Ykbal

Köpçülikde atym ýeke çapmadym,
Senemä egnime serpaý ýapmadyň,
Çynym aýtsam asla bagt tapmadym,
Maňa peşgeş berlen ömürden Ykbal.

Synaglaryň seçelediň üstüme,
Agyr günde kä söýendim dostuma,
Şatlyk ýerne gussa goşduň gussama,
Dişleriň ötgirle demirden Ykbal.

Söýgüm ýakdy gitdi gara göz hanym,
Aýralyga elewredi bu janym,
Alara janym bar içere ganym,
Arzuwlam saman deý sowurdyň Ykbal.

Hemmeler akylly diňe men nadan.
Umytdan düşermiş synalyp ýadan.
Göwnüň ýaly bolanokla her adam.
Yza galdymmyýa döwürden Ykbal.

Maňa bu edýäniň dälmidir aýyp,
Gezipdimle seni syrdaşym saýyp,
Men diýen wagtymda galdyryp maýyp,
Durmuşym-a çepbe çöwürdiň Ykbal.

Ilki söýen gyzym aýrylman serden,
Güýçlilere nesip edýärmiş derdem,
Munça derde derman tapaýyn nirden,
Yşgyň gazanynda gowurdyň Ykbal.

Az pursatlyk meň agzyma bal sürtüp,
Beren jezalaryň barýala artyp,
Hasratym kalbymy goýanok dürtüp,
Salgymyň yzynda ýüwürden Ykbal.

Kynçylyklaň sapak bolar ýoluma,
Şonuň üçin aldym galam goluma,
Ýene näme ýazdyň goýduň alnyma,
Bir başga adama öwürdiň Ykbal.

Süleýman Tekäýew
3 лайков 101 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
Автор 06 сен 2023, 12:04
Adminden haýyş Ýazgydyma çepbe çöwürdi Ykbal. diýen setirdäki "Ýazgydyma" diýlen sözi "Durmuşyma" diýip üýtgedip beräýiň diýjekdim
Ishan
06 сен 2023, 13:28
Gowy goshgy goni yurege tasir etyar. Ylhamyña bereket
Süleýman
Автор 06 сен 2023, 15:51
Sagboluň minnetdar