BEGZADA (Maýa Ataýewanyň haýyşdy boýunça ýazylan goşgy)

Enäniñ guwanjy , atañ buýsanjy
Baldan süýji balajygym Begzada
Sensiň maşgalanyň arkadaýanjy
Gülden görkli çagajygym Begzada

Kikirdäp gülüşiň dertlere derman
Bolaýyn garaja gözlerňe gurban
Sen bolsaň ýanymda ýok mende arman
Baldan süýji balajygym Begzada

Adyňa döneýin Muhammetnazar
Seni söýüp , aýap , gorar Begnazar
Ogulbahar diňe sen diýip gezer
Baldan süýji balajygym Begzada

Arzuwlarym kändir ýagşydan-ýagşy
Ýaşyň uzyn bolsun , ýollaryň ýagty
Alladan dileýän saňa ak bagty
Baldan süýji balajygym Begzada

Gerçeknazar Amannazarow
2 лайков 86 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
03 фев 2023, 23:04
Siz bilen tanyşyp bolmazmy halypa.Öň ýokdyňyz welin.Goşgylaňyzyň fanaty men.
Gerceknazar
Автор 03 фев 2023, 23:07
PROLIGA,

Elbetde adym Gerçeknazar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Isberden obasyndan. 26 ýaşymda . Siz bilen tanyşyp bolarmy ?