Üýtgeşik gyz...

Bir gün... . Görüpsiň sen,.
Heniz görülmedik bir üýtgeşik gyz,
Indi bolsa maňa gürrüň berýärsiň :
''Birden gaýyp boldy,galdym men yalňyz,''

Örtenýädiň hasam,ýetirsem häsin,
Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin.

''Gözlärin gijeler,gözlärin gündiz,
Asyl göz öňümden gidenok gözi,
Ynan,beýle gözi görmändim şindiz,
Asyl özgelerden üýtgeşik özi.''

Men seni ýylgyryp diňläp otyryn,
Kä başymy atyp,kä başym ýaýkap,
Diýýäň :''Zaryn çekip ömrum ötirin,
Topragy bagyrtlap,bagrymy oýkap.''

Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin,
Maňa seň sözlerňi diňlemek nä kyn.

Sen bolsa o hakda edeňok pikir,
Gaýyp bolan gyzy undup bileňok.
Içimden näçeler etsemde şükür ,
Seň bolşuňa diňe ölüp bilemok.

Men diňläp otyryn ýylgyryp şindem,
Birden meniň ýylgyrşymdan eýmendiň,
Şonda gaşym çytdym gaharly hem tiz,
Ýogsa şol görünip gaýyp bolan gyz
MENDIM ♥

Lachyn Purjayewa
2 лайков 91 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
31 янв 2023, 21:11
Lachyn Purjayewanyň goşgularyny Kerim Hallyň goşgularyna meňzetýän.Diýjek bolýanym goşgularynda many tapyp bilemok.