Ilkidurmuş adam toparlary

1. Gadymy adamlaryň zähmet gurallary.

2. Paleolit döwründe tebigy şertleriň özgermegi.

2. Irki adam sürülerinde jemgyýetçilik gatnaşyklary.

1.Irki paleolit döwrüni sell we asell döwürlerine bölýärler. Şell medeniýetine mundan takmynan 600-400 müñ ýyl mundan öñki döwür degişli bolup, ony Fransiýanyñ Şell şäheriniñ golaýýndan tapylan tapyndylar esasynda şeýle atlandyrdylar...

Iñ gadymy ýadygärlikler Le. Lazare (150 müñ ýyl mundan öñ), Lýalko, Nio, Fonde-de-Gom (Fransiýa), Altamira (Ispaniýa) gowaklaryndan tapyldy. Adamlaryñ iñ ilkinji zähmet gurallary çakmak daşyndan ýasalan çapgyçlar bolupdyrlar. Çapgyçlaryñ ýokary giñ tarapy eliñ aýasynda amatly bolar ýasalypdyr.

Daş gurallarynyñ kömegi bilen haýwanlary öldüripdirler, ösümlikleriñ iýilýän köklerini gazyp alypdyrlar, agaç işläp bejeripdirler. Çakmak daşy tebigatda köp duş gelýär. Ol gaty we döwlende ýiti gyralary bolýar. Mustýe döwrüniñ ahyrlarynda süñkden hem zähmet gurallaryny ýasapdyrlar.

Giçki paleolit döwründe adamyñ ýasan zatlary ikä bölünýär:

1) ýaraglar;

2) Zähmet gurallary (naýzanyñ uçlary, pyçaklar, deri işläp bejermek üçin daş gurallar, süñk we agaç işläp bejermek üçin gurallar).

Iñ gadymy adamlar ösümlik we et iýmitleri bilen iýmitlenipdirler. Ilkibaşda olar ýygnaýjylyk bilen meşgullanyp, soñra awçylyk hem ýüze çykypdyr. Aw awlamak üçin dürli zyñylýan serişdeler (gysga naýzalar, dürli garpanlar, ýörite naýza zyñyjylar) ulanylypdyr. Bu bolsa haýwany belli bir aralykdan öldürmäge mümkinçilik beripdir.

2.Adamzadyñ ilkidurmuş taryhyna 100 müñ ýyla golaý mundan öñ demirgazykdan süýşüp gelen ägirt uly buzluk ury täsir edipdir. Buzluk ýer ýüzüniñ ýarysyny tutupdyr we gazaply howa şertleri emele gelipdir.

Buzlukdan öñki döwürde bolan ýygnaýjylyk ähmiýetini ýetiripdir. Indi yaşaýyş üçin has tutanýerli göreş başlanypdyr. Adamlarda täze ukyplar peýda bolupdyr, gurallar kämilleşipdir. Buzlugyñ bolmagy ilkidurmuş adamlarynyñ ýaşan döwrüni üçe bölýär:

5. Buzlukdan öñki döwür;

6. Buzluk döwri;

7. Buzlukdan soñky döwür.

Birinji döwrün adamlary - arheantroplar (Pitekantrop, sinantrop we ş.m.), ikinji döwrüñ adamlary – paleantroplar (neandertal adamlary), üçünji döwrüñ adamlary – neantroplar (häzirki adamlar).

Buzluklaryñ galyñlygy 1–2 km ýetipdir. Buzlugyñ merkezi Grenlandiýa bolansoñ , Demirgazyk Amerikada onuñ tutan meýdany Ýewropadakydan we Aziýadakydan üç esse köp bolupdyr. Demirgazyk Aziýada we Sibirde buzluk Ýewropadaka garanda gowşagrak bolupdyr. Buzluk eýýamyny dört döwre bölýärler:

1. gins;

2. mindel;

3. riss;

4. wýurm (bu atlar geologlaryñ buzlugy öwrenen ýeri bolan alplardaky şweýsar obalarynyñ ady bilen baglanyşykly). Ilkinji buzluklaryñ gelmegi bilen howa sowapdyr, ýöne giçki asell döwründe has-da sowuk bolup başlaýar. Mustýe döwründe iñ dowamly we uly riss buzlugy başlanýar. Ýyly howa ýagdaýynda ýaşan haýwanlaryñ bir bölegi sowukdan ölýär, bir bölegi-de günorta göçýär. Olaryñ ýerine indi momontlar (uzyn tüýli piller), sibir nosoroglary, tizonlar, sugunlar, loslar we ýyrtyjylar (gowak aýylary, ýolbarslar we ş.m.) ýaşap başlapdyrlar. Adamlar mundan 300-200 müñ ýyl ozal otdan peýdalanyp başlapdyrlar. Mustýe döwrüne çenli olar ody öçürmän saklap ulanypdyrlar. Mustýe döwründe bolsa ody özleri ýakmagy öwrenipdirler. Ody almagyñ gadymy görnüşi çakdanlygy döwürlerde ody almagyñ beýleki görnüşleri-de ýüze çykypdyr.
Oduñ ähmiýeti adam üçin juda uly bolupdyr. Onuñ kömegi bilen adamlar sowukdan goranypdyrlar, ýagtysyndan peýdalanypdyrlar, iýmiti gowrup ýa-da gaýnadyp iýmäge mümkinçilik tapypdyrlar. Etiñ bişirilip iýilmegi adam bedenine juda oñaýly täsir edipdir. Oduñ kömegi bilen ýyrtyjy haýwanlardan hem goranypdyrlar.

Adamlar buzlukdan öñem gowaklarda ýaşapdyrlar. Ýöne buzluk eýyamynda gowaklar has gowy özleşdirilipdir.

Mustýe dünde toparlaýyn aw awlamak başlanypdyr. Sowuk howa şertlerinde iri haýwanlary awlamak uly ähmiýete eýe bolupdyr, iri haýwanyñ etinden başga-da ýagy, süñki, derisi adamlara zerur bolupdyr. Adamlar awlaýan haýwanlaryny kowup kert ýerden ýakypdyrlar. Aw oñmadyk mahaly adamlaryñ aç galýan pursatlary seýrek seýrek bolmandyr. Ilkidurmuş adamlarynda adam etini iýmeklik hem duş gelýär. Adam etini iýmekligiñ (kannibalizm) yzlary sinantroplarda , neandertallylarda duş gelýär. Esasan çagalary , garrylary, keselleri iýipdirler. Adam ömrüniñ uzaklygy 20-30 ýaş bolupdyr.

3.Adamzat taryhynyñ iñ irki döwründe dürli ýerlerde ýaşan adamlaryñ medeniýetiniñ birmeñzeşdigini olaryñ iñ gadymy gurallarynyñ meñzeşligi subut edýär. Diñe zähmet gurallarynyñ nämeden ýasalandygynda käbir aýratynlyklar duş gelýär. Meselem, Fransiýada esasan , çakmak daşyndan , Ermenistanda bolsa obsidiandan ýasapdyrlar. Şol döwürde haýwanat dünýäsinden ýañy saýlanan adamlar ýeke şap bilmändirler. Topar bolmasa iýmit tapmak, zähmet gurallaryny ýasamak, önümçilik endiklerini saklamak, ýyrtyjy haýwanlardan goranmak mümkin bolmandyr. Ulular has tejribeli bolup, zähmeti guraýjylar hökmünde öñe çykypdyrlar.

Irki adam topary 20-40 adamdan ybarat bolupdyr. Olarda topar bolup ýaşamaklyk ata-babalaryndan miras geçipdir. Olaryñ arasynda gönez çaknyşyklar bolupdyr. Olarda nika gatnaşyklary we adam iýmeklik bolupdyr. Tertipsiz nika gatnaşyklary “promiskuitet” (“garyşyk”, “hemmelere elýeterli”) diýlip atlandyrylýar.

Neandertal adam toparlarynda 50-100 adam bolupdyr. Olaryñ aw awlaýyşy has guramaçylykly bolupdyr we has uly topary eklemäge ýetipdir. Bilelikde zähmet çekmekleri, umumy iýmitlenmek we ýaşamak adam toparlaryny has ýapyk, aýrybaşgalaşdyrypdyr. Nika öñki ýaly toparyñ içinde bolupdyr.

Arheantroplaryñ we paloantroplaryñ sürülerinde adamyñ özi-de , jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýuwaş – ýüwaşdan kemala gelip başlapdyr. Önümçilik we jyns gatnaşyklary , iýmiti paýlamak, özara kömek bermek düzgünleşipdir we däplerde , dessurlarda berkidilipdir.

Käbir alymlaryñ pikiriçe jyns gatnaşyklary ilki awa taýyarlyk, aw edilýän , ýygnaýjylyk bilen meşgullanylýan döwürlerinde “tabu” (“gadagan”) girizilmegi bilen düzgünleşdirilip başlanýar. Soñlukça bir toparyñ içinde nika gatnaşyklary düýbünden gadagan edilipdir.

Beýleki bir alymlaryñ pikiriçe bolsa, jyns gatnaşyklary uly we kiçi nesilleriñ arasynda gadagan edilmegi bilen düzgünleşdirilipdir.
1 лайков 148 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
15 окт 2021, 09:08
Ilkidurmuş adamlarynda adam etini iýmeklik hem duş gelýär. Adam etini iýmekligiñ (kannibalizm) yzlary sinantroplarda , neandertallylarda duş gelýär. Esasan çagalary , garrylary, keselleri iýipdirler. Adam ömrüniñ uzaklygy 20-30 ýaş bolupdyr.
o bože maya
Merjen
15 окт 2021, 11:32
like
ESSALAMUNALEÝKUM
15 окт 2021, 12:04
gowy eken bahaber