Eger...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Men tokaýda ýaşardym...
...A-a-ah, gowakda ýaşardym...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Atamyň atasam diri bolardy...
...Adamyň atasam bolardy diri...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Näletsiňen telewizor bolmazdy:
...meni uzakly gün öweldip goýan,
meni öz öýümde sogan dek soýan,
Ah, jadygöý, ýylan, şeýtan diýsänim...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Men mun ýaly şahyr bolup ýörmezdim,
...Adam bolardym...
Eger pul bolmadyk bolsa,
...Ýa:şa:r ýörerdim,
Işläp ýörmän...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Elbetde myn ýaly hezil bolmazdy.
...Iň esasy bolsa, mazaň bolmazdy...
Laçyn Pürjäýewa
01.02.2008ý.
Men tokaýda ýaşardym...
...A-a-ah, gowakda ýaşardym...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Atamyň atasam diri bolardy...
...Adamyň atasam bolardy diri...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Näletsiňen telewizor bolmazdy:
...meni uzakly gün öweldip goýan,
meni öz öýümde sogan dek soýan,
Ah, jadygöý, ýylan, şeýtan diýsänim...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Men mun ýaly şahyr bolup ýörmezdim,
...Adam bolardym...
Eger pul bolmadyk bolsa,
...Ýa:şa:r ýörerdim,
Işläp ýörmän...
Eger pul bolmadyk bolsa,
Elbetde myn ýaly hezil bolmazdy.
...Iň esasy bolsa, mazaň bolmazdy...
Laçyn Pürjäýewa
01.02.2008ý.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.