Beşir galasy barada.

Gadymy zamanlarda uly bir köşk bolupdyr. Onuň çar tarapyndan galany goramak üçin suw händegi gazylypdyr. Gala bir ýerden girelge edilip, oňa köpri gurlupdyr. Ol köpri düzülip, bozulyp bilýän eken. Gala halky girende-çykanda köprüni gurupdyrlar, başga wagt köpri aýrylyp goýulýan eken.
... Günlerde bir gün bu köşgi basyp almak üçin basybalyjylar çozanmyş. Şonda şeýle bir aýylganç, gandöküşikli jeňler bolupdyr. Jeset-jesede kaklyşyp, daş-töwerek gara gan bolupdyr. Men-men diýen ýigitler gala üçin janyny orta goýupdyr. Iki tarapdan hem köp esgerler pida bolupdyr. Adam gany suw dek akyp, gala hendegini dolduryp, daşyp-daşyp akypdyr.
Söweşde basybalyjylar üstün çykypdyr. Olar köşgi ýumrup, ol ýerde ýumurtga togalabermeli edipdirler. Soňra küde-küde bolup ýatan jesetleri ýygnap, palçyga garyp, jeset galasyny gurupdyrlar. Emma jeset galasynyň ady bäş sany goç ýigidiň mertligi hakdaky rowaýat bilen dilden-dile geçipdir. Galanyň çar tarapynda jaýlanan ýigitleriň hatyrasyna ol «Beşir gala» diýlip atlandyrylypdyr.
* * *

«Bäş şir» diýlip atlandyrylan ýigitler: Bilal, Mälik Aždar, Mollamyrat, Däneajy, Halykbabadyr.

* * *

Başga bir rowaýata görä, «Bäş şir» diýlip atlandyrylan ýigitler şulardyr: Hojajeňbaz, Hojasagdan, Ýylanlybaba, Hojaaýgyr, Bilalbaba.

* * *

Beşirgalanyň galyndylary Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda ýerleşýär. Bu gala belli dini wagyzçy ymam Ahtamyň neberelerinden bolan Beşiriň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol Kuteýba tarapyndan Buhara töwereginde öldürilipdir.

By: state
7 лайков 321 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
Автор 11 окт 2021, 01:25
Ozum hem su Besir galanyn yanynda yasayan.
#динара.
11 окт 2021, 08:18
like ziom
Aýnur
11 окт 2021, 08:33
[b]sᴛᴀᴛᴇ[/b
Like++++
Enejan
11 окт 2021, 09:36
Likee??
Biohimik
11 окт 2021, 18:59
Oouuuuuj state ziomaaaaaa
Menem hojambazdan. Rayynda yasayan aslym enem atam besirli belki tanayansyn
Biohimik
11 окт 2021, 18:59
*rayonynda