BILBILJIK

BILBILJIK

Men gabagymy bir galdyrsam, kükregiňde dem tükener,
Gadamymda saz çaldyrsam, gursagyňda heň tükener.

Bu obaň gyzlary ýeser, bir bakyşda sesiň keser,
Gözýaş bolup çykar heser, gözleriňde nem tükener.

Aýdymlarym-heneklerim, tans oýnasam, melekdirin.
Bakan, baksaň, ýelekleriň, seniň sesiň deý tükener.

Bu obaň gyzlary kesir, ejeleri hasam kejir,
Saýrap, maýyl etmek – ejir! Gündiz Gün, şam şem tükener.

Kapasamy, öýüň, bilmän, bagdan gaýtsaň, özüň bilmän,
Gaýtadan saýradyp bilmän, bilbiljik, melhem tükener.

Saňa golaý barsam, eger... Bir ýylgyryp garsam, eger...
Näz bilen ýylgyrsam, eger... Gylça janyň hem tükener.

Bilbiljik, seň derdiň ýaman, Laçyndan sen sora aman,
Ger, söýse, şo ýigit, tamam! Ömri ömre deň tükener.

LAÇYN PÜRJÄÝEWA
3 лайков 92 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
30 янв 2023, 19:49
Men gabagymy bir galdyrsam, kükregiňde dem tükener,
Gadamymda saz çaldyrsam, gursagyňda heň tükener.

Bu obaň gyzlary kesir, ejeleri hasam kejir,
Saýrap, maýyl etmek – ejir! Gündiz Gün, şam şem tükener.

Şu iki bendinde goşgyň ady bilen baglanşýan ýerinä göremok men.?‍♂️