Ýylgyryp

Satyn almadym men beýle ykbaly,
Ne günlere saldy bu ömür ýoly,
Bu dünýede gaýgy gussam ýok ýaly,
Ýagşy sözler sözläp ýörün ýylgyryp.

Bedenim ruhumam galdylar göýdük,
Sebäp gadyr bilmez ynsany söýdük,
Ýürekdä bir güni geläýer öýdüp,
Öz taýymy gözläp ýörün ýylgyryp.

Içe atyp hasratlaryň baryny,
Çekdim ýeke aýralygyň zaryny,
Geçmişim bu günden alýar aryny,
Göwün syrym gizläp ýörün ýylgyryp.

Kime gyzyk göz ýaşlarmyň gurany,
Tanatýar bu durmuş agy garany,
Senden ýadygärlik galan ýaramy,
Seni küýsäp duzlap ýörün ýylgyryp.

Ömür geçip barýa gynanýan haýyp,
Indi ejizlemek bolupdyr aýyp,
Halym sorasalar oňatla diýip,
Ýalan ýaşryk sözläp ýörün ýylgyryp.

Paýym aldym haýyrdanam şerdenem,
Şonuň üçin çökdi galdy gerdenim
Şygyrlamda dermany ýok derdimiň,
Ýumagyny çözläp ýörün ýylgyryp.

Gerek däl söýgüde gerek däl bagtam,
Ýanyma gelmäge ýokdur oň wagtam,
Setirlerden gurup öz köşgi tagtym,
Başarşymça bezäp ýörün ýylgyryp.

Süleýman Tekäýew
1 лайков 96 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soltan
20 ноя 2023, 12:20
maňa degişli yaly boldy.
sag boluň yetireniňize
Soltan
20 ноя 2023, 12:22
barde mowzyga nadip plyus goymaly
Süleýman
Автор 20 ноя 2023, 14:01
Soltan.,
Köp adamlaryňkyda işlänok özi şahsy hat like goýmak goýaň ýaly hasap edäýerin sagboluň minnetdar
Jemsitpoett
23 ноя 2023, 20:27
Taýynlanyp ýene durmuş dersine,
Köp gark boldum gussalaryñ deñzine,
Käte ýollar giden wagty tersine,
Dogrulajak bolup ýörün ýylgyryp.

Jemşit Hajymämmedow

Goshgy ylham doretdi:)
Süleýman
Автор 24 ноя 2023, 15:59
Jemsitpoett,
soňky döwür sesiň çykanokla ýazyp durow şeýdip
Jemsitpoett
24 ноя 2023, 19:53
Hasratly ýürek,
Okuw ish bilen döredijilige wagt aýyrmak kyn duşyar