Ruhy halymyň şahyry))

Men uçmak isledim,
Onda-da neneň?!
Arkamda asmany göterip mäkäm.
Bolmady...
(Bagyşlaň, hormatly mollum, Ikilikçiligme guşlar günäkär).

Onson, yerden ýyldyz çöpledim yördüm,
Oylamadym - gereksizmi, gerekli?
Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar,
Soň, özüme täze asman döretdim.

Emma jinnek ýalam peýda görmedim,
Uzak gije entäp, ýaşlygym yrya.
(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar
Serhoş bolup özün asfalta urýar).

Besdir indi, meni erkime goýuň!
Gürrüň bermäň - peýda näme, haýyr nä?
On baş ýyllap çörek üçin okadym,
Haýry nä?!
Durmuşda näme gerekli?
(Maňa lezzet berýän sary ýapraklar Köçe syryan daýzalara ezyetdi).

Kanunlara baş göterdim şeýdibem,
Halys bolup "ýeriň dartyş güýjünden".
Men uçmak isledim,
Tussagdym emma,
Ömürboyy atmosferaň içinde.

Begençgeldi ORAZOW.
7 лайков 375 просмотров
50комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
26 сен 2023, 05:20
Garlawaç, ýalñyşýanmy, ýalñyşamokmy, wagt görkezer...
205161
26 сен 2023, 06:00
Belki,
Johndaviesineuropa@gmail.com ýazaý, saňa täzelik bar (gizlin)
Garlawaç
Автор 26 сен 2023, 07:27
Pegas,
Bolýar)
Azasan.?
26 сен 2023, 09:19
Belki,
Belki
Göwünlik berseler halamok. Şoñ çün menem göwünlik bermesem gerek. Nik başgalamagam çözgüt däl. Çünki ruhy başgalap bolanok.
Meñ diñe şuny aýdyp bilerin: Dünýä indiñ. Yza ýol ýok!

Su sozleri birhili ozume cekdimda nik diyeninize halki acan mowzugynyzda nik almasalymy diyenime.
Azasan.?
26 сен 2023, 09:30
Belki
Garlawaç, mundan añryk düşündirsem seniñ däl-de başga biriniñ göwnüne degilmegi mümkin. Şoñ çün...

Bunam. Men yone degisip aydypdym.
Rigel
26 сен 2023, 10:31
Belki,
Bu seniň diýýäniň däl. Men kepil geçip bilýän
Belki
26 сен 2023, 12:08
Pena, poçta ulanamok
Belki
26 сен 2023, 12:09
Azasdym, señ bilen dahyly ýok. Ýalñyş düşünipsiñ
Belki
26 сен 2023, 12:11
Rigel, nadip kepil gecyan?
Venus
26 сен 2023, 12:38
Belki,
Menem @Rigeliň sözlerine garantiya-da berip bilýän:)
Masha
26 сен 2023, 14:05
Belki,
Gyw bu seň diýýän adamyň däl. Sag däl öýtýän sen
Masha
26 сен 2023, 14:06
Seresap bol, Pegasa ynanyp azdan galaýma Garlawaç
Masha
26 сен 2023, 14:07
205161, Eneşdir öýtýäňmi muňa?)
Belki
26 сен 2023, 15:17
Masha, senem-ä sag-a meñzäñok.
Garlawaç
Автор 26 сен 2023, 15:43
Masha,
Siz kim ?.
Garlawaç
Автор 26 сен 2023, 15:45
Masha,
Biz tanyşmy, Eneş kim?
Garlawaç
Автор 26 сен 2023, 15:50
Mähelle, meni kimdir birine meňzedýän bolsaňyz, men ol däl, ýaňy ýakynda agza boldum bärik. Öňem bir gezek agza bolupdym şu ,,garlawaç" nikim bn ýöne ol wagt saýta düşünip bilmämsoň çykyp gidipdim...
Belki
26 сен 2023, 16:09
Garlawaç, bolýa, bagyşla.
Garlawaç
Автор 26 сен 2023, 18:25
Belki,
Bolýar.
OrazMuhammet Aşyrow
26 сен 2023, 23:22
Menä hiç zada düşünen däldirin, göýä hemme düşünen ýaly...