XX asyryñ soñlary—XXI asyryñ başlary. Bäbekhanada




Iññä-ä, iññä-ä, iññä-ä
Dünýä indi ýene bir täze adam.
(Sesiniñ haýbaty ýigide meñzeýär).
Ynjalykdan gaçýar bir yigit hasam,
buşluga garaşyar—örän howlugýar

Ýürekde takat ýok, başda—müñ hyýal,
Aýakda ysgyn ýok göwre mejalsyz,
Bir turýar, oturýar, ýene-de turýar,
Hem ýygydan çilim çekýär ol sansyz.

Kelle barha güpbiñ içine çümýär,
Şeýdip şum habardan goranýan ýaly
Daýaw göwre şeýdip birsalym doñýar.
Käwagt bildirmän syrýar gözýaşyn.

On iki ýyl garaşdy ol perzende,
Indi bolsa çydanok on minuda
Hem Allany çagyrýar ol her demde,
Hem ýürekde bil baglaýar umyda.

Gapy açyldy. Ak ýektaýly bir gyz:
“Durdylyýew kimkä?!”—diýip, sorady.
Ýigit tapdan gaçyp, sägindi biraz;
“Şol men” —diýip, öñe omzady.

“Daýy buşluk! Siziñ ogluñyz boldy!”
“Näme diýdiñ? Ýene-de bir gezek gaýtala!”
“Akja guşy” ýigit gujagna aldy:
“Jigim, ýañky sözi ýene aýtsana!”

“Utanç dälmi?Hany goýberiñ meni!”
“Bu gün sen meni bagyşlarsyñ jigim.
Götererin başyma täç edip seni.
Aýtsana, sagatjamy täzeje jigiñ?!

Adamlar! Eşidýäñizmi hemmäñiz?
Oglum boldy, hem ol maña meñzeşmiş,
Hany, şu şampanskiden ýelmäliñ,
Şeýtseñ bela-beter başa gelmezmiş.”

Ýigit buýsanjyndan uçaýjak bolýar,
Hamala dünýa özi inen ýaly
Hem begenjinden çat açaýjak bolýan,
Ýüregne ygtyýar edenok doly.

Ep-esli ýyl geçdi şol wakadan soñ,
Ýene ýolum düsdi bir gün şol ýerden.
Şol waka meñ üçin enaýy hem geñ,
Gözlermi baglady ýene-de birden.

Maşynyna ýaplanyp dur şol ýigit
(Saçy çal hem bolsa ony tanadym).
Özüni synlaýanlaryny duýup,
Maña salam berdi, başyn yrady.

Men oña ýatlatdym köne wakany,
Onuñ ýüzi şol wagt ýagtylyp gitdi.
Gutlap biljekdigimi täze atany,
Ol ýigit ýylgyryp, şatlykly aýtdy.

Daşymdan aýtdym: “Ýaşy uzyn bolsun!’
Hem ýalbardym Biribara içimden:
“Goý ol çagañ ady dünýä dolmasyn,
Ýöne rysgy kem bolmsyn hiç kimden.

Hem-de onuñ başy dik bolsun mydam,
Ene-atasyna bolsun mähirli,
Hem merdana bolsun, bolmasyn gedem,
Sada bolsun, akylly hem asylly.

Ýadyma düşmändir bir zat soramak—
Ogulmy ýa gyzdygyny ol çagañ.
Aý, hökmanmy, çagadyr-da parhy ýok,
Şatlandyrsa bolýar her gamgyn çagyñ.

Ýene: “ Iññä-ä, iññä-ä, iññä-ä, iññä-ä…”
Durmuş dowam edýä, edýä, edýä…

Sentýabr 1996
Mary
0 лайков 109 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.