Türkmenistanyň döwlet nyşanlary

Her özbaşdak döwlet dünýäde özüniň döwlet nyşanlary bilen tanalýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda döredildi. Döwlet senasy bolsa 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda döredildi. 2007-nji ýylda onuň teksti täzelenip many-mazmun taýdan kämilleşdirildi.
Döwlet baýdagymyzyň we Döwlet tugramyzyň düşegi ýaşyl reňkde bolup, ol tebigatyň reňki. Ol Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşyl ýaýlalaryny, bolçulygy, täzelenýän durmuşy aňladýar. Ýarymaý we bäş sany ýyldyz bolsa ata-babalarymyzyň gadymy ynançlaryna goýulan hormaty alamatlandyrýar. Aý - bakylygyň alamaty. Türkmenlerde täze çykan Aýy ýüzüne sylyp dileg etmek däbi bar. Bäş sany haly göli bolsa bäş sany welaýaty aňladýar. Bäş welaýatyň haly gölleriniň Döwlet baýdagymyzda ýerleşdirilmegi türkmen halkynyň bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirlikde ýaşaýandygyny aňladýar. Zeýtun şahajyklary bolsa parahatçylygyň, bitaraplygyň alamaty.
Döwlet tugramyz sekizburçludyr. Onuň taryhy kökleri gadymyýetden gaýdýar. Ol şekil haly, küýzegärçilik, zergärçilik sungatlarynda hem gadym eýýamlardan bäri ulanylypdyr. Döwlet tugramyzdaky bugdaý - saçagymyzdaky çörek, ol mukaddes hasaplanýar. Ak pagta hanalary bolsa türkmeniň baýlyk çeşmeleriniň biri. Ak reňk arassalygyň, halallygyň alamaty. Tugramyzdaky ahalteke bedewi bolsa türkmeniň buýsanjy we wepaly dostudyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy 1996-njy ýylyň 19-njy iýulynda kabul edildi. 1994-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanda ilkinji baýdak baýramy bellenildi. Her ýylyň 19-njy fewralynda baýdak baýramy bellenilýär. Aşgabatda Döwlet baýdagymyzyň belent sütüni dikildi. Ol 133 metr bolup, iň uly Döwlet baýdagy hökmünde Ginnessiň rekordlar kitabyna girdi.
2 лайков 2 847 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
30 сен 2022, 03:55
Her ýylyñ 19-fewralynda baydak bayramy bellenilyår...Уйгедилди далмай инди?
Dowsypat
30 сен 2022, 11:17
Döwlet baýdagymyzyň we Döwlet tugramyzyň düşegi ýaşyl reňkde bolup, ol tebigatyň reňki.

Tkm-yn 71%-ni Garagum coli tutyar.Nireden tebigatymyzyn renki yashyl bolup biler?!Yashyl renk yslamy anladyar.Manysy ygrarak gorlup,son uytgedilen bolmaly.Taze dogan ay hem yslamyn simboly.
Alfonze
Автор 30 сен 2022, 12:54
Hemedany,
Şahsyda sora ondaň aýdaryn bolmasa temadan daşary teswir ýazma, tema degişli ýaz.
Alfonze
Автор 30 сен 2022, 12:57
Dowsypat.,
Şeýledir öýtýädim ýöne beýle däl eken meselem döwlet baýdagymyzdaky we tugramyzdaky haly göllerini 5 wagt namaza çeken bar. Ýöne Galkynyş zamanasy başlanyndan bäri döwlete din bilen baglanyşykly zatlar goşulanok. Meselem ho günjek wagyz gürrüň beren birini tutup äkitdiler. Ýada dini kitaplar bolsa hem kitaphanadan aýrylýarlar, hem öýde basylgy bolsa aýyryp ýygnaýarlar. Onsaň baýdaga goşmajaklary gaty mälim.
Dowsypat
30 сен 2022, 16:53
Gölden habarym ýok,ýöne şu ýaşyl reňk bn aýyň yslamyň simbolydygyny bilýän.
S❤
30 сен 2022, 18:42
Seresap bolayyn. Sondan gidenlerin gelisi yok. Kan agzaman yat yerde. Su yerlerem gorkunc dalmi
Alfonse
30 сен 2022, 18:48
Dowsypat.,
Aý biziňkide bolşy ýaly köp ýurtda bakylygyň alamaty! Tak bu zatlar Bilim Ministrliginiň okuw kitaplarynda bar, ýagny şol yslamy aňladýar diýeňdede diňe hekaýa bolar, resmi şekilde olar ýaly zat ýok.
Chariyeva
13 сен 2023, 18:56
Dowsypat.,
Aý köp adam yslamyň simboly diýýar ýöne näme üçin biziň baýdagynymyzyň aýy beyleki yslam ýurtlarynyň baýdagyndaky aýlardaran tapawutly durýar?