi hakyň ýoluna rakyplygyň derejesi bilen ölçeýär. Köne türkmen jemgyýetiniň on sekizinji asyryň başlaryndaky ýagdaýynyň döwlet möçberindäki adyllygy kabul etmäge näderejede taýýardygy barada dil ýarmaýar. Azady türkmen halkynyň durmuşyny syýasy, ykdysady jähetden derňemegi göz öňünde-de tutan däldir, tire-taýpa çäkliliginde ol başarardan kyn meseledi. Onsoňam Azady dine mahsus taglymatlara daýanyp, adamlary ynsaba çagyryp, olary haýyr-sahawat ýolunda ruhy kämillige ýetirmegiň hyýalynda bolan gumanist. Onuň bu tagallasynyň abstraktlyga ýakynlygyndan Azadynyň gowşak taraplaryny gözlejek bolmaly däl. Eger sowetler zamanyna häsiýetli synpy ideologiýanyň endigine gol ýapaýsak, Azadynyň rewolýusioner bolmandygyna ýene gynanyp başlarys. Biz Azadynyň Azadylygyny ýüze çykarmaly, ony öz islegimize, maksadymyza dahylly etjek bolup azara galmaly däl.
2. “Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar.”
Magtymguly: “Berkarar döwlet istärin” diýse-de, kakasynyň döwlet hakyndaky pikirini ösdürmändir. Meniň ynanjyma görä, munuň iki sebäbi bar. Birinjisi: Eýranyň tagtyna güýçli Nedir şanyň çykmagy Azadyda döwlet bolmaga umyt döreden böwşeňligiň soňuna çykýar. Nediriň imperiýasy çalt dargan hem bolsa, onuň ornuny türkmenleriň hemaýaty bilen eýelän gajarlaryň şalyk dinastiýasy mahalynda-da özbaşdak döwlet bolmak hyýaly taryhy şertlere gabat gelenokdy. Ikinjisi: Magtymguly durmuşa genilere mahsus reallyk bilen sereden adam. Ol kakasynyň adyl döwlet baradaky pikirleriniň hyýalydygyna göz ýetiren bolmaly. Azadynyň ýüreginde beslän adyl şasynyň diňe ertekilerde bolýandygyna-da düşünmeli, sebäbi, töwerekde häkimleriň tagt ugrunda alyp barýan göreşlerini, asly türkmen bolan awşarlardan, gajarlardan çykan şalaryň ganybir doganlarynyň başyna inderýän talaňçylygyny, gyrgynçylygyny gözi bilen görýär, olary näletleýär, “Zyndan etdiň bu jahany, sen Fetdah!” diýýär.
Magtymguly kakasynyň “Wagzy-Azat” traktatyndaky ikinji ugra ýykgyn edýär. Ol ugur Allanyň bendesiniň ynsap, iman arassalygyna, ahlak taýdan kämilligine barýan ýol. Bu ýolda taplanan adam hiç mahal ejize ganymlyk, zorluk etmeli däl, il-günüň agzybirligine, rowaçlygyna hemaýatyny ýetirmeli, häkimligiň humaryna maýyl bolup, bigünäniň ganyna galmakdan daşda durmaly. Edbetde, şahyryň ynanjy, islegi dini taglymatdan birjik-de aýralanmaýar. Diniň taryhy ýoly, ruhy-medeni baýlygy, täsin mistikasy Magtymgulynyň şahyrana dünýäsine iýmit berýän ynamly çeşmä öwrülýär. Türkmene ahlak kämilligi zerur, etmişiniň nähakdygyny öňünden paýhaslanyp bilmäge endik gerek, sabyr-takat gerek. Bulary türkmeniň kalbyna siňdirip biljek täsiri şahyr kyýamat bilen bagly pelsepede görýär.
Adyň bende bolsa, adam,
Dergahyňdan eýmenewer! –
diýen ýowuz duýduryşdan soň:
Tur säher Taňryga ýygla,
“Hak” diýip, ýüregiň dagla,
Toba gorun mäkäm bagla,
Kyrkyňa gelmesden burun! –
diýip, halypanyň ezberliginde parzlary jikme-jik aýdýar.
Üns berseňiz, Magtymgulynyň kyýamat goşgulary terkidünýälige, umytsyzlyga iterýän däldir, durmuş manysy barada oýlanmaga, ömür ýoluňa ser salmaga mejbur edýändir. Üşügi, sähel ynsaby bolan adam olardaky beýik manyny diňläp, arassalanan ýaly bolýar. Şahyryň çyn ynsançylyga mahsus ýürek açmasy, boýun almasy (исповедь), her bir okyjynyň, diňleýjiniň ýürek açmasyna öwrülýär, şahyrda ruhy halypasyny, ygtybarly söhbetdeşini görýär. Magtymgulynyň “kyýamat” atlandyrylýan eserleri iki asyryň dowamynda köpçülik üçin Gurhan boldy diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ony halk bagşylaryň dilinden eşidip geldi.
Şahyr hudaýyň bendesini haýyr bilen şeriň, jennet bilen dowzahyň aralygynda goýýar, oňa durmuşyň ýowuzlygy ýaly gönümellik bilen ynsan ömrüniň manysyny düşündirýär. “Adalatsyz, şerden doly dünýäde ynsanlyk mertebäňi neneň edip saklap bolar?” diýip, özüne gönümel sowal berip, çykalga gözleýän adama haýyr-sahawatyň ýönekeý ýoluny salgy berýär:
Gutular sen hak ýolunda jan berseň,
Hülle bolar bir garyba don berseň,
Saýa bolar bir mätäje nan berseň,
Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar!
Magtymgulynyň ynanjyna görä, ynsaba, ahlak päkligine, haýyr-sahawata gol ýapan adam maşgalasyna, tiresine, iline, halkyna agzalalyk salmaly däldir. Her bir adamyň ruhy kämilliginden iliň agzybirligi rowaç almaly. Şunuň ýaly global wezipä ähli zehinini bagyş eden şahyr türkmen durmuşynyň syýasy, ykdysady problemalaryna başyny sokup, onda taryhy sapaklary ündejek bolman, Biribaryň älemden giň ruhy gymmatlyklaryna arka direýär. Eger gündelik durmuş faktlaryndan çykaran netijäňi ündemekçi bolan halatyňda, agzala, biri-birinden üzňelikde ýaşaýan illerde saňa dürli-dürli düşünilmegi juda ähtimal. Her taýpa öz bähbidini araýar. Tireparazlyk, bähbide dar ölçegde düşünmek tekepbirligi, boýnyýogynlygy döredýär. Bu ýagdaýa düşüneni üçin hem Magtymguly ynsan ömri hakyndaky global pikirlerini aýdanda gündelik durmuşyň wakalaryna däl-de, bakylyga dalaş edýän ruhy baýlyklara daýanýar, olaryň ygtybary şahyryň pikirlerine dagyň berkligindäki daýanç bolmaly.
3. Sagdyn ruh
Akademik A. Samoýlowiç Magtymgulynyň türkmen illeriniň ählisine meşhur milli şahyr bolandygyny, türkmenleriň ruhy birligini gazanmakda onuň aýgytlaýjy hyzmat bitirendigini belleýär. Entek syýasy babatda birikmek, bir döwlete gulluk etmek elýetmez hyýallygynda galýardy. Tire-taýpa pytyraňňylygy, üssesine-de goňşy döwletleriň olary biri-birine öjükdirmek syýasaty, tekeler bilen günbatar ýomutlar bolaýmasa, galan illeriň şol döwletleriň garamagynda bolmagy ykdysady gatnaşyklaryň ýygjamlanmagyny bökdeýän faktorlardy. Agzalalyk türkmenleriň tebigatyna häsiýetli diýilýän pikiriň teýinde taýpalaryň, illeriň ýalňyzlygy ýatyr. Türkmeniň bir iliniň üstüne goşun sürüp gelen kesekiniň gapdalynda türkmenleriň özünden hemaýatçylaryň bolandygy gizläp bolmajak taryhy hakykat. Ony gizlejek hem bolmaly däl, aýyp bolsa-da aýtmaly, "aýbyny ýaşyran aýňalmaz" diýip, türkmen aýdypdyr. Bir iliň başyna düşen bela-beteri beýleki il köplenç öz betbagtlygy hökmünde kabul etmändir, has mojugy, käbir halatda ony kanagatlanma bilen garşylapdyr, goldaw berlen ýagdaýlaram bolupdyr ýa-da “ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok” edipdirler. Ajy hakykatyň anekdotlara tema bolmagy-da geň däl. Türkmenleri kyrk gulak gazana salyp gaýnadyp başlanmyşlar. Olaryň biriniň-de sypmajakdygyna gözi ýetik sakçylar ap-arkaýyn ýatanmyşlar, çykmak üçin gazanyň erňegine elini ýetirenleriň eline kakmak aladalary ýok diýýär. Sebäbi el ýetirenlere aşakdan goltgy bermäge derek türkmenleriň özleri olaryň aýagyndan çekýärmişler. Iň ýeser ýeri, bu ahwalat hakynda türkmenleriň özleri aýdyp, özleri hezil edip gülüşýärler. Bu gülki, elbetde, ýakymsyz, iňňän ajy gülki, emma onuň ýerliklidigi, derwaýysdygy, ruhy taýdan zerurlygy jedelsizdir. Eger halk özüne mahsus ejizligiň, nogsanlaryň üstünden gülüp bilýän bolsa, bu onuň ruhy sagdynlygyna dalaş edýän hadysadyr. Ine, Magtymguly şol ruhy sagdynlygyň umumy halk möçberinde ýüze çykmagyna tagalla eden beýik şahs! Munuň üçin ol agzala türkmen illerini paý-pyýada aýlanyp, wagyz edendir diýjek däl. Umuman, Magtymgulynyň goşgularyny okap, türkmen halkynyň şol döwürdäki, on sekizinji asyryň ikinji ýarymyndaky durmuşyny her taraplaýyn göz öňüne getirmek kyn. Munuň sebäbini ýokarda aýdypdyk. Şahyr alysdaky illere sözüniň ýetmegi üçin iň oňaýly serişdeleri ulanypdyr. Şu günüň dili bilen aýtsak, onuň kitaby-da, radiosy-da, gazeti-de bagşylar bolupdyr. Şahyryň saza gelýän çeper şygyrlarynyň ähli türkmene düşnükli dilde ýazylandygy, ýyllar geçdigiçe diňleýjileriň, hyrydarynyň artmagyna getirýär. Şu ýerde dil barada bir ýagdaýy aýdyp geçmek zerur.
Türkmen illeriniň özbaşdak, dagynyk ýaşandygyna garamazdan, onuň diliniň hemmelere düşnükli bolmagy, şiweleriň arasynda tapawudyň ujypsyzlygy halkyň birligini kesgitleýän möhüm alamatlaryň biri. Men muny esasan, bir delil bilen düşündirmekçi. Türkmen illeriniň erkin, garaşsyz ýaşamaga bolan islegi olaryň gününi agyrlaşdyrýar, Eýranyň, Buharanyň, Hywanyň goşuny hemişe olaryň söbüginde. Bir iliň goş daňyp göterýän ýerinde beýleki il goşuny ýazdyrypdyr. Häzirki Türkmenistanyň, Müňgyşlagyň, Türkmensähranyň çäginde karusel, türkmençeläp aýtsak, guýruktutda meňzeş ýagdaýda ýaşalypdyr. Dürli taýpalar tötänden goňşulykda ýaşamaly bolupdyr, soňra aýrylyşyp gidipdirler, garaz, illeriň arasyndaky üzňelik uzaga çekmändir. Gabawdaky, agyla meňzeş ýurtda birek-birekden uzak aýralygyň bolup bilmejekdigi diliň umumylygyna amatly şert döredýär. Şonuň üçin hem taýpalaryň ählisine düşnükli dil ruhy birligi döretmekde ägirt hyzmata eýe. Magtymgulynyň millet möçberinde belende göterilmeginde esasy sütünleriň biri ähli türkmene düşnükli diliň bolmagydyr.
Sagdyn ruhy adamyň ahlak, ynsap kämilliginde gören şahyr sözüniň halk möçberinde diňlenmegi üçin iki ugry saýlap tutýar. Birinjisi: öwüt-nesihat, ýagny, didaktiki ugur, ikinjisi: din, onuň sopuçylyk ugry.
Edebiň ýagşysy uluny syla,
Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz.
Bu sözler edep-ekramyň ýönekeýje beýany, emma şeýle nesihat şahyryň sadadan çeper, obrazly aňlatmalary arkaly halkyň arasynda nakyl derejesine göterilýär. Olar sazyň gapdaly bilen aýdylanda hasam täsirli, ýatdagalyjy. Dünýewi mekdebi bolmadyk, aglaba bisowat halk üçin Magtymguly edep mugallymyna öwrülýär. Her bir türkmen haýsy tireden, haýsy ildendigine garamazdan, terbiýä çagyrýan şahyryň sözüni çagalaryna tiredeşlerine ýetirmäge çalyşýar. Şahyryň sözi tire-taýpa çäginden ýokary göterilýär, sebäbi ol adamlaryň ýüregine jüňk zady aýdýar, hemmelere islegli pikirleri aýtmagy başarandygy üçin hem Magtymguly hemmeleriň isleýän şahyryna öwrülýär. Magtymguly çeper edebiýata edep sapagyny alyp barmak borjuny ýükledi, özünden soňky şahyrlara edep mugallymy bolmakda beýik nusga görkezmegi başardy. Magtymguly şahyrlaryň haýsy ilden çykandygyna garamazdan, olaryň şygyrlaryny ähli türkmene degişli ruhy baýlyk derejesinde kabul etmek tendensiýasyny, ýagny endigini ornaşdyrmagy başaran akyldardyr.
Magtymguly her bir adamyň öz eden etmişi üçin ynsabynyň, has beteri-de, bende hökmünde Allanyň öňünde jogapkärçilik çekmelidigini, kyýamat ahyrda her kimiň hasabata uçramalydygyny duýdurmak bilen, bu borjy dini pelsepä baglaýar. Onuň ýeke-täk sudýasy bar, ol hem Alla.
Kyýamat gün hemme işi puşmandyr,
Hak işine kähil bolsa adamzat.
Ýokarda, şahyr Hudaýyň bendesini haýyr bilen şeriň, jennet bilen dowzahyň arasynda goýýar diýipdik. Entek Hudaýyň bendesi şol synaga ýetýänçä, ömrüň manysy barada oýlanmaga pursat bar, şahyr şuny duýdurýar, okyjy bolsa, şahyry özüne maslahatçy, hemaýatçy tutunýar. Bu ýakynlyk, elbetde, ynsap ýakynlygy, ruhy ýakynlyk. Ruhy ýakynlyk tire-taýpa çäginden has belentde duran zat. Magtymguly ruhy giňişligi tutuş adamzada degişli dini gymmatlyklara salgylanmak, daýanmak arkaly biziň kalbymyza ornaşdyrýar.
4. Bakylyk sapagy
Yslamda sufistik (sopuçylyk) ugruň döremeginde şahyrana duýguly adamlaryň tagallasynyň uly bolandygyny aýtmaly. Dünýä poeziýasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran sufistik poeziýanyň türkmen edebiýatyna getiren tärleriniň ähli alamatlaryny Magtymgulynyň şygyrlarynda duýsa bolýar, ýöne olara akyl ýetirmek, olaryň inçeligini seljermek her kime başardyp hem duranok. Syrly alamatlara perdelenen pikirleriň manysyny ýaýmakda soňky döwürde türkmen edebiýatçylarynyň arasynda şowly synanyşyk edenler tapyldy. Şu babatda aramyzdan juda ir giden zehinli alym Muhammetnazar Annamuhammedowyň “Magtymguly gizlin syryň bar içde...”, çuňňur derňewlere dalaş edýän Aman Şyhnepesowyň “Magtymgulynyň älemi” atly kitaplaryny oýlanmagy halaýan okyjylara salgy berse bolar. Bu kitaplary okanyňda bir hakykata göz ýetirse bolýar: biz onlarça ýylyň dowamynda Magtymgulyny juda ýüzleý, birtaraply öwrenen ekenik. Beýle netijä gelmäge ady agzalan kitaplardaky çuňluk, dowam edip gelen ülňüleriň agalyk ediji ideologiýanyň emrinden dörän, hiç hili logika eýermeýän toslamalar bolandygyny hakyky ylmy derňewe mahsus inçelik bilen ýüze çykarylmagy mejbur edýär. Elbetde, türkmençilige mahsus soňky paýhasa eýerip, indi ökünşip oturman, dowam edip gelen nogsanlyklaryň özüne ýetik obýektiw sebäpleriniň bolandygyny aýdalyň, gysgaça seljerip geçeliň.
Magtymguly adamyň ynsap kämilligini gazanmakdaky tagallasyny hakyň ýoluna baglaýar diýipdik. “Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, gök titreýip, çeke bilmez bu derdi” diýende, Allanyň jemalyna aşyk bolan bendäniň söýgüsine gowuşýança geçmeli üç menziliniň: şerigatyň, tarykatyň, hakykatyň hupbatyna obrazly meňzetme berýär. Synag neneňsi agyr bolsa, miwe şonça-da datly. Ynsan ruhy bakylyga, hudaýyň ruhuna gowuşýar. Ol ýaşaýyşyň gündelik hysyrdysyndan, dawa-jenjelinden, şerinden ýokary saýlanýar. Asyl ynsan durmuşynyň manysy ýatyp-turmak, gara garnyňy doýurmak, baýlyk toplamak, ten ýakynlygynyň lezzetine maýyl bolmak däl ekeni, ruhy dünýä aralaşmak, Biribaryň ruhundan şöhlelenmek ony on iki süňňüniň aladasyndan dyndarýar. Ol alada möwsümleýin ekeni, neneňsi agyr ham-hyýallara, şermendeliklere duçar bolanyny ynsan bakylyga ýetende bilýär.
Magtymguly ynsan ömrüniň hakyky manysyny Bakylykda görýär. Ynsany Allanyň yşgyna maýyl edip, onuň ruhunyň ölmez-ýitmezligini tekrarlaýar. Ýetmiş ýyllap aňymyzy öz erkine, taglymatyna tabyn edip gelen bolşewik ideologiýasy Dini, Bütewi ruhy, Hudaýy inkär etmegi buýurdy, şeýdibem adamy Bakylykdan mahrum etdi. Adam Ruhuny ýitirdi, on iki süňňi bilen galdy, wagtlaýyn, geldi-geçer jandara öwrüldi. Seniň ykbal çözgüdiň haýsydyr bir daşky gudratyň emrine bagly däldir, proletar diktaturasyna daýanýan işçi-daýhan döwletiniň synpy syýasatyna baglydyr diýdiler. Şu ýörelgä köre-kör eýerýän nesiller ösüp ýetişdi. Halklaryň toplan ruhy baýlygy synpy ideologiýanyň eleginde elendi. Magtymgulynyň “kyýamat” toplumy, Biribaryň jemalyna maýyl bolup ýazan inçe lirikasy elekden geçmän galdy, olary kepek hasabyna urdular. Bu kepek sowet adamlarynyň aşgazanyna düşse, işçi-daýhan köpçüligini emele getirýän massanyň arassa beýnisiniň zäherlenmegi ähtimaldy. Olar birdenkä bakylyga ymtylaýsalar nädersiň! Gullara bakylygyň ne derkary bar!
Totalitar düzgüne daýanýan döwlet ideologiýasy, zorluga ýanap häkimligi saklaýan diktatorlar hemişe Magtymgulynyň ruhundaky şahyrlardan ätiýaç edipdirler, il ýüzüne olary mahabatlandyrsalar-da, olaryň poeziýasyndaky ynsan mertebesiniň belentligini, erkinligini, ruhunyň bakylygyny dabaralandyrýan beýik äheňlerden raýatlaryny bihabar saklamagyň alajyny görüpdirler.
5. Dynçlygym – rowaçlygym
Magtymgulynyň adamy ahlak, ynsap kämilliginde görmek islegi türkmeniň ýene bir idealy bilen baglydyr. Dagynyk türkmen asyrlaryň dowamynda rahatlygy, asuda durmuşy küýsäp geldi. “Bir günüm – hoş günüm” diýen sözi ýatlaň. Türkmeniň bu arzuwy, ony döreden sebäpler keseden gelen syýahatçylaryň hem paýhasyndan sypmandyr. K.Bodeniň “Türkmen topragynyň oçerkleri” atly kitabynda Etrek sebitlerindäki çarwalaryň durmuşyndaky pajygaly pursatlar barada ýazylýar. Etrekden günortada ekin ekýän ýomutlar pars hökümetiniň agyr salgydyndan sypmak üçin idili bişmedik hasyly howul-hara ýygnap, bir aýda bitirilmeli işi 12-15 günde tamamlamaga mejbur bolýarlar, uludan-kiçä ýaga düşüp işleýärler, azyklygyny alan batlaryna sähra tarap sumat bolýarlar. Gürgen jülgesiniň gözelligini taryp eden awtor soňra şeýle ýazýar: “Men onuň zähmetsöýer ýaşaýyjylaryny haladym. Olaryň doly rowaçlygyna diňe parahat hem howpsyz durmuş kemlik edýär. Olaryň göwün islegini, talabyny berjaý etmezçe-de däl-ä, olar: bizi öz günümize goýsalar bolany diýýärler”.
Elbetde, türkmenleriň bu islegine goňşy ýurtlaryň häkimleri biperwaýdylar. Olar edil alkymlarynda türkmen taýpalarynyň dynçlykda ösňemeklerini islänokdylar. Türkmen illeri parahat durmuşda baryp-gelişseler, alyş-çalyş etseler, ýakynlaşsalar, dilleriniň, nesil daragtynyň bir kökdendigine ymykly düşünerler, buýsançlarynyň artmagy, soňabaka bir hana, bir döwlete gulluk etmek meýilleriniň döremegi ähtimaldy. 16-17-nji asyrlaryň dowamynda ýüz elli ýyla golaý wagt Uzboýyň sebitlerinde, ýagydan uzakda ýaşan teke, alili, ýomut illeri özüni dürsäp, ösňäp, täze örüleriň gözleginde Balkan sebitlerine ýaýramaly bolupdylar.
Agzalalyk türkmeniň içki derdidi. Bu derde ýoluganlaryň ählisine mahsus bir alamaty belläp bolar: olar ildeşleriniň öňündäki etmişleri üçin ökünmäge derek etmişe sebäp bolan delilleri özlerini aklamagyň şübhesiz fakty hökmünde öňe sürýärdiler, olary ykrar etmegi tiredeşlerinden talap edýärdiler. Bu talaby tire raýdaşlygyndan gelip çykýan kanuny hukukdyr öýdýärdiler. Köplenç halatda tiredeşlerinden goldaw hem tapýardylar. Goldawyň bolmadyk halatynda etmişli adam tiräniň abraýyna kast iş eden näkese öwrülýärdi, onuň döreden nogsanyny düzlemek maksady bilen zyýan çeken tarapa töwellaçy ýollanýardy. Töwella paýhaslylygyň alamaty bolsa-da, tire agzalary ony höwessiz, belli derejede masgaralygyň nyşany hökmünde kabul edýärdiler, özleriniň ýazyklydyklaryna garamazdan, içlerinde nähilidir bir kitüw saklaýardylar.
Ine, Magtymgulynyň ahlak kämilligine bolan umydy amala aşanda tireparazlykdan beleň alýan tekepbirlik soňlanmalydy, hakyň ýoluna mahsus toba, sabyr, şükür etmek ýaly haýyr işler içki derdiň dermanyna öwrülmelidi. Magtymguly duýdurýar:
Gapyl bolup emri-magrup etmeseň,
Bilip durup, dogry ýola gitmeseň,
Ahyret ýaragyn munda tutmasaň,
Peýdasyz puşeýman, zarlar alnyňda.
6. “Gasygy gam bilen doly dünýä, heý!”
Neneňsi bolanda-da, Azadynyň, Magtymgulynyň hakyň ýoluna, haýyr-sahawata bagly moraly abstrakt hem uniwersallyk häsiýetindäki moraldyr. Onuň hökmanylyk şertleri diniň parzlaryny hem wajyplaryny gyşarnyksyz berjaý etmekden gözbaş alyp gaýdýar. Şol bir mahalda-da bu şahslaram iliň içinde ýaşap, ildeşleriniň hal-ýagdaýyny gurup ýören adamlar bolany üçin, töwerekdäki ahlaksyzlyklar, adalatsyzlyklar wagtal-wagtal olaryň kalbynda şeýle bir gahar-gazap döredipdir welin, din hadymlaryny-da gaýgyryp oturmandyrlar. Beýle ýowuzlyk aýratynam Magtymgula häsiýetli.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.
Ýa-da:
Işanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ýok myjabat ýapylar,
“Öwlüýä men” diýip, jögi sopular,
Gygyryp, asmana böke başlady.
Ýa-da:
Çykar beýewana gyzy, gelini,
Ak ýüzüne ýapar gara telini,
Kemçinlik eýleýip ýygan puluny,
Düzedip, özüne daka başlady.
Eý, Hudaý, bi ne ahwalat! Bular Magtymgulynyň agzyndan çykjak sözlermi diý! Muny türkmeniň gelin-gyzyna diýdimikä beri? Magtymguly keseki halky garalap, ýa-da oňa gargap ýeke setir ýazmadyk şahyr, indi ähli gaharyny öz halkyndan çykarjak bolýarmyka? Ol öz halkynyň, öz döwrüniň ogly, sylagly-serpaýly ogly. Halkyna buýsanmaga, guwanmaga, jany ýananda onuň nogsanlaryny köteklemäge-de hakly. Biz ýaşan döwrüne Magtymgulynyň ygtybarly şaýatlygyny inkär edip bilmeris. Ýokarky setirlerde abstrakt moralyň howaýylygy ýok, şahyr gözüniň görýän aýylgançlygyny ýüregine sygdyryp bilenok, gaharyň badyna etikany-da, alan terbiýesiniň sypaýylygyny-da birdem unudýar, paýyş sözdenem gaçanok.
Oba ujundan bardym öý soraşmaga,
Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr.
Bu dagy hiç zat, aýylganjyny indi eşidiň:
Magtymguly, hasaby ýok görenim,
Tama tutup, umyt elin serenim,
Obasyna ärmiş diýip baranym
Etegne el ursam, ... çykypdyr.
Ýeri, muňa näme diýjek!? Şahyryň gözel ilinden göwni geçipmi? Mundan öň çilimiň, nasyň, gybatkeşligiň zyýanyny sypaýy mugallymyň asuda heňinde düşündirip gelen şahyra ne döw çaldy?! Ýa-da “jany ýanan taňrysyna gargar” diýlenimikä? Ol ertir “namart” ilinden ýüz öwrüp, huw-hak diýip, daglara-daşlara özüni urjak diwana meňzeýän-ä däldir?..
Şahyryň özi-de şu sowallaryň çözgüdini gözläp, çar ýana urnan bolmasyn? Adamlar hakyň ýoluna pitiwa kylan halatynda beýle şumluklar bolmaly däl-ä! Näme sebäbe şahyryň mukaddes kitaplardan okan moraly bilen dünýäde bolýan ahwalatlaryň arasynda juda uly parh bar? Bu sowal şahyry pany dünýä hakyndaky çuňňur oýlanmalara getiripdir.
Bir aýbyň bar, diýrem seniň ýüzüňe
Hiç kim bilen ýola gitmediň, dünýä! –
diýýär.
Pany dünýäni özüne garşydaş tutunýar. Ykbal oýnunda oňa fatal gutulgysyzlygyň meýdany hökmünde garaýar.
Bolan günüň toýdur, ölen günüň waý,
Başdan-aýak galmagalmyş bu dünýä – diýmek bilen, ýagşyzadalaryň, keramatlylaryň keç ykbaly üçin panydan hasabat soraýan äheňde: “Döwlere höküm eden Süleýmany nätdiň, Baba Omar gaçdy, belki, gutulardy, ony kowa-kowa sen tutduň, dünýä!” diýýär. “Süleýman tagtyny tar-u mar etdiň, Ýusupny gul diýip satdyrdyň”, “Hezreti Adamny haýran eýlediň”, “Hezreti Isgenderiň ahyr jaýyny görüstan etdiň” diýýär. Ahyrky netijesini aýdýar:
Adam oglun saldyň tükenmez gama,
Ýaş-garry-ýolunda sergezdan heme,
Bir mada eşek dek gelip sen deme,
Gasygy gam bilen doly dünýä, heý!
Ýa-da:
Niçe wagtdan bäri iýer, doýmaz sen,
Ýykylgyn, ýumrulgyn, loly dünýä, heý!
Hawa, bu bir pany dünýä, mundan “her kim ýük ýazdyryp, geçip baradyr”. Iblisiň oýnuna bakylyk buýrulan däldir, şonuň üçinem, ol panyny şer işleriň mesgenine öwürsem diýýär. Şu apata düşünýän şahyr “hak ýanynda dileginiň kabul bolmagyny” isleýär, “Ýaradan, har etme, bolgul habardar, ýogsa işim arman eder bu dünýä” diýip özelenýär. Ol il-günüň başyna düşen agyr ahwalatlarda iblisleriň gazaply, haram oýunlarynyň ajy miwesini görýär. Meseläniň bakylyk-panylyk ölçeginde global goýulmagy, şahyryň göýä iline mahsus nogsanlar barada ýanyp aýdan ýakymsyz pikirlerini dar manydan halas edýär. Eger dar ölçege mahsus maýdaçyllyga ýüz uragadan, olary haýsydyr bir iliň, halkyň adresine ýöňkejek bolaýsak, şol halat Magtymgulyny öz derejämize çenli peseltmekçi bolýandygymyzy unutmalyň. Geniler belli bir halkdan döreselerem, olaryň akyl-paýhas dünýäsine Älemiň bimöçberligi mahsusdyr. Hut şu zerarlam Magtymgulyny türkmençiligiň derejesinde seljermän, gaýta, türkmençiligiň nä derejede Magtymgulynyň dünýäsine gabatlaşýandygy barada oýlanmalydyrys.
Tirkiş JUMAGELDIÝEW

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.