Aglaşdylar...

Aglaşdylar,
Göterdiler jesedin,
Nowjuwan, açylan ter gözel gyzyñ
Ýöne il içinde gepi köpeldi,
Myş-myşlar göterdi öliniñ yzyn.

-Ol, edeplidi.
Estagfuralla,
Adamzat ölmese, görjek her zady
Akylly diýäniñ çykýar bihaýa
Jaý ýerine ýetmänkä, porsady ady.

-Özüne kast etjek gyzlardan däldi.
-akyllydy,
-edeplije çagady,
-Aýt joram, bu zadyñ sebäbi näme?
Ene welin, bagryn tutup aglady,

Gyz gitdi.
Göwrelimiş diýdiler,
Käsi ýeter-ýetmezlikden diýişdi.
Anyk sebäbini bilýän adam ýok,
Myş-myş gybatlara, siñekler üýşdi.

Ýöne,
Gyz namysynam gorapdy,
Ýetmezçilikdenem çekmezdi nalap,
Kalbyna ot salan kiçijek haty,
Okap, geçiripdi gijesin aglap...
...Aglaşdylar.
Aglaşdylar ses edip,
Ýany bilen äkidipdi syryny.
Gybatyn etdiler, giden jesediñ,
Güman tutdy, hakykatyñ ýerini.


Remezan Mämetgurbanow.

01.10.2022ý










5 лайков 175 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
01 ноя 2022, 20:34
Nähili hat barada aýdylýar?
Öwreniji
Автор 01 ноя 2022, 20:51
Ejegyz
Nähili hat barada aýdylýar?

Ýany bn äkidipdir syryny, hatda söýgülisiniñ ölenini eşdýärmiş???
Ejegyz.
01 ноя 2022, 20:55
Remezan,
Galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!
Gynandym :(
Ahmet
06 ноя 2022, 19:25
Bolan waka bir diýäýme...
Eger bolanam bolsa yzy ýarasyn! Gynandym...