Perman (Buysancly gala bolumi 3-njibolum)
— Çopan ägirtdir! - diýip, sowally dymyşlyga jogap berdi. Onuň deregine başga biri köpçüligiň gülüp keýpden çykmagyna sebäp boldy. Ol öz içinden: “Şu depensoň, men depip bilmenmi?” diýip, öz ýüregi bilen jedelleşip duran bolmaga çemeli, maý alyp ylgady welin, galanyň gap bilinden aşak pökläp gaýtdy. Töwerek-daş el çarpyp gülüşdi. Kimdir biri:
— Sen goşuňy haýda, goşuňy... Oragyňy or - diýip gygyrdy. Ol ýigidiň ýüzi utançdan ýaňa çapady ýaly gyzardy.
— Siziň bilen düz ýerde eşekden-ä böküşip bilerin - diýip, ysgynsyz seslendi.
— “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn”, getir-äýt eşekleri - diýip, biri gygyrdy.
Heniz diňe ulularyň bolşuna tomaşa edip, höweseklik bilen olardan görelde görüp duran ýetginjekler dumly-duşa pytrap, sen-men ýok, öýleriň gapdalynda duran eşekleri çözüp, idip getirip başladylar. Bulardan: “Siz eşegi nirä äkidýärsiniz, näme üçin äkidýärsiňiz?” diýip soraýan-ideýän-de ýokdy. Aslynda şunuň ýaly iş üçin eşek, göle, iş ýabysy ýaly mallary soragsyz- idegsiz alybermek ozaldan dessur bolup galan bir adat bolmaga çemeli.Bular alty sany eşegi hatara ýanaşdyryp duruzdylar. Sagda- solda toýçy ýaly üýşüp duran ýigitler: “Bök-de bök!” boluşdylar.
Kimdir biri öňüni başlap, alty eşegiň üstünden ýeňillik bilen atylyp geçdi. Onuň yzy kesilmän, biri-biriniň yzyndan towusýardylar.
Bir tapgyr bökülenden soň, hatara duran eşekleri sekize ýetirdiler. Bu sapar käbiri ahyrky eşegiň üstüne düşüp galdy.
Eşegiň sany ona ýetirildi, soň on ikä ýetirildi. Her sapar jübütden artdyryldygyça, towusýanlar-da kem-kemden azalýardy. Birden bu böküşmegi-de taşlap, “Tut-da tut!” bolşup, göreşe ýazdylar. Agyr märeke göýä uly toý mähellesi ýaly tegelendi. Ortada bolsa güýçli pälwanlaryňky ýaly göreş barýardy. Bu uly üýşmek mähelläniň tamamy otuz ýaşdan bärdäki ýigitlerdi. Gala jemagatynyň iň şatlykly joşgun bilen gaýnaýan şowhuny hem şol toparyňkydy. Çünki bu topar özlerinden kiçi ýaş ösdürimleri, belki, ýaňy içde-daşda oýnamaga ýaran bäş-alty ýaşlylary-da özleriniň janly hem jedelli gyzyk işleri bilen höweslendirýärdiler. Käbir wagtlarda ulular diýlip hasaplanýan otuz bäş, kyrk ýaşlylaryň hem bularyň işine gatyşýany seýrek däldi. Hatda segsen-togsan ýaşly garrylaryňam göwni göterilip, olara tomaşaban bolýan wagtlary köp bolýardy.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.