???

Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok.
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinme, ezizim, berme gama ýan,
Ir-giç seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäge barýan,
Soň saňa köýneklik mata getirin.

Maňlaýdan der saçyp,
Dilden dür saçyp,
Işleýärin, baýlygym ýok, pulum ýok.
Ýöne men bir zady aýdaýyn açyk:
Meniň senden başga söýýän gülüm ýok.

Men seni söýýärin,
Söýýärin, ýöne
Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir.
Geýnüwli gelinler, Aý dek gelinler,
Belki, seniň ýaly söýülýän däldir.

Jumanazar ANNAORAZOW
5 лайков 229 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
04 июл 2022, 11:03
Jemleme gowy eken
Garabufer
04 июл 2022, 12:07
Şoňky ýaly heleýiň bolmaýsa
Belki
04 июл 2022, 12:40
Elif,
Diliñde hemme zadam añsat.Jüýjäni ulaltmagam,yzyñda çagalaryñy agladyp ýa-da olary ýanyña alyp şähere gidäýmegem,ýumurtgalara alyjy tapaýmagam diliñde añsat.
Durmuş señ göz öñüñe getirişiñ ýaly ýöränok.Şeýle bolanda eklenibilmeýän hojalyklaryñ barysy jüýje edinerdi.
wordless
Автор 04 июл 2022, 12:40
Elif, bolýala joro azara galma))
İşleýän diýýä awtor))
wordless
Автор 04 июл 2022, 14:08
Elif,
O juyjeleri saklamagam gerek. Beyle ansat zat dal. Ulaldañsoñam bary biderek boljak bolsa bolmayar. Meñ 250 sany juyjám bardy. Yumurtgadan çykan gùnùnden seretdim, ulaltdym. Nache kepek, bugday berip. Ine soñam kesel degip birden biri ýaraman òldi. Soñ gùn gùnden kòpelip bashlady òli sany. Irden 20 sany òli çykarsam ketekden, agsham yene şonça hatda ondanam kop. Şeýdip 10 gùne ýetmán òldi barysy. Olaryñ keseli towuklara induklara geçip gayta olaram òldi. Nache azap etdik olary ulaltmak uchin, bary biderek boldy.


Bahbit bolsun.
wordless
Автор 04 июл 2022, 15:24
Elif, wah azabyň ýerine düşse boljak welin)
Serdar
04 июл 2022, 20:11
wordless,
Geçmiş olsun cilimkesh
Aksary
05 июл 2022, 01:22
Elif
Baran oglanyn seni il hatary geyindirip bilmani ucin kicelse, biynjalyk bolsa shol dogrymyka? (bilesim gelip sorayan) Eger baran oglany yetirnip bilmeyan bolsa 50juje alsyn. Ulaltsyn her gun otuz yumurtga berer. On gunden shahere ugradyp satsyn 55 manatdan 550 man bolya dort pagta ya da bir ortaca gulyupek dushya shol on latogyn pulyna. Yene taze juje gunleri yigrimi towugyny satsynda juje alsyn, son son towuk ferma bolar gider. (akyl satyp helak shu ysnady ya isnady)

Kepek pul nirden almaly.ol öńüräk klesi 17 ýarymdandy.onnoñ ol juyjejiklere icgecme degmez ýaly hälki kepegiñ ićine giden tabletka goşmaly.aý garaz aýdanyñdan öte kän çylşyrym....