MEN UÇMAK ISLEDIM..

"MEN UÇMAK ISLEDIM.."

"Guşlaryñ gaýyşy içimi ýakýar"

Men uçmak isledim,
Onda-da neneň?!
Arkamda asmany göterip mäkäm.
Bolmady...
(Bagyşlaň, hormatly mollum,
Ikilikçiligme guşlar günäkär).

Onsoň, ýerden ýyldyz çöpledim ýördüm,
Oýlamadym - gereksizmi, gerekli?
Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar,
Soñ, özüme täze asman döretdim.

Emma jinnek ýalam peýda görmedim,
Uzak gije entäp, ýaşlygym yrýa.
(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar
Serhoş bolup, özün asfalta urýar).

Besdir indi, meni erkime goýuň!
Gürrüñ bermäň - peýda näme, haýyr nä?
On bäş ýyllap çörek üçin okadym,
Haýry nä?!
Durmuşda näme gerekli?
(Maňa lezzet berýän sary ýapraklar
Köçe syrýan daýzalara ezýetdi).

Kanunlara baş göterdim şeýdibem,
Halys bolup "Ýeriň dartyş güýjünden".
Men uçmak isledim,
tussagdym emma
Ömürboýy atmosferaň içinde.

© Begençgeldi ORAZOW

https://edebiyat.clan.su/news/zeyrenc/2023-01-07-405
3 лайков 140 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Venus
09 янв 2023, 19:36
Salam. Başga goşgusy barmy?
kesirkelle
09 янв 2023, 19:48
Saňa şo bir zady gaýtalar ýörerin,
Nädip bolar seniň göwnüňe ýarap - 
pikrin etmerin.
Bilýäň-ä, onsuzam işim köp meniň,
Men kowýan guşlary günorta tarap.


Ýarygije oýanyp, tukat şäheriň
Gussasyny ölçeýärin sönmedik
çyralaryndan.
Gyşa aşyk guşlaň sowukdan gatan
jesedini ýygnaýaryn ýodalaň
gyralaryndan.


Säher ýollaň çyralarny söndürýän,
Oýarýan ukusyz awtobuslary
Hem çekip bulutlaň şekillerini,
Ýüp bilen berkidip, göge asmaly.


Soň,
şäheriň adamlary irende,
Ýetimleriň hüwdüsine hiňlenýän.
Gün doganda, duralgalaň birinde
Gelmezmik-ä diýip garaşyp görýän
kimdir birine...


...Her gün öz-özümden gaçyp ýörün men,
Seni gujaklamda aglasym gelýär.
Özümi ugradyp başga ýerlere,
Menin seniň bilen galasym gelýär.


Begençgeldi Orazow
kesirkelle
09 янв 2023, 19:48
UZAK ÝAÝLADA ENÄNIŇ AGYSY

Duşman ýesir aldy hyýallarymyzy,
Gerek bolany üçin däl ýöne.

Elden aldy bagtly çagalygymyzy,
Bagt isleýäni üçin däl ýöne.

Bütin şäher içre gopdy harasat,
Şemal öwüsýäni üçin däl ýöne.

Emma munda dymýar ähli adamzat,
Lal bolany üçin däl ýöne.

Bäbekler çyrlaýar ah-u nalaly
Bäbek bolany üçin däl ýöne.

Gundaglar öwüsýär al-gyrmyzy,
Asyl reňki bolany üçin däl ýöne.

Ýüreklerimiziň gaçdy ysgyny,
Söýgüden ýananymyz üçin däl ýöne.

Undulan şäherde her öý tüsseli,
Gyzgyn nahar bişýäni üçin däl ýöne.

Ene zaryn... üwreýär öz balasyn,
Hüwdi däl ýöne.

Şu zatlary gören haýsy göz aglamasyn,
Aglamak üçin diňe göz gerek däl ýöne.

Begençgeldi Orazow
kesirkelle
09 янв 2023, 19:49
GUŞLAR ERKINLIGI KÜÝSÄN MAHALY 

Şadyýan günleriň reňki öçmesin, 
Jany jehenneme resmiýetleriň. 
Serhedin ýykaly bir bulgur bilen, 
Akyllysumaklaň sesi ýetmesin. 

Ruhuňdan sogrup zyň gandallaryňy, 
Şugünlik howlukma barjak ýeriňe. 
(Guşlar erkinligi küýsän mahaly, 
Gujak açyp, 
özün 
taşlar zemine.) 

Bahar gelse her kim owadan bolýar, 
Fewral, ana, hut şoň üçin howlukmaç. 
Guşlar geler diýip bu jalaý baglar, 
ýeňsesinden ösdi:r uzyn buýra saç. 

Käte asman ýagar, 
eziler ruhuň, 
Uzakly gün gelmez öýe giresiň. 
(Ýagyşy menem gowy görýän, 
az owlak, 
şonda köwşüm suw geçirýär diýmeseň.) 

Owarram, 
şat ýüzüň solmasyn mydam, 
Ýaşasa bor jübiň deşik, köpüksiz, 
Bulutlaň üstünde aýagmyz sallap, 
Oturmagyň hyýalyny gursak biz. 

…Şeýdip, kellämdäki ala-gopgunly 
pikirlerimden men ozjak bolýaryn. 
Men bir ala-sam.syk, köplüge giren, 
Şu bolşuma goşgam ýazjak bolýaryn.

Begençgeldi ORAZOW.
kesirkelle
09 янв 2023, 19:52
ZEÝRENÇ II /Begençgeldi Orazow

Ruhuňy ürküzýär deňziň gomlary,
Döndüň umman içre gorkak gaýyga.
Indi uçmaga-da höwesiň gaçdy,
Kaýyl bolup ýaşap ýörsüň aýlyga.

“Gursagymda ýeke setir galmady,
Ýüregmi (agzymdan) gusasym gelýär.
Şaýym çykmasa-da bir däne çilime,
Az-owlak ýygnanyp gidesim gelýär.

Hamala öýkenim agralýar kem-kem,
Dem alsam
Çyg çekip, gatan sement deý
… ”
Bir gije duýdansyz goştorbaň bilen
Çykyp gaýtdyň, güm bolup bu sebitden.

Gitdiňem-dä,
ýeri, onsoň, kelläňden,
Sogrup bildiňmi bir, ruhuň gohuny?
Aňsatmy, nä, äpet göwräň içinde
Göterip gezmeklik serçäň ruhuny?!
kesirkelle
09 янв 2023, 19:53
* /Begençgeldi Orazow


Bulutlardan ýorgan ýapyň üstüme,
Salyň gujagyna täzeje Aýyň.
Gursagyma guýuň ak hüwdileri,
Üşesemde bir salymlyk uklaýyn.

Uklan çagym gabaklarmy açyň siz,
Goý, gije ýyldyzlar girsin düýşüme.
Säher näme bolsa şo bolsun,
Ähli
ýyldyzlary gözlerime üýşüriň.

Bir mahallar süýnüp gitdi gözlemden,
Siňip gitdi ak daňa…
…Bir enäň garnynda ýaňadan dörän
çaga deýin
Kiçijik elimde gysyp saklara —
Gijeden bir ýyldyz goparyp beriň!
kesirkelle
09 янв 2023, 19:57
HASSALYK / Begençgeldi Orazow

Bu şäherde üýtgeşik bir bagt bar,
Penjiresi yşyk saçýar her öýüň.
…Halys öwrenşemok men beýle bagta,
Meni şu şäherden çykaryp kowuň.

Köçelerde gatnaw-gatnaw adamlar,
Nirden gelýär,
Nira barýar –
Bilen ýok.
Menem biri taşlap gitdi şu ýere,
Kimdigini, nirdeligni bilemok.

Sowuldy jebirli günleriň ýasy,
Gopup gitdi ýaralaryň kesmegi.
Tenha köçeleriň diwarlaryna
Siňipdir sergezdan itleň sesleri.

Sany-sajagy ýok jogapsyz jaňlaň,
Islemeýän ýakyn dostdan haraýam
(Meni çyn ýürekden söýen adamlar,
Siziň ähliňizden ötünç soraýan).

Birmeňzeş günleriň sagady durdy,
Ähli otaglardan öz sesim gelýär.
Ýüregimde bir hassalyk bar, dogan:
Kimi söýsem, şondan gidesim gelýär.
Venus
10 янв 2023, 08:37
kesirkelle,
Başgada barmy?
kesirkelle
11 янв 2023, 16:30
Bolmaly?!