Dost

DOST

Meniñ bir dostum bar, dostlaryñ dosty!
Men dostumy janymdan-da eý görýän.
Sebäp ondan dostlañ serweri ýokdur,
Ol islese,
Meýlis gurýan,
Toý berýän.
Islese jylawyn boýnuna orap,
Alan galañ özüñki diýip goýberýän!
Dostlarymyñ içinde ýeke-tägim ol,
Howaly başymda tylla täjim ol,
Gähi-gähi ony eljiredýärin,
Gähi-gähi ony lälimsiredýän.
Tug kimin göterip göwnüni onuñ,
Diýenim bir,
Diýmedigni iki edýän.
Öwülýä ýykylyp alan deý göýä,

Ýaşaýan,
Şatlanýan,
Iýýän hem içýän,
Şol söwer dostumyñ islegne görä.
Sag bol, şeýle dosty berenñe ykbal!
Tarhanlañ tarhany,
Tarhan hatly ol,
Näme etse-de hakly ol,
Etmese-de hakly ol.
Sermes bolýan onuñ göwnüni ýykman,
Dostum bolsa halys depäme çykýar!

Ýör, gideli dostum, ýörär ýoluña,
Paýandaz ýazaýyn jahanyñ ýazyn.
Arzuwlaryñ hasyl kylyp birdemde
Hakykata öwüreýin hyýalyñ.
Getirip hazyna-genjin,
Getirip geljegiñ depinesini,
Iki dogup
Bir galanym,
Gardaşym,
Saña janym, din-imanym bagş edip,
Sowuraýyn tapan-tupan pulumam.

Nobatguly Rejebow. "Kalbymyñ senasy" kitabyndan
4 лайков 170 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.