Bagtyñ betbagtlygy 2
*****
Mamajan guda bolanlaryndan soñ garyndaşlarynyñ, işdeş ýoldaşlarynyñ arasynda Aýnabady ýere-göge sygdyryp bilmedi.
-Allanäme gözel gyz. Tüweleme! Diñe olam däl, gyz, keşde-de çekýän eken. Elinden dür dökülip duran zat. Oglum jan saýlabilipdir.
Indi welin şol işdeşleriniñ "Toý haçan-da toý haçan?" soraglaryna ýasama ýylgyryş bilen jogap berýärdi. Eýsem, öwüp-öwüp arşa çykaryp, mukaddes törüne geçirjek bolup ýören gyzynyñ barypýatan bihaýa bolup çykandygyny boýun alaýmak ýeñil-ýelpaý işmidir? Şeýle-de bolsa, ýagdaýdan gaçyp-gutulyp boljak däldi. Bu gün bolmasa ertir hakykat ýüze çykjakdy. Ýene bir gün işdeşleriniñ adatylaşan sowalyny ýüregi bilen jogaplady Mamajan.
- Gyz gaçyp gitdi.
Işdeşleri ýerli-ýerden ýakasyny tutdular. Heniz iki ýyl bäri Mamajan bilen bile işläp ýören Meñli geñirgenenligini has-da ýüze çykardy.
- Ogluñ söýüşmänmidi ol gyz bilen?
- Söýüşeninde näme?! Häzirki gyzlar ätiýaçda goýýar - diýip, Mamajan janyndan syzdyrdy. Içinden welin "Özüñem şony bilmän duran dälsiñ-le" diýip galdy. Meñliniñem şeýle gyzlaryñ hilinden däldigine hiç kim kepil geçip bilmese gerek.
Mamajanyñ çagalar bagynda zähmet çekip ýörenine dokuz-on ýyl boluberendir. Okan ugry däldigine garamazdan, terbiýeçileriñ köpüsinden oñat bilýär işiniñ inçe syrlaryny. Şeýle bolansoñ, ony halypa terbiýeçi hökmünde sylaýarlar, söýýärler. Bagyñ uly işgärlerem " Bilmeýäniñizi Mamajandan soraýyñ" diýýärler beýleki terbiýeçilere. Ýeri gelende özlerem soramakdan çekinmeýärler. Mamajanam bileninden öwredýär. Soramasalar ýersiz-ýere akyl satjak bolanok. Işdeşleri bilen gül ýaly düşünişip ýör. Ýöne şu Meñliniñ welin bolşuna haýran galýar. Ýaşy ýigrimi bäşe ýetiberse-de durmuşa çykmak niýeti ýok ýaly. Gapysyny kakanlara eger-eger göwni ýeteýin diýenok. Mamajan dagy
- A gyz, ho-ol arakylardan näme üçin oñduñ- diýseler, özüçe kemçiliklerini sanap başlaýar ýitigini gözläp gelen hojalygyñ.
- Beýdip oturma, bolmasa biz salgy bereli - diýselerem,
- Ýog-eý, salgy berseñiz soñ özüñiz ýaman a:tly borsuñyz. Men-ä gaýyna hyzmat etjek gyz däl- diýip, terslerinden tutdurýar.
Gaýyn öýüne gitjek dälmiş. Öýüniñ ýekeje gyzymyş. Adamsyny getirjekmiş atasy öýüne. Gör, bu saçykesileniñ köp biläýşini. Ýigrimi ýyllap hojalygynyñ ody bilen girip küli bilen çykyp, gaýnynyñ bir diýenini iki gaýtalatman ýören Mamajan üçin oña düşünäýmek ýeñil-ýelpaý iş däl. Aý, howwa-da häzirki ýaşlaryñ haýsysynyñ ýüzüni ýuwjak? Haýsysyny görmeseñ şol gowy.
Mamajan adamsy Çary bilen halaşyp durmuş gurdy diýseler ýalançy. Çarynyñ ejesi elinde ýekeje surat bilen gudaçylyga geldi. Mamajanyñ hossarlaram öz gezeginde ýigdi soradylar, idediler. Ýaman diýen bolmady. Çary bilen bolsa bir gezek görüşendir toýdan öñ. Bar bolany. Gül ýaly ýaşaşyp ýörler. Uly hojalygyñ körpe gelni boldy. Eltileriniñ hersem ýerli-ýerden garry ojakdan göç etmek bilen bolsalaram, häli-şindi salama geldiler durdular. Ellerem boş gelen gezekleri ýokdur. Olaryñ goldawyna mätäç däl. Tüweleme, Çary edaralaryñ birinde orunbasar bolup otyr. Ýöne maşgalanyñ esasy diregi has ýokary kürsini sorap oturan gaýynagasy. Jigilerini okuw ýerinde okuwly edýär, iş ýerinde işli. "Gerek zadyñyz bolsa çekinmäñ, aýdyberiñ" diýýär.
Mamajan durmuşyndan närazy däl. Çara iki sany ogul perzent berdi. Mundan beter näme bolsun?! Gijesi, gündizi Çarynyñ hyzmatynda. Gaty-gaýrym söz aýdyp, gaş çytan ýeri ýok. Bardy-geldi Çary bir zat diýip yrsarajak bolsa-da sesini çykarmaýar, dilini dişläp oñaýýar. Mamajanyñ pikriçe erkek adamyñ diýenine garşy gitjek bolup durmaly däl. Erkek adam wagtynda öýe gelmese, ýa-da çykyp gitse hasap soramaly däl. Beýtseñ üstünde kökenek bolup ýören maşgalañ kül-peýekun bolar. Zenan maşgala sabyr-takatly, geçirimli bolmaly.
Çarynyñ özüne ikilik eden ýeri bardyr öýdenok. Bar bolaýanda-da ony geçirmäge taýyn. Bu barada irde-giçde gulagyna degäýse, "Erkek eşekdir-dä" diýip, elini biperwaý galgadyp goýberer. Dagy nämetsin? Ýarym-ýaş bolup aglap, ykbalyndan nalasynmy? Maşgala bozsunmy? Maşgala bozanlaryñ oñly güne düşen ýeri ýok.
Dowamy bar.

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.