Türkmenistanda gadymy döwürde ýaşaýyş bolupdyrmy?

Taryh barada söz açylanda käbir kişi, "Türkmenistanda üýtgeşik taryhy ýadygärlikler ýok" diýip, ýa bolmasa yza galak düşünjelerini beýan edip barja zehinlerini ýüze çykarýarlar. Ýöne Türkmenistanyň çäklerinde gadymy döwürden başlap medeniýetler, ýaşaýyşlar kemala gelipdir we orta asyr taryh döwründe hem medeniýet, ylym-bilim, söwda gatnaşyklary gaty ösüpdir. Meselem Merw, Gürgenç şäherleri, Parfiýanyň paýtagty Nusaý ýaly ösen medeni merkezleri bolupdyr.
Türkmenistanyň taryhyny alymlar, öz aýratynlyklaryna laýyklykda ony 4 asyra bölýärler. Olar daş asyry, mis asyry (eneolit), bürünç asyry we demir asyry. Alymlar adamzat jemgyýetinde peýdalanylan zähmet gurallaryna esaslanyp döwürleri şolara bölüpdir.
Daş asyry öz içinde 3 döwre bölünýär. Olar paleolit, mezolit we neolit döwürleri. Paleolit has gadymy daş asyrydyr, (paleo - gadymy, litos - daş). Ol gadymy döwürden başlap b.e. öňki XII müňýyllyga çenli dowam edýär. Mezolit döwri bolsa (grekçe mezos - orta) orta daş asyry hasaplanylýar. Bu b.e. öňki XII-VII müňýyllygy öz içine alýar. Daş asyrynyň iň soňky döwri neolit döwri (grekçe neos - täze) täze daş asyry hasaplanylýar. Bu döwür bolsa b.e. öňki VII müňýyllygyň ikinji ýarymyndan b.e. öňki V müňýyllygyň birinji ýarymyna çenli aralygy öz içine alýar. Jeýtun medeniýeti hem şu neolit döwrüne degişlidir.
Mis asyry bolsa V müňýyllygyň ikinji ýarymy degişli hasaplanylýar. Bu tä IV asyryň ahyrlaryna çenli dowam edipdir. Mis diýilmeginiň sebäbi adamlar bu döwürde misden zähmet gurallaryny ýasap başlapdyrlar. Alymlar şo sebäpli bu döwre mis asyry diýip at beripdirler.
Bürünç asyry bolsa b.e. öňki III müňýyllygyň başyndan başlap b.e. öňki II müňýyllygyň ahyrlaryna çenli dowam edýär. Bu döwürde adamlar galaýy bilen misi garyp bürünç almagy başarypdyrlar şo sebäpli bu asyra bürünç asyry diýipdirler.
B.e. öňki II müňýyllygyň ahyrlarynda demir oýlanyp tapylypdyr şo sebäpli bu asyra demir asyry diýipdirler. Demiriň oýlap tapylmagy durmuş-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň golaýlaşmagyna getiripdir.

Irki döwürlerde adamlar nähili bolupdyr?
Iň gadymy adamlar Türkmenistanyň çäginde mundan 1.8 million ýyl ozal ýaşapdyrlar. Olar "başarjaň" diýilip atlandyrylypdyr. Sebäbi olar ýelden goranmagy başarypdyrlar we süňkden, daşdan, agaçdan zähmet gurallaryny ýasamagy başarypdyrlar. Olaryň äňi kiçi bolupdyr. Beýin gurluşlary maýmynlaryňkydan uly, häzirki zaman adamlaryňkydan kiçi bolupdyr. Barmaklarynyň bogunlary gödek şekilde bolupdyr. Olar gürläp bilmändirler we zordan üzlem-saplam sesleri çykarmagy başarypdyrlar. Olar gorkularyny, gaharlaryny şol sesler bilen belli edipdirler. Kömege mätäç bolanlarynda şol sesleri çykarypdyrlar. Bu döwrüň ýagny paleolit döwrüniň adamlary Merkezi Aziýanyň töwereklerinde ýerleşýän Deşikdaş gowagynda ýaşapdyrlar sebäbi bu ýerde 8-9 ýaşly ýaş oglanjygyň süňki tapyldy. Soňra ýuwaş-ýuwaş jemgyýet durmuşy ösüp, adamlaryň aňlary ösüp başlapdyr.
Paleolit döwrüniň ahyrlarynda gadymy adamlar Türkmenistanyň dürli ýerlerinde ýaşapdyrlar. Meselem Uzboý sebitleri, Hazar kenarlary, Sumbar, Çendir jülgelerinde, Köpetdagyň we Bathyzyň baýyrlyklarynda ýaşapdyrlar.
Hudaýdag çöketliginiň demirgazyk taraplarynda bolsa pil aýagynyň süňkleri, azy dişiniň döwügi hem tapyldy.
Mezolit döwründe ýagny orta daş asyry eýýamynda bolsa adamlar esasy Balkanda ýaşapdyrlar. Meselem Damdamçeşme II, Jebel we Gaýly gowaklarynda ýaşapdyrlar. Olar awçylyk, balykçylyk, ýygnaýjylyk ýagny ir-iýmiş toplamak, haýwanlary eldekileşdirmek bilen meşgul bolupdyrlar. Jebel gowagynda sungat eserleri hem tapyldy. Adamlar bezeg hökmünde boýunlaryna balykgulaklary dakypdyrlar. Başgada jebelde, damdamçeşmede balygyň, jereniň, goýun geçileriň süňkleri tapyldy. Bu bolsa olaryň maldarçylyk bilen hem meşgul bolandyklaryny görkezýär. Ýenede jebel gowagynda ýabany haýwanlaryň galyndylary tapyldy, bu bolsa olaryň awçylyk bilen meşgul bolandyklaryny aňladýar.
Ot tapylmagy.
Ot haýwanlar üçinem adamlar üçinem howply bolupdyr. Ýyldyrym çakanda ýada wulkanlaryň atylmagy bilen tokaýlar ýanypdyr. Tokaýda ençeme haýwanlar galypdyr. Adamlar olary iýip, bişen etiň çig etden has tagamlydygyny bilipdirler. Olar daş bir ýere gidende hem oduň közüni söndürmän saklapdyrlar. Galybersede ot ýabany haýwanlardan goranmak üçinem amatly bolupdyr.
Ok-ýaýyň tapylmagy.
Ýaýyň tapylmagy adamlaryň jemgyýetçilik durmuşynda uly öňegidişlik bolupdyr. Olar indi ýabany, ýyndam haýwanlary, guşlary awlap bilipdirler. Ätiýaçlyk et önümleri köpelipdir. Bulam olary açlykdan halas edipdir.
Soňra uruglar peýda bolup başlapdyr. Bu döwürde erkek we aýalyň zähmet bölünişigi bolup geçipdir. Erkekler zähmet gurallaryny ýasap, aw awlap balyk tutmak bilen meşgul bolupdyrlar. Aýallar bolsa çaga seretmek, nahar bişirmek, ir-iýmiş çöplemek, geýim tikmek, ody söndürmän saklamak bilen meşgul bolupdyrlar.

Neolit döwri - Jeýtunyň döremegi.
Täze daş asyry hasaplanan neolit döwri b.e. öňki VII müňýyllygyň ikinji ýarymyndan başlap b.e. öňki V müňýyllygyň birinji ýarymyna çenli dowam edipdir. VI müňýyllykda Köpetdag eteklerinde ýaşaýan adamlaryň oturymlylyga geçmegi bilen olar arpa, bugdaý ösdürip, ownuk mallary köpeldipdirler. Şeýlelik bilen olar iň gadymy ekerançylyk ýerleriň biri bolan Jeýtun medeniýetini döredipdirler.

Jeýtun medeniýeti.
Jeýtun obasy Aşgabadyň 30 km demirgazyk - günbatarynda ýerleşýär. Jeýtun adynyň gelip çykyşy Jeýtun obasy bilen baglanyşyklydyr. Jeýtun medeniýeti b.e. öňki V müňýyllyga degişli diýilip hasaplanylýar. Bu ýerden dürli zähmet gurallary, dürli gurallar tapylypdyr. Bu bolsa onuň halkynyň ekerançylyk bilen meşgul bolandygyny görkezýär. Jeýtun iň gadymy ekerançylyk ýerleriň biridir. Olar ýerleri kätmen bilen bejeripdirler. Çygly ýere tohum sepipdirler. Olar Köpetdagyň suw çeşmelerinden dolýan kiçijek çeşmelerinden ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Hasyly almak üçin daşdan we süňkden ýasalan oraklary ulanypdyrlar. Dänäni döwmek üçin el degirmenini ulanypdyrlar we un alypdyrlar.
1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy Änewde gazuw-agtaryş işleri geçirýär. Ol ýerden dürli gurallaryň tapylmagy bilen, ak başly, sümmülli we däneli bugdaý tapylýar. Oňa "ak bugdaý" diýip at berýärler. Şo sebäpli Türkmenistan ak bugdaýyň Watany hasaplanylýar.
Jeýtunlylaryň esasy kärleri maldarçylyk we ekerançylyk bolupdyr. Ekerançylyk we maldarçylygyň ýüze çykyp ugramagy uly öňegidişlikleriň biri bolupdyr. Adamlar indi taýýar önümi ýygnamakdan olary özleri ösdürip ýetişdiripdirler. Jeýtunlylar däp-dessurlary berjaý edip maldarçylyk we ekerançylyga degişli baýramlaru belläpdirler.
Jeýtunlylar ussat küýzegärler bolupdyr. Olar toýun palçykdan gap-gaçlary zatlary ýasapdyrlar.
Jeýtunda her maşgalada 5-6 adamdan ybarat bolan 35-40 maşgala hojalygy bolup, onda 200-240 adam ýaşapdyr. Olar özlerine degişli gap-gaçlary, bezeg şaýlaryny öz jaýlarynda goýupdyrlar. Azyk önümleri bolsa ýagny bugdaý, arpa tutuş oba üçin niýetlenen bir uly jaýda ýerleşdirilipdir.
Olaryň öýleri palçykdan ýasalypdyr. Gapylary darajyk bolup ol haýwanlaryň derileri bilen ýapylypdyr. Öýüň içinde diwarlarda kiçijek tekmejiklerde şaý-seplerini goýupdyrlar. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda kömekçi jaýlar hem gurlupdyr.
Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri hem 3-e bölünýär. Olar irki, orta we giçki. Irki ýadygärliklere Jeýtundepe, Togalakdepe obalary degişli bolupdyr. Orta ýadygärliklere bolsa Pessejikdepe, Çopandepe degişli bolupdyr. Giçkä bolsa Çagyllydepe degişli bolupdyr.

Bürünç asyryna degişli bolan Altyndepe, Sarinadiniň tapan Marguş (Margiana) ýurdy barada başga bir gün gürrüň bereris.
2 лайков 950 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aymyrat
30 сен 2022, 22:10
Sunk naçe munyyldan son daşa öwrulyar.