DEŇZIŇ KENARYNDA

DEŇZIŇ KENARYNDA

Süýrenip gelýärler agyr tolkunlar,
Olar göräýmäge agras hem merdem.
Deňiz aýagymdan öpýär dynuwsyz,
Göýä şeýdip ötünç soraýar menden.

Ynjalyk ýok çaňap ýatan deňizde,
Gelýär onuň asman taýa galasy.
Gözýetmiň tamamlanýan ýerinde,
Görünýär daşlaşýan gämiň garasy.

Ses goşup güwwüldä, apy-tupana,
Aýylganç ses aýdym aýdýar uzakda,
Bir-ä bu kenary taşlap gitmegiň,
Birem munda galmaň hesreti hakda...

ORAZGYLYÇ ÇARYÝEW
2 лайков 62 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.