Degişmeler...
GÖWÜNLIK
Iki hatyn gürleşip otyr. Biri:
— Örän gynanýan. Ärimiň maňa diňe baýlygym üçin öýlenenine indi anyk gözüm ýetdi— diýýär.
Ikinjisi göwünlik berýär:
— Gowu-da, diýmek daşyndan görnüşi ýaly samsygam däl eken!.
NÄME ÜÇIN GOŞULÝARSYŇ
Bir adam itiniň ýüpünden tutup köçeden ýöräp barýan mahaly halamaýan goňşusy bilen gabatlaşýar. Goňşusy:
— Bu eşek bilen nirä barýaň?— diýip soraýar.
— e-e bu it ahyryn. It bilen eşegiň tapawudyny bileňokmy?.
Goňşusy säginmän:
— Men it bilen gürleşýän. Sen nämüçin gürrüňimize goşulýaň?— diýýär.
"ÜÝRÝÄN IT DIŞLEMEZ"
Bir adam dostunyň öýüne myhmançylyga barypdyr. Howlyň gapysyny açan mahaly aňyrdan üýrýän iti görüp, gapyň öňünde doňup galdy. Köçeden geçip barýan biri muny görüp:
— Gorkmaň! "Üýrýän it dişlemez" — diýýär.
— Bu aýdýanyňa gowy welin, emma it birden bu atalar sözüni bilmeýän bolsa näme?
"ÝALAN SÖZLEMEK BÄSLEŞIGI"
Gadym döwürde bir patyşa "ýalan sözlemek bäsleşigini" gurnapdyr. Kimde kim ynanylmagy mümkin bolmadyk bir ýalan aýtsa bäsleşikde ýeňiji bolup, patyşa tarapyndan müň tylla teňňe baýrak berilýärdi. Ýurduň iň ussat ýalançylary özleriniň başarnyklaryny görkezmäge başladylar.
Ýalançylaryň biri:
— Patyşahym, men asmana merdiwan gurdum— diýdi.
— Bolup biler, mümkin.
Başga biri:
— Patyşahym, men ummanyň üstüne köpüri gurdum— diýdi.
Patyşa muňada:
— Bolup biler, mümkindir— diýip jogap berdi.
Başga-da birnäçe ussat ýalançylar her hili ýalanlar aýtdylar. Emma patyşa hemmesine "mümkin, bolup biler" diýip jogap berdi. Hiç haýsyna "mümkin däl" diýmedi. Ahyry akyllyň biri patyşany duzaga düşürdi:
— Patyşahym, siziň merhum dädeňiziň, meň merhum dädeme müň tylla bergisi bardy— diýenden patyşa ýerinden böküp turup:
— Bolup bilmez, ýalan— diýip gygyrdy .
Şeýdibem ol adam ýeňiji boldy.
GÜÝELERI ALDAÝARYS
Hatyn müşderi dükanda ýorgançalary synlaýardy. Bir ýorgançaň ýanynda säginip satyja:
— Siz bu ýorgançalary ýüňden taýýarlanan diýýärsiňiz. Emma, üstünde "ýüz göterim pagta" diýip ýazylypdyr. Bu näme boldugy?
Satyjy birjigem säginmän:
— Hanym dogry aýdýarsyňyz. Güýeleri aldamak üçin şeý diýip ýazyp goýduk.
UZYN HAT
Bir adamy guduz it dişläpdir. Ol adamam juda ünssiz bolandygy üçin, bu gün sanjym alaryn, ertir alaryn diýip gezip ýören wagtam iş işden geçip gidipdir. Lukmana baryp özüniňem guduzlajakdygyny bilensoň derrew kagyz-galam sorap, alyp uzyndan uzyn hat ýazmaga başlapdyr. Lukman esli wagt garaşypdyr, ahyry sabyr-kanagaty tükenip:
—Wesýetnamaňyz şular ýaly uzynmy?— diýip sorapdyr.
— Lukman aga, wesýetnama ýazamok. Men dişlejek adamlarymyň sanawyny ýazýan.
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.