Her gijede

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Bu bolşuňy mundan beýläk ýeň boldy
Aglamadym berlen çapraz ykbala,
Güldüm gülmedik durmuşa -
Geň gördi.

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Ýalňyşlarmy çözmekçidim sençeräk
Çakyşdyryp gamdan doly badany,
Ruhuň bilen gussa iýdim çemçeläp

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Haýra ýordum bolanlaryň baryny
Güýze döndi geçip giden baharym,
Tomus aldym gyşyň berjek garyny

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Pikirlerim ýalňyzlygy gurnaşýar.
Sensiz günler hiç bolmajak ýalydy,
Boljak eken, durmuşyma ornaşýar...


Ylham GURBANALYÝEW
2 лайков 79 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
22 янв 2023, 13:35
Gaty gowy gosgy pikir aydyn acyk gorkezilipdir
Telwas
22 янв 2023, 18:29
Şu oglanyň döredijiligi meň üçin gyzykly we özüne çekiji. Delje sözler ulanmagy başarýar. Galamyň bady ýatmasyn, ylhamyň egsilmesin ýigit!
Venus
Автор 22 янв 2023, 19:49
Nirvana, Salam. Sagboluň, minnetdar! Nesip bolsa.