Ruhy halymyň şahyry))

Men uçmak isledim,
Onda-da neneň?!
Arkamda asmany göterip mäkäm.
Bolmady...
(Bagyşlaň, hormatly mollum, Ikilikçiligme guşlar günäkär).

Onson, yerden ýyldyz çöpledim yördüm,
Oylamadym - gereksizmi, gerekli?
Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar,
Soň, özüme täze asman döretdim.

Emma jinnek ýalam peýda görmedim,
Uzak gije entäp, ýaşlygym yrya.
(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar
Serhoş bolup özün asfalta urýar).

Besdir indi, meni erkime goýuň!
Gürrüň bermäň - peýda näme, haýyr nä?
On baş ýyllap çörek üçin okadym,
Haýry nä?!
Durmuşda näme gerekli?
(Maňa lezzet berýän sary ýapraklar Köçe syryan daýzalara ezyetdi).

Kanunlara baş göterdim şeýdibem,
Halys bolup "ýeriň dartyş güýjünden".
Men uçmak isledim,
Tussagdym emma,
Ömürboyy atmosferaň içinde.

Begençgeldi ORAZOW.
7 лайков 375 просмотров
50комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:39
Şu tukat şäherde galdym men ýeke,
" Birmahallar gitmänime ökünýän."
Maňa "Ejizleme, mert bol!" diý, dogan,
"Bagyşla, käteler boýnum bükülýär.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:40
Ýyldyzlara eliň ýetýärd-ä seniň,
" Ähli zady başarýardyň göwnüme...
Indi mana penjekleňem dar gelýär,"
Daralýar gün-günden, dogan, göwnümem.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:40
Uzynly gün bir otagyň içinde
(Bir sen bilýäň garasöýmez gylygmy)..."
Säher Günün doguşyny ýigrenýän,
Örtýärkä gije ýalňyzlygymy.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:41
Günleň menzeşligi ýüregme düşýär.
Durmuş mätäç edýär kä ýyljak nana.
Heniz ajy çilime agyz urmadym,"
Birden ejem çykyp käyejek ýaly.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:41
Belki, sen gelensoň köşeşer ruhum,"
Tapylaram ähli zadyň çözgüdi ....
Duýýan, meniň ýuka yürek doganym,"
Senem aram-aram küýseýäň hüwdi.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:43
Çagalygymdan bäri bir häsiýetim bar, her görenime adamdyr öýdýän :-)
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:44
Iň bolmanda, ylym biziň başga bir mahlukdygymyzy subut edýänçä, adamlygymyza galjak bolalyň!
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:46
Men yşyklarymy öçürdim. Giç boldy. Mundan beýläk meni tapmak isleýänleriň
özleri yşyklaryny ýaksyn.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:54
Ol geplere ynanmaň, men olaryň aýdyşyndanam beter gowy däl :))
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:54
Ýüzüp bilmeýän adamyň nädip gark bolup barýany halas etmek üçin köprüden suwa böküp bilýändigini düşündirip bilermiň?
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:55
Ýürekgysgynç.We bu gülküli däl.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 17:56
ZEÝRENÇ

Ruhuňy ürküzýär deňziň gomlary,
Döndüň umman içre gorkak gaýyga.
Indi uçmaga-da höwesiň gaçdy,
Kaýyl bolup ýaşap ýörsüň aýlyga.

“Gursagymda ýeke setir galmady,
Ýüregmi (agzymdan) gusasym gelýär.
Şaýym çykmasa-da bir däne çilime,
Az-owlak ýygnanyp gidesim gelýär.

Hamala öýkenim agralýar kem-kem,
Dem alsam
Çyg çekip, gatan sement deý… ”
Bir gije duýdansyz goştorbaň bilen
Çykyp gaýtdyň, güm bolup bu sebitden.

Gitdiňem-dä,
ýeri, onsoň, kelläňden,
Sogrup bildiňmi bir, ruhuň gohuny?
Aňsatmy, nä, äpet göwräň içinde
Göterip gezmeklik serçäň ruhuny?!

© Begençgeldi ORAZOW
Belki
25 сен 2023, 18:28
Göwünlik berseler halamok. Şoñ çün menem göwünlik bermesem gerek. Nik başgalamagam çözgüt däl. Çünki ruhy başgalap bolanok.
Meñ diñe şuny aýdyp bilerin: Dünýä indiñ. Yza ýol ýok!
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 18:53
Belki,
Düşünmedim, nämäniň niki, açyk aýdyň aýtsaňyz?
Belki
25 сен 2023, 19:10
Garlawaç, ýo-ooo, hiç zat.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 19:18
Belki,
Şü waraa diýen sözüni doly düşündirmeseler halamok... Diýeli çöregi dişleýärde çeýnemän çykarýan ýaly...
Belki
25 сен 2023, 19:45
Garlawaç, mundan añryk düşündirsem seniñ däl-de başga biriniñ göwnüne degilmegi mümkin. Şoñ çün...
Belki
25 сен 2023, 19:55
Ol geplere ynanmaň, men olaryň aýdyşyndanam beter gowy däl :))

Şu sözi nämäniñ esasynda aýdanyñy detallar bilen düşündirseñ menem hälki sözümi düşündirip biljek.
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 20:40
Belki,
Maňa bir zat düşündirmegiň başga birine näme dahly bar? Onda-da göwün meselesinde?
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 20:46
Belki
Ol geplere ynanmaň, men olaryň aýdyşyndanam beter gowy däl :))

Şu sözi nämäniñ esasynda aýdanyñy detallar bilen düşündirseñ menem hälki sözümi düşündirip biljek.

Ol sözleri aýtmaga bir sebäp bolmadymy? ýönekeýje hoşuma ýakýan sözler, goşgular barsam şonuň üçin paýlaşaýdym. Häli birazajyk boş wagtym köpräk boldy şonuň üçin saýtdaky agzalara birzatlar ýetirjek boldum... Indi gezekli çemçe :)
Belki
25 сен 2023, 20:56
Garlawaç, ýoo, goşgular barada soramadym, gönüden-göni şol sözi aýtmagyñ sebäbini soradym. Näme üçin onlarça sözüñ içinden ala-böle şol gepli söz kelläñe geldi?
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 21:38
Belki,
Gep mende däl sizde! Näme üçin diňe şol söz hakynda soraýaňyz?
OrazMuhammet Aşyrow
25 сен 2023, 21:42
Bilmedim bul ömürde bizlere uçmak nesip etmejek ýaly, ýerde ýöresekde ruhymyz hassa..
OrazMuhammet Aşyrow
25 сен 2023, 21:45
Ýokarda gepiň aşagyna many ilteşdirip bilýän iki sany adamyň pikir alyşmasy gyzyklyja bolupdyr...
Belki
25 сен 2023, 21:50
Garlawaç, heý bolýa-la. Siz detallaýyn aýdyp bileñizok. Diýmek, şertleşige görä meñem aýtmagyma gerek ýok.
205161
25 сен 2023, 23:01
Men öňem diýipdim,ýene diýýän. Seniň duýgurlygyň näçe güýçli bolsada meňki seňkidenem beter diýip
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 23:20
Belki,
Mundan beter nädip, nähili düşündirjegimi bilemok!.. We men jogap bermekden gaçmadym, başardygymdan jogap berjek boldum. Beren jogabymdan kanagatlanmandygyňyzy sebäp edip jogapdan gaçmagam bir mertlik däl ýaly howwamy?))
Garlawaç
Автор 25 сен 2023, 23:28
205161,
Bagyşlaň, biz tanyşmydyk?
Pegas
26 сен 2023, 00:56
Garlawaç, seni bir joralaryna meňzedýäler))) Arkaýyn bol, seni men tanaýan, alada etme)))
205161
26 сен 2023, 04:41
Biz näme etmedik -diý