Gybatyn etdiler giden jesedin

Aglaşdylar,
Göterdiler jesedin,
Nowjuwan, açylan ter gözel gyzyñ
Ýöne il içinde gepi köpeldi,
Myş-myşlar göterdi öliniñ yzyn.

-Ol, edeplidi.
Estagfuralla,
Adamzat ölmese, görjek her zady
Akylly diýäniñ çykýar bihaýa
Jaý ýerine ýetmänkä, porsady ady.

-Özüne kast etjek gyzlardan däldi.
-akyllydy,
-edeplije çagady,
-Aýt joram, bu zadyñ sebäbi näme?
Ene welin, bagryn tutup aglady,

Gyz gitdi.
Göwrelimiş diýdiler,
Käsi ýeter-ýetmezlikden diýişdi.
Anyk sebäbini bilýän adam ýok,
Myş-myş gybatlara, siñekler üýşdi.

Ýöne,
Gyz namysynam gorapdy,
Ýetmezçilikdenem gezmezdi nalap,
Kalbyna ot salan kiçijek haty,
Okap, geçiripdi gijesin aglap...

...Aglaşdylar.
Aglaşdylar ses edip,
Ýany bilen äkidipdi syryny.
Gybatyn etdiler, giden jesediñ,
Güman tutdy, hakykatyñ ýerini.

Remezan Mämetgurbanow
6 лайков 159 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
22 янв 2023, 11:26
Baybah. Pikirlendiryar
Yusupahmet93
22 янв 2023, 13:04
Gowy goshgy bolupdyr
Venus
22 янв 2023, 13:48
Oýlandyrdy...
ýüreksözi
Автор 22 янв 2023, 14:20
Venus23,
Bagyslan men sahsym islanokda
Venus
22 янв 2023, 15:03
ýüreksözi,
Şahsy hata bassaňyz girýä. A tak profile girip soň girjek bolsaňyz girenok
ýüreksözi
Автор 22 янв 2023, 15:11
Venus23,
Yok menem sahsy hatdan barladym bolmady neme o (sahsydaky)soragynyzynam jogaby HOWA