SÖHBET
Adamy adamjyk lak-luk atýarmyş,
Sen — adamjyk, a men weli adam däl.
Wah, adamjygam däl.
Men — Gurjajyk.
Hudaýyň doglan gününe berlen gurjajyk-da men.
Elbetde, elbetde, senem gurjajyk.
Ýöne adamlaň elindäki gurjajyk-da sen!
Wiý!
Gurjajyk däl, hä, sen?!
Adamjygam däl?!
Adam dur, hä, alnymda?!
Başga-da köp Adamlar bar ýanymda?!
Şeýlemi?!
Hany?!
Hany Adam!
Men-ä Adam göremok.
Müňňüldeşýän gurçuklar-a görýärin.
Eger adam bolsa görerdim-ä men.
Maňa sorag berip,
Eý, Gurçuk, gürleýäňm-aý sen?!
✏Laçyn PÜRJÄÝEWA
Sen — adamjyk, a men weli adam däl.
Wah, adamjygam däl.
Men — Gurjajyk.
Hudaýyň doglan gününe berlen gurjajyk-da men.
Elbetde, elbetde, senem gurjajyk.
Ýöne adamlaň elindäki gurjajyk-da sen!
Wiý!
Gurjajyk däl, hä, sen?!
Adamjygam däl?!
Adam dur, hä, alnymda?!
Başga-da köp Adamlar bar ýanymda?!
Şeýlemi?!
Hany?!
Hany Adam!
Men-ä Adam göremok.
Müňňüldeşýän gurçuklar-a görýärin.
Eger adam bolsa görerdim-ä men.
Maňa sorag berip,
Eý, Gurçuk, gürleýäňm-aý sen?!
✏Laçyn PÜRJÄÝEWA
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.