Durmuş hakda.

Ýaşaber dostum.
Durmuşdyr bu hemme zatlar bolup dur,
Senem köplük bilen ýaşaber dostum.
Düýnki dostlaryňam bu gün gülüp dur,
"Geçer gider" diýip, ýaşaber dostum.

Pesde wagtyň hijem seni görmezler,
Beren soraglarňa jogap bermezler,
Hassa bolsaň halyň sorap barmazlar,
Her kimiň özi dek ýaşaber dostum.

Içindäki kiri, göz ýaşlar aýrar,
Ejiz bolsaň durmuş seni maýyrar,
Käbir zatlara seň kalbyň gyýylar,
Şoň üçin mert bolda ýaşaber dostum.

Hiç kimem özüçe görmezler seni,
Hökman bir ýeriňden taparlar kemi,
Saglyk-aman bilen atyrda daňy,
Ýagşy ynsan bolup ýaşaber dostum.
Dawut Hojageldiýew.
1 лайков 158 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
18 мар 2023, 21:49
Biziň durmuşymyz…


Biziň durmuşymyz manyly kitap

Her kim ondan many alýar öziçe

Kimse akyl kimse baýlyk kimse bagt

Her kim ondan paýyny alýar özine


Biziň durmuşymyz Allaň peşgeşi

Wagt geçýär soň yza gaýtarylmaýar

Bir kişiň maňlaýna ýazylan ýazgyt

Beýleki adamda gaýtalanmaýar


Biziň durmuşymyz synag dünýäsi

Her bir edýän işleň hasaply onda

Elmydama birek-biregi söýip

Ula hormat goýup gezmeli munda


Biziň durmuşymyz nowella meňzeş

Soň näme boljagyny bilip bolmaýan

Her dürli çaklama ýüz ursakda bir

Allanyň etjegni ynsan bilmeýär


Bu durmuş gyzykly başdan geçirme

Bolýar onda dürli päsgelçilikler

Gerçek dürli kynçylyga döz gelip

Hökman geçmeli şol päsgelçilikden