Güldürmeýän degişmeler.#1

[/i]NÄME ÜÇIN GOŞULÝARSYŇ

Bir adam itiniň ýüpünden tutup köçeden ýöräp barýan mahaly halamaýan goňşusy bilen gabatlaşýar. Goňşusy:

— Bu eşek bilen nirä barýaň?— diýip soraýar.

— e-e bu it ahyryn. It bilen eşegiň tapawudyny bileňokmy?.

Goňşusy säginmän:

— Men it bilen gürleşýän. Sen nämüçin gürrüňimize goşulýaň?— diýýär.
------------------------------------------------------
"ÜÝRÝÄN IT DIŞLEMEZ"

Bir adam dostunyň öýüne myhmançylyga barypdyr. Howlyň gapysyny açan mahaly aňyrdan üýrýän iti görüp, gapyň öňünde doňup galdy. Köçeden geçip barýan biri muny görüp:

— Gorkmaň! "Üýrýän it dişlemez" — diýýär.

— Bu aýdýanyňa gowy welin, emma it birden bu atalar sözüni bilmeýän bolsa näme?
------------------------------------------------------
[i]
"ÝALAN SÖZLEMEK BÄSLEŞIGI"

Gadym döwürde bir patyşa "ýalan sözlemek bäsleşigini" gurnapdyr. Kimde kim ynanylmagy mümkin bolmadyk bir ýalan aýtsa bäsleşikde ýeňiji bolup, patyşa tarapyndan müň tylla teňňe baýrak berilýärdi. Ýurduň iň ussat ýalançylary özleriniň başarnyklaryny görkezmäge başladylar.

Ýalançylaryň biri:

— Patyşahym, men asmana merdiwan gurdum— diýdi.

— Bolup biler, mümkin.

Başga biri:

— Patyşahym, men ummanyň üstüne köpüri gurdum— diýdi.

Patyşa muňada:

— Bolup biler, mümkindir— diýip jogap berdi.

Başga-da birnäçe ussat ýalançylar her hili ýalanlar aýtdylar. Emma patyşa hemmesine "mümkin, bolup biler" diýip jogap berdi. Hiç haýsyna "mümkin däl" diýmedi. Ahyry akyllyň biri patyşany duzaga düşürdi:

— Patyşahym, siziň merhum dädeňiziň, meň merhum dädeme müň tylla bergisi bardy— diýenden patyşa ýerinden böküp turup:

— Bolup bilmez, ýalan— diýip gygyrdy .

Şeýdibem ol adam ýeňiji boldy.
------------------------------------------------------
Paýlaşan:@Agashka
0 лайков 228 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
03 июн 2021, 14:44
Bolup bilmez, ýalan— diýip gygyrdy . ?
S❤
03 июн 2021, 14:46
Oylandyryjy yylgyrtya. Sag bol yetirenine
Agajan Annamyradovv
Автор 03 июн 2021, 15:00
Minnetdar!Xyivenia_babayeva.
Şamuhammet
04 июн 2021, 07:19
- Men it bilen gürleşýän ????