KEMSINME EZIZIM!

Kemsinme Ezizim! Kemsinme asla!
Geyýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen, bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli,
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok.
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinme ezizim, berme gama ýan,
İr-giç, seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäne barýan,
Son saña köyneklik mata getirin.

Mañlaýdan der saçyp,
Dilden dür saçyp,
İşleýärin, baýlygym ýok, pulum ýok.
Ýöne men birzady aýdaýyn açyk:
Meniň senden başga, söýýän gülüm ýok!

Men seni söýýärin,
Söyýärin, ýöne,
Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir.
Geýnüwli gelinler,
Aý dek gelinler,
Belki, seniñ ýaly söýülýän däldir!
6 лайков 187 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
22 янв 2022, 15:11
Berekella
brawo
Aýnur
22 янв 2022, 17:27
Zyýany ýok pulsyzlygyňa gynanamok :)
Aýnur
22 янв 2022, 18:26
Цитата: Bagul_Atayeva
Mona Songz, şonaýt?

Pulsuz bolsada söýjek :)
Belki
22 янв 2022, 18:48
Gowy görýän goşgum.
doctor
22 янв 2022, 18:50
Gyw gyz govmy Bagul gelda sheydip goshgularyn gaty gowy like++++++
Ötegçi
22 янв 2022, 20:25
Öñrak @Belki agazanda okasym geldi, okap beraymeli goşgy sahnoluñ yetirenñize
Belki
23 янв 2022, 07:08
@Ötegçi,düşünmedim.Men bu goşguny agzamog-a.