Perman (Buysancly gala bolumi 1-nji bolum)
Mylaýym güýz paslynyň bir günüdi. Buýsançly burçlary asmanda magallaklap duran galanyň içi adaty joşgunly hereket bilen gaýnaýardy, şatlykly şowhun bilen ýaňlanýardy. Gyş bolsun, ýaz bolsun, tomus bolsun, güýz bolsun - parhy ýok, bu galada şu joşgunly hereket, şu şatlykly şowhun hemişe birsydyrgyn dowam edýärdi. Bu gala guş gelse, ganaty gyrlyp, gulan gelse, toýnagy gyrlyp, üstünden guş hem uçup bilmejege, derwezesinden döw hem sekip bilmejege meňzeýärdi. Hamala, “häh!” diýende, ýetmiş bäş derwezesiniň her birinden ýüz müň demir donly Görogly gylyjyny syryp çykaýjak ýaly buýsançlydy.
Emma bu gala daşyndan görnüşi ýaly arkaýyn däldi. Onuň ilaty aýak üstündedi, gijesi-gündizi teşwişdedi. Gala onçaklylap ederlik uly hem däldi. Onuň boýy bäş müň ädimdi, ini iki ýarym müň ädimden azajyk gowrakdy. Zamanynda Ahalyň uly galalarynyň biri hasaplanýan galalardandy. Galanyň ganatlarynyň berkligi onuň arassa ak-şyrky toýun palçykdan salynmagyndan aňlanýardy. Emma garrylar öz galalarynyň asly sagtynyň berkligi hakynda ownuk gürrüň edenlerinde, muny şeýle düşündirerdiler: “Biz bu galany saldyrmak üçin welaýatdan (Horezminden) ussa çagyrdyk. Ussalar bilen hak- hasap gepleşildi. Ussalar işini gutarandan soň, muzzuny jemagat tölemeli, tä gala salnyp gutarylýança, ussalaryň iýjek- içjeginem jemagat çekmeli edildi. Ussalar ak palçykdan galanyň bir goruny goýup çykdylar. Şol günüň özünde hemişe ýarym gijä çenli oýnamaga endik eden jahyl ýigitler täze salnan goruň üstünde ylgaşyp oýnapdyrlar. Ertir görseler, ol gor depelenip, aşak çökerilipdir. Bu sapar ussalar seslerini çykarman, işlerine başladylar. Ikinji gory galdyrdylar. Ýene jahyllar ony hem edil öňki ýaly edipdirler. Ussalar bu gezegem seslerini çykarmadylar. Ahyry ussalar üçünji gezekden soň aksakgallaryň ýanyna gelip dat etdiler. Aksakgallar ýigitlere käýindiler. Emma ýigitler öz oýunlarynyň galanyň ganatlary üçin peýdalydygy-zyýanlydygy hakda pikirem etmeýärdiler, oýnasalar bolýardy. Şonuň üçinem olar käýelen wagty seslerini-üýnlerini çykarman, ýeňselerini tüňňerdişip gidýän

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.