Türkmenistanda ýerleşen gadymy medeniýetler
Türkmenistan gadymy medeniýetleriň Watanydyr. Türkmenistanyň çäklerinde müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen birnäçe gadymy medeniýetleriň üsti açyldy. Şeýle-de Türlmenistan "Ak bugdaýyň Watany" diýip hasaplanýar.
Jeýtun medeniýeti
Jeýtun medeniýeti ilkinji ekerançylyk ýerleriň biridir. Jeýtun obasy Aşgabadyň 30 km demirgazygynda ýerleşýär. Ol b.e.öňki V müňýyllyga degişli diýip hasaplanypdyr. Alymlar we arheologlar bu ýerde bugdaý we arpa dänelerini, küýzeleri, zähmet gurallaryny tapypdyrlar. Jeýtunlylar ýeri kätmen bilen bejeripdirler. Soňra çygly ýere tohum sepipdirler. Ýetişen hasyly daşdan ýa-da süňkden ýasalan oraklar bilen orupdyrlar. Bugdaýlar aýratyn jaýda ýerleşdirilipdir. Olar dänäni döwmek üçin el degirmenini ulanupdyrlar we un alypdyrlar.
1904-nji ýylda Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy Änewde gazuw-agtaryş işleri geçirdi. Olar ak başly, sümmülli bugdaý tapdylar. Olar oňa "Ak bugdaý" diýip at beripdirler. Türkmenistan ak bugdaýyň Watany hasaplanýar. Olar başgada nagyşlary, surat bilen bezelen küýzeleri, gap-gaçlary we zähmet gurallaryny tapdylar.
Jeýtunlylaryň esasy käri ekerançylyk we maldarçylyk bolupdyr. Olar itleri we goýun-geçileri eldekileşdiripdirler. Olar däp-dessurlary berjaý edipdirler. Ekerançylyk we maldarçylyk bilen baglanyşykly baýramçylyklary belläpdirler.
Altyndepe. Iň gadymy şäher-döwlet
Altyndepe Türkmenistanda dörän ilkinji şäher-döwletdir. Ol Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşipdir. Ol mundan 4000 ýyl ozal döräpdir. Onuň 5000-e golaý ilaty bolupdyr. Ol daşyna diwar örülen galada ýerleşipdir. Ýaşaýyş jaýlary çig kerpiçden gurulypdyr. Şähere pyýada aýlanmak üçin darajyk köçeler, arabalar üçin giň we göni ýollar bolupdyr. Şäheriň içine derwezeden girilipdir. Onda ybadathanalar, köşkler, ýaşaýyş jaýlary, zergärçilik we küýzegärçilik ussahanalary ýerleşipdir. Şäheriň merkezinde hökümdarlaryň jaýlary we ybadathana ýerleşipdir. Ol uzakdan hem görnüpdir. Hünärmentler hojalyk üçin zerur bolan gap-gaçlary, küýzeleri, zähmet gurallaryny ýasapdyrlar. Ussalar toýundan, mermerden heýkelleri ýasapdyrlar. Olar misi, bürünji, metaly giňden ulanyodyrlar. Ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolýan ilaty şäheriň daşynda ýaşapdyrlar.
Arheologlar bu ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirdiler we zenan heýkellerini, şaý-sepleri, toýundan, mermerden, misden, bürünçden, daşdan ýasalan zatlary tapdylar. Arheologlar bu ýerden başgada öküziň we möjegiň altyndan ýasalan kelle heýkellerini hem tapdylar. Şo sebäpli bu ýer Altyndepe diýip atlandyrylypdyr.
Marguş ýurdy (Margiana)
Marguş ýurdy Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çäklerinde ýerleşipdir. 1972-nji ýylda, alym Sarianidiniň topary Murgabyň gadymy akabysynyň ugrunda, Goňurdepede ägirt uly köşgiň we ybadathananyň üstüni açdylar. Bu ýerden edilen barlaglar ol ýeriň iň gadymy din bolan otparazlygyň Watanydygyny, şäheriňem paýtagt şäherdigini görkezdi. Bu ýerde suwuň uzak wagtlap durmagy ýaşaýyşyň uzak dowam etmegine getiripdir. Olar ekerançylyk ýerlerini ýaplardan suwarypdyrlar. Ekerançylyk we maldarçylyk bilenem meşgul bolupdyrlar. Ýerleri öküzler bilen sürüpdirler. Düýeleri mes toprakly ýerlerde, goýunlary we sygyrlary öri meýdanlarda bakypdyrlar. Olar bürünç kätmenleri, diş-diş oraklary ulanypdyrlar. Goňurdepede ençeme gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Arheologlar bu ýerlerden köşkleri, ybadathanalary, goranyş diwarlary, heýkelleri, ammarlary tapypdyrlar. Şäheri goramak üçin käbir ýerlerde diňler gurulypdyr. Hökümdaryň köşgi ýurdy dolandyrmak üçin amatly ýerde ýerleşipdir. Halk ybadathanada oda we suwa çokunypdyrlar. Sarianidiniň Goňurdepäni öwrenmekde uly işler bitiripdir. Ol bu barada kitaplar ýazypdyr. Bu ýurt uzaklardan hem tanalypdyr. Onuň gatnaşyklary Mesopotamiýa, Siriýa, Anadoly ýurtlary bilen bolupdyr. Bu ýerden tapylan tapyndylar dünýä alymlarynyň bu ýeri Hytaý, Hindistan, Müsür, Mesopotamiýa bilen birlikde iň gadymy medeniýetleriň bäşinjisi diýip yglan etmeklerine sebäp boldy. Bu ýerden tapylan tapyndylar Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde saklanylýar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.