Degişme

Degişme

Meň başymy aýlap biljek sözi tap,
Sowgady tap,kabul etmän bilmäýin.
Sen ýylgyryp dymdyň.

Dostlarym kän,internetde tanyşan,
Jaň edýärler,gürleşýärin daňa çen,
Senem ýöne gezen dälsiň maňa çen,
Sen ýylgyryp dymdyň.

Joralam bar özüm ýaly owadan,
Tanş edeýin ýetik olaň sowadam,
Tanyşjakmy?Şäherdenmi,obadan?
Sen ýylgyryp dymdyň.

Aýlyk aldym,ertir saçym boýatjak,
Telefona pul salmaly bolaýsam,
Işe gitjek on birden öň oýansam,
Sen ýylgyryp dymdyň.

Içim ýanýar iki täze köýnegmem,
Tikinçimiň birigüne goýanna,
Seň tikinçi bolaýşyňy,waý, Alla!
Sen ýylgyryp dymdyň.

Öý süpürsem täze sübse döwülýär,
Nahar etsem,dyrnaklarym döwülýär,
Edibersin ejesinden öwülýän.
Sen ýylgyryp dymdyň.

Hiiiiiiiiiihh!
Şindem durmuň şu zatlary eşdibem?!
Şundan soň-a çekmeýär-le keşdiňem,
Durup,durup wägirjeg-ä dälsiň-dä?!
Sen ýylgyryp dymdyň,
Şeýdibem yrdyň.
Awtor: Lachyn Purjayewa
Ceşme:nexttm
Paýlaşan agza:Krasawchik
5 лайков 194 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Men sho
08 окт 2021, 21:29
Xyivenia'm sen nikinden bashgada giryanler barmy
XYIVENIA
Автор 08 окт 2021, 21:40
Цитата: Men sho
Xyivenia'm sen nikinden bashgada giryanler barmy

Su saytamy? Yok hic kime kody beremoga men.
Sonky m harpy ayyray
XYIVENIA
Автор 08 окт 2021, 21:42
Menin shahsy hatym islanok hic hili
- Dani
08 окт 2021, 21:43
like kizim shlyapa
XYIVENIA
Автор 08 окт 2021, 21:45
Цитата: - Dani
like kizim shlyapa

Ok ertire giryanmi su wagt?
Enejan
09 окт 2021, 10:19
Likee