Perman (Buysancly gala bolumi 2-njibolum)

ýaly edýärdiler-de, aksakgallar gitdigi, öňküdenem bäş beter ylgaşmaga başlaýardylar. Öň diňe şowhun edip oýnaýan bolsalar, indi şowhun turuzman oýnaýardylar. Garagol, ýoknasyz ýigitlere buýrup bolmady. Ussalar hem ýapyşan işlerinden el çekmediler. Şeýle basalanyp, zynç ýaly bolan laý öz göwrümini giňeldip, gün-günden berkeýärdi. Indi ussalaram oglanlara zat diýenokdylar. Gaýta her gün işden soň oglanlaryň erjellik bilen oýnaýyşlaryna syn edip: “Degme, oýnasynlar, biziň salan galamyz daşdan hem berk bolar. Bu oglanlaryň oýny gala üçin uly bähbitdir” diýişýärdiler. Şeýdip, ussalaryň hem oglanlaryň kömegi bilen gala salnyp gutaryldy. Bu gala Gökdepe galasy diýen at galdy. Bu Ahalyň buýsanýan galasy boldy. Ussalaryň çeken zähmetine iliň-günüň özi ynsap edip, iki esse artyk hak töledi. Ussalaram köp hoşal boldular”.
Galanyň ganatlarynyň şeýle berkligi aýdyşlaryça bardy. Ol indi köne galalar hataryna giripdi. Emma salnyp başlanyndan ýigitleriň depeşegi astynda galyp, zynç bolan ganatlarynyň heniz hem opurylyp gaçan ýeri ýokdy.
Bu gün hem ýigitler hemişeki adatlary boýunça galanyň gündogar gapdalyna ýygnanypdylar. “Dik, dep, hany, kimiň gezegi? Ine, meniň gezegim! Ýok, ýok, gezegiňe dur! Sen on gezek dagy depdiň. Men heniz bir saparam depemok!..” diýşip, gala ganatlarynyň üstünde hemişeki şowhunlaryna, hemişekijedelli depeşeklerine başlapdylar. Ýüňi ýeten ýigitler gala ganatynyň üstünde telpek goýup, maý alyp ylgaýardylar, ýüzüniň ugruna el degirmän dyrmaşyp, telpegi depýärdiler-de, ýene arkanlygyna düşýärdiler. Şeýdip gezekme-gezek gaýtalaýardylar. Käbirine: “Bir eliňi urduň” diýýärdiler, başga birine: “Arkanlygyna düşeňde, sagdyn dik düşüp bilmediň” diýýärdiler.
Öz göwresine erk edip bilmeýänlerden hasaplanýan agras ýüzli bir ýigit:
— Hany, bizem bir synanyp göreli - diýip, süsüşjek goç ýaly maý alyp götinjekläp gitdi. Emma onuň ullakan gara gözleri galanyň ganatynyň çür başyndaky telpekdedi. Görnüşine görä, ýigit bu diňe çykmaga birinji gezek synanyşýan borly, daşyndakylar ýerli-ýerden:
— Hany, senem bir synanyp gör bakaly - diýşip, ynamsyzlyk bilen gygyryşdylar. Olar öz ýüreklerinden “bu galanyň gap bilinden aşaklygyna patlap gaçar” diýip pikir edýärdiler. Şeýle masgaraçylygy-da gyjytly gülki bilen, şerebeli ýomaklar bilen garşylamaga taýýarlanýardylar. Emma ol tamalary puja çykdy. Ýigit ok ýaly atylyp, galanyň depesine dyrmaşdy-da, onuň depesindäki telpegi depip, yzyna böküp düşdi. Oglanlaryň hemmesi geňirgenmek bilen dymdy. Diňe çetde duran biri:
2 лайков 98 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merjen
18 янв 2022, 16:10
Likee
Kalp doctory
18 янв 2022, 20:08
++like