UKUDAKY SÖWER ÝARYNA BAKYP OTURAN GELNIŇ IÇGEPLETMESI
Men ilkinji ýola görýänim ýaly,
Saňa nätanyşa bakan dek bakdym.
Seni köp wagtlap aňtawçy ýaly,
Göz astyna alyp gezmedigim deý,
Bakyp bilenime indi-indiler
Haýran galýan-eý!
Eý, toba!
Men şol güne çenli tä tapyşýançak,
Tä çakyşýançak,
Saňa ogryn-ogryn garap gezmedik,
Seniň her ädimiň yzarlamadyk,
Seni gözden salmadygam ýaly men.
Hamala,
Men seni tanamaýan deý,
Bakyp bilipdirin.
Nädip?
Nädip, bakyp bildim sepin bildirmän?!
Men artist ekenim.
Köpbilmişje ekenim.
Gör, men nämelere ukyply ekenim.
Wah, neresse,
Sen henizem ikimiz
tötänden sataşaýandyrys öýdýäň.
Tötänden çakyşaýandyrys öýdýäň,
Dar basgançakda.
Ýok,
Bu dünýäde tötänlik ýok.
Diňle:
– basgançakdan bir wagtda düşmegmiz,
– maňa hormat bilen ýol bereniňde,
ýagşy-ýaman ýüzüňe-de seretmän,
meniň owlajyk deý bökjekläp gaýtmam,
– dabanlary kümüş nally köwşümiň,
ökjesiniň ilişmegi köýnegme,
– pese tarap batly gelýärkäk, meniň...
...birden durmagym,
– elimdäki goşlarymyň kagyz-pagyz bolmagy,
– halta salnyp, ýantilpunyň asylmagy boýnumdan,
– wakadan soň, meniň göni
ýüzüm tutup, oturmagym şol ýerde.
Mähribanym, bulaň bary,
Örän berk, örän berk
Meýilnama esasynda bolupdy.
Meniň kagyzlarmy çöpläp ýörşüňe,
Hozanak bolşuňa daşymda meniň,
Agsaklanym üçin maşynyň bilen
Äkidenňe şol gün okuw jaýyma.
Gülkim tutup, agzymyň iç ýüzüni,
Dişläp, dişläp, dişläp tas ganadypdym.
Meni bagyşla,
Men ikimiz üçin gurnadym ahyr,
Bu oýunlary.
Ýogsa biz şu mahal nirde bolardyk,
Nirden çykardyk?!
Men-ä oturmazdym ýeke ýylgyryp,
Gijäniň ýary.
Senem uklamazdyň beýle parahat,
Bäbejik ýaly.
Biziň şu sahnamyz bolmadyk bolsa,
Eý, Hudaý,
Meniň saçlarymy kim sypalardy,
...eý, Hudaý?!
Men nähili akyllyja ekenim,
Bilýäňmi şony?!
...Hernäme-de bolsa,
Men akylly-laý,
Saňa garaňda.
✏Laçyn PÜRJÄÝEWA
Saňa nätanyşa bakan dek bakdym.
Seni köp wagtlap aňtawçy ýaly,
Göz astyna alyp gezmedigim deý,
Bakyp bilenime indi-indiler
Haýran galýan-eý!
Eý, toba!
Men şol güne çenli tä tapyşýançak,
Tä çakyşýançak,
Saňa ogryn-ogryn garap gezmedik,
Seniň her ädimiň yzarlamadyk,
Seni gözden salmadygam ýaly men.
Hamala,
Men seni tanamaýan deý,
Bakyp bilipdirin.
Nädip?
Nädip, bakyp bildim sepin bildirmän?!
Men artist ekenim.
Köpbilmişje ekenim.
Gör, men nämelere ukyply ekenim.
Wah, neresse,
Sen henizem ikimiz
tötänden sataşaýandyrys öýdýäň.
Tötänden çakyşaýandyrys öýdýäň,
Dar basgançakda.
Ýok,
Bu dünýäde tötänlik ýok.
Diňle:
– basgançakdan bir wagtda düşmegmiz,
– maňa hormat bilen ýol bereniňde,
ýagşy-ýaman ýüzüňe-de seretmän,
meniň owlajyk deý bökjekläp gaýtmam,
– dabanlary kümüş nally köwşümiň,
ökjesiniň ilişmegi köýnegme,
– pese tarap batly gelýärkäk, meniň...
...birden durmagym,
– elimdäki goşlarymyň kagyz-pagyz bolmagy,
– halta salnyp, ýantilpunyň asylmagy boýnumdan,
– wakadan soň, meniň göni
ýüzüm tutup, oturmagym şol ýerde.
Mähribanym, bulaň bary,
Örän berk, örän berk
Meýilnama esasynda bolupdy.
Meniň kagyzlarmy çöpläp ýörşüňe,
Hozanak bolşuňa daşymda meniň,
Agsaklanym üçin maşynyň bilen
Äkidenňe şol gün okuw jaýyma.
Gülkim tutup, agzymyň iç ýüzüni,
Dişläp, dişläp, dişläp tas ganadypdym.
Meni bagyşla,
Men ikimiz üçin gurnadym ahyr,
Bu oýunlary.
Ýogsa biz şu mahal nirde bolardyk,
Nirden çykardyk?!
Men-ä oturmazdym ýeke ýylgyryp,
Gijäniň ýary.
Senem uklamazdyň beýle parahat,
Bäbejik ýaly.
Biziň şu sahnamyz bolmadyk bolsa,
Eý, Hudaý,
Meniň saçlarymy kim sypalardy,
...eý, Hudaý?!
Men nähili akyllyja ekenim,
Bilýäňmi şony?!
...Hernäme-de bolsa,
Men akylly-laý,
Saňa garaňda.
✏Laçyn PÜRJÄÝEWA
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.