Unudyp ýörün

Barysy bir günde gutardy birden,
Dowam etdirmeli öňkije ýerden,
Ýatlamaň baryn öçürip serden,
Başardykça seni unudyp ýörün!

Şunça söýgi ýeke demde soňlandy,
Gulagymda şat gülkileň ýaňlandy,
Içimde müň hupbat soňsuz jeň boldy,
Ýalňyz gara bagrym gan edip ýörün!

Kino dälä söýgi gutarar ýaly,
Bir günde ýok edip ýitirer ýaly,
Yşk bir müdümi zat ertirler ýaly,
Seniňde gulagňy şaňladyp ýörün!

Düzetmäge maý bermediň arany,
Ondan soňam görkezmediň garaňy,
Herdem ýatlap ýene köne ýaramy,
Öz ellerim bilen bilen ganadyp ýörün!

Sen oňjak ekeniň durmuşda mensiz,
Ýalňyzlykda menem kösendim çensiz,
Ýer gök arasynda ýüreksiz sensiz ,
Menem ýaşamaga jan edip ýörün!

Süleýman Tekäýew
2 лайков 71 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ishan
06 сен 2023, 13:35
Gowy goshgy. Höwri köp bolsun
Belki
11 сен 2023, 18:04
Salam. Hatyñy aldym. Jogap bermek funksiyam işlemeýäni üçin şu ýerde aýtmaly boldum.
Goşgyñ hakda aýtsam umumy alanyñda boljak. Detallara seretseñ ýek-tük kemçilikleri bar.
"Çekýän derdim ne özgäge añlandy".
Sözlem düzlüşi ýalñyş öýdýän. Näme diýjek bolýanyña düşünmedim.
Harp ýalñyşlary bar.
Seniñ-de bolmaly. Müdümi bolmaly.
Jemlemäñ bilen oñ öñ ýanyndaky bendi juda haladym. Öz ýarañy özüñ ganatmakly ýerini hasam haladym.
Üstünlik!