"Adam ýeke gezek söýýä ömründe"...
"adam ýeke gezek söýýä ömründe"
Bu söz dogrumyka ýada ýalňyşmy.
Oglanlykda söýen gyzym ýitirdim,
Söýdüm-söýenligim asla ýalňyş däl,
Bizi aýra salan kada ýalňyşdy.
Ondan soňam köp gözele sataşdym,
Bolmady kalbymda ataş döreden.
Olaň hiç birisin söýmedim "şonça",
Şoldy meniň duýgularmy kör eden.
Soň-soňlaram gitmedi hiç gözümden,
Gözlerime bakyp näzli ýylgyrşy.
Ökünçlerim gagşatdy-da kalbymy,
Kem-kem haýallady ýüregmiň urşy.
Indi bolsa ýigitlige ýetişdim,
Bir eýjejik gyzyň yşgyna düşdim.
Näzlerini peşgeş saýyp ömrüme,
Sözlerini uky bilen çalyşdym.
Söýdüm söýenligme asla şübhäm ýok,
Sebäp gyş kalbyma berdi ýaz yşgy.
Adam ýeke gezek söýmeli bolsa,
Ikilenji söýmek näme ýalňyşmy?!
Bu söz dogrumyka ýada ýalňyşmy.
Oglanlykda söýen gyzym ýitirdim,
Söýdüm-söýenligim asla ýalňyş däl,
Bizi aýra salan kada ýalňyşdy.
Ondan soňam köp gözele sataşdym,
Bolmady kalbymda ataş döreden.
Olaň hiç birisin söýmedim "şonça",
Şoldy meniň duýgularmy kör eden.
Soň-soňlaram gitmedi hiç gözümden,
Gözlerime bakyp näzli ýylgyrşy.
Ökünçlerim gagşatdy-da kalbymy,
Kem-kem haýallady ýüregmiň urşy.
Indi bolsa ýigitlige ýetişdim,
Bir eýjejik gyzyň yşgyna düşdim.
Näzlerini peşgeş saýyp ömrüme,
Sözlerini uky bilen çalyşdym.
Söýdüm söýenligme asla şübhäm ýok,
Sebäp gyş kalbyma berdi ýaz yşgy.
Adam ýeke gezek söýmeli bolsa,
Ikilenji söýmek näme ýalňyşmy?!
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.