Sindi gozyasym
Siñdi gözýaşym
(Ganyñ ysy gelýän bolsa hatymdan,
Gözýaşlarym damandyrda setirme.
Aman Sary)
Içime gysyldym gursagym türme,
Ýazdym gaýgy-gussam ençeme ýaşym.
Ýazan her bendimiñ, her bir setirme,
Belki-de siñendir ajy gözýaşym.
Şahyr däl men, ýene gaýtalap aýtýan,
Ýa ýyly bolmady sözler kuýaşym.
"Seniñki däl" diýip özüne çekýãr,
Şeýle kysmatyma siñdi gözýaşym.
Ýalñyşymda güldiñ, dogrym synlan ýok,
Bardyr belki gözüm üstünde gaşym.
Şonda-da "siziñki dogry" diýiber,
Ýalñyş kän taparlar, siñer gözýaşym.
Şol gün geler toprak özüne çeker,
Baş ujyñda goýup gojaman daşyñ.
Şol pursat gadryñy bilerler belkem,
Dirikäñ gadry ýok siñen gözýaşyñ.
Hemmä ýarap bolmaz ýalan panyda,
Bäş günlikdir wagtlaýyn baryda,
Gyssanma gezegi geler sañada,
Goşga däl-de kalba siñdi gözýaşym.
Jemshit Hajymammedow
(Ganyñ ysy gelýän bolsa hatymdan,
Gözýaşlarym damandyrda setirme.
Aman Sary)
Içime gysyldym gursagym türme,
Ýazdym gaýgy-gussam ençeme ýaşym.
Ýazan her bendimiñ, her bir setirme,
Belki-de siñendir ajy gözýaşym.
Şahyr däl men, ýene gaýtalap aýtýan,
Ýa ýyly bolmady sözler kuýaşym.
"Seniñki däl" diýip özüne çekýãr,
Şeýle kysmatyma siñdi gözýaşym.
Ýalñyşymda güldiñ, dogrym synlan ýok,
Bardyr belki gözüm üstünde gaşym.
Şonda-da "siziñki dogry" diýiber,
Ýalñyş kän taparlar, siñer gözýaşym.
Şol gün geler toprak özüne çeker,
Baş ujyñda goýup gojaman daşyñ.
Şol pursat gadryñy bilerler belkem,
Dirikäñ gadry ýok siñen gözýaşyñ.
Hemmä ýarap bolmaz ýalan panyda,
Bäş günlikdir wagtlaýyn baryda,
Gyssanma gezegi geler sañada,
Goşga däl-de kalba siñdi gözýaşym.
Jemshit Hajymammedow
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.